Biriniň kellesinde we döşünde ýaralar bardy, çep gözüni ýitirip, iki gulagy eşitmeýärdi. Başga biriniň bir gözi kördi we beýleki gözi bilen diňe garaňky, bulanyk şekilleri görüp bilýärdi. Üçünjisiniň süňkleri döwüldi, köp sanly şrapnel ýaralary bardy, radial nerwi üzülip, sag eli ysman "ýöne bir sallanyp durdy" we hiç zada ýaramaýardy.
Ukraina garşy uruşda agyr ýaralanan bu üç rus erkek adamy garyndaşlarynyň, dostlarynyň we aktiwistleriň aýtmagyna görä, saglyk ýagdaýlaryna garamazdan, gaýtadan fronta iberilipdir.
Orsýet Ukraina doly möçberli çozuşynyň bäşinji ýylynda köp sanly öldürilen we ýaralanan esgerleriň ornuny doldurmakçy bolýarka, harbylaryň agyr ýaralara we käbir ýagdaýlarda söweşe gatnaşmaga mundan beýläk ýaramly däldigini tassyklaýan saglyk hasabatlaryna garamazdan, urşa gaýdyp gelýändiklerine barha köp subutnama bar.
Aktiwistleriň aýtmagyna görä, ýaralanan esgerler öýlerinden we hassahanalardan urşa alnyp gidilipdir ýa-da ýaralanyp, söweş zolagyndan çykmaga mümkinçilik berilmezden gaýtadan söweşe iberilipdir.
38 ýaşly Pawel Podgruşny 2023-nji ýylda harby gulluga goşuldy. Howpsuzlyk sebäpli doly adyny agzamakdan saklanan garyndaşy Dmitriýiň aýtmagyna görä, ol ölüm howply awtoulag heläkçiligi sebäpli sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir we köp wagt geçmänkä türmeden boşadylypdyr.
Dekabr aýynda Podgruşny fronta iberildi we 2024-nji ýylyň aprelinde hassahana ýerleşdirildi.
"Ol kellesinden we döşünden şikes aldy. Çep gözüni ýitirdi. Eşitmek ukybyny ýitirdi - gulak perdesi ýaryldy" diýip, Dmitriý Podgruşnynyň sagalmak üçin öýüne iberilendigini we gulluk üçin wagtlaýynça ýaramsyz diýlip, yglan edilendigini, ýöne bu ýagdaýy tassyklaýan resminamalary hiç haçan alyp bilmändigini sözüne goşdy.
"Näme üçin şeýle howatyrlanýarsyňyz? Olar soňra geler" diýip, Dmitriý garyndaşynyň bejergi alan ýeri Wolgograddaky hassahananyň baş lukmanynyň aýdanlaryny sitirläp: "Olar ony gözi bolmasa goşuna gaýtaryp alyp bilmezler" diýip sözüne goşdy.
Emma onuň maşgalasy hut şeýle bolandygyny aýdýar.
'Ynançdan daşary'
Geçen ýylyň sentýabrynda Podgruşny harby gulluga alyş merkezine çagyryldy. Soňra ol dezertir diýlip yglan edildi we resmi taýdan boşadylmak üçin alty aýlap göreşdi. Bir gün ol duýdansyz tussag edildi we onuň telefony elinden alyndy, şondan bäri maşgalasy ondan habar alyp bilmedi.
"Ol söweş zolagynda bir aý hem ýaşap bilmez" diýip, Dmitriý aýtdy. "Bu ynançdan daşary".
Hukuk goraýjy Igoryň aýtmagyna görä, Podgruşnynyň işi üýtgeşik däl. Ol çagalar öýünde terbiýelenen we 2024-nji ýylyň iýun aýynda şertnama baglaşandan üç aý soň agyr ýaralanan Mihaýly mysal getirdi. Onuň galan ýeke gözi örän gowşak görýär.
Ol hatda esasy bejergisini hem alyp ýetişmänkä lukmançylyk komissiýasy "ony bäş minutda gulluk üçin ýaraýar diýip, yglan etdi we tussag edip, ertesi güni ony - kör halda - fronta iberdi" diýip, howpsuzlyk sebäpli familiýasynyň çap edilmegini islemedik Igor aýtdy.
Igoryň sözlerine görä, harby ofiserleriň lukmançylyk sebäpli gullukdan boşadylan esgerleriň öýlerine gelip, olary gaýtadan gulluga alyp gidýän ýagdaýlary barha ýygylaşýar.
"Olary täze şertnama gol çekmäge mejbur edýärler. Adatça, olar birnäçe günläp garawulhanada saklanýarlar. Olar diňe kazarmada, kamerada, iýmitsiz we suwsuz galdyrylýarlar. Şeýle hem, olar soňky harby lukmançylyk komissiýasynyň [netijesiniň] 'galp' bolandygyny görkezýän kagyza gol çekmäge mejbur edilýärler" - diýip ol aýtdy. "Şondan soň, olar üçin täze komissiýa guraýarlar. Soňra gullukdan boşadylan esgeri gulluga ýaramly diýip yglan edýärler. Çykalga ýok".
"Ýaralananlar we olaryň maşgala agzalary öz harbylarynyň olary öýlerinden kör we baldakly süýräp çykaranda haýran galýarlar. Emma ýagdaý has-da erbetleşýär" - diýip, Igor aýdýar. Onuň sözlerine görä, gullukdan boşadylan esgerleri soň resmi hasaba durmadyk adreslerde gözlemejek bolup, komandirler olary käwagt hassahanadan göni alyp gitmek bilen wagtyny tygşytlaýarlar.
'Soňky gan damjasyna çenli'
26 ýaşly Andreý Perewalowyň başyna düşen ýagdaý hem şuňa meňzeş. Bu barada onuň dosty Sergeý gürrüň berdi.
"Onuň bedeniniň ähli ýerinde döwükler, köp sanly şrapnel ýaralary bar", beýleki ýaralar bilen birlikde, sag goly ysman sallanyp dur" diýip, dosty Andreýiň iki gezek agyr ýaralanyp, häzir "hatda herekete-de ukyply däldigini" aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Sergeý harbylaryň ony "gönüden-göni öň tarapa, Donetsk oblastynyň Pokrowsk şäheriniň golaýyndaky söweş zolagyna" alyp gidendigini aýtdy. Bu şäher Orsýetiň köp aýlap dowam eden ölüm howply söweşlerden soň şu ýylyň başynda basyp alan zolagy. "Ol maňa sesli habarlary ýazga alýar - arkada partlamalaryň sesini eşidip bolýar" diýip, dosty aýdýar.
"Ol bu ýagdaýda söweşiji däl we olar 'öňe git' diýip, buýruk berýärler" diýip, Andreýiň dosty: "Näme bolýar? Olar Ukrainanyň ähli ýerlerine jesetleri zyňyp çykjak bolýarmy? Bizi soňky damja ganymyza çenli gysjak bolýarmy?" diýýär.
Igoryň aýtmagyna görä, käbir ýaralanan esgerler hatda hassahana hem baryp bilmeýärler, olara ukrain güýçlerine garşy täze hüjüme goşulmak tabşyrylýar.
Ýaralanan esgerler öz bölümleri bilen "okopdan ýa-da weýran bolan jaýdan" habarlaşýarlar. Olar öz atlaryny, ýaşyny, nirede we nähili ýaralanandyklaryny aýdýarlar. Serkerdeler olaryň ýaralary açyk bolsa-da, hassahana ýerleşdirmekden ýüz öwürýärler" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Ol Ukrainanyň Donetsk sebitinde ýakynda bolan wakany gürrüň berdi, bu ýerde Orsýet sebiti doly basyp almaga synanyşýarka iň ölümli söweşleriň käbiri boldy.
"23 ýaşly 'Şahyr' diýlip atlandyrylýan ýigit Artýom Şirokow. Ol başga bir hüjümden soň, agyr ýaralandy - aýagyna, goluna we arkasyna ok degdi. "Sen agsaklaýaň, gan akýan hem bolsa hereket edip bilersiňmi? Sen hüjüme gidýärsiň!" diýip aktiwist aýtdy. "Şeýle 'söweşiji' indiki söweş missiýasyndan gaýdyp gelermi? Mümkin däl".
Iş güýji we mobilizasiýa
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň hökümeti uly ýitgileriň arasynda esgerleriň sanyny saklamak üçin köp sanly çäreleri gördü: maý aýynyň ahyrynda Britaniýanyň aňtaw gullugynyň çaklamasyna görä, doly möçberli çozuş başlanaly bäri takmynan 500 000 adam öldürilipdir.
Harby gullukçylar türme tussaglaryny, arakhorlary we öýsüzleri agressiw görnüşde goşuna çekdiler we esgerlere hem-de öldürilen söweşijileriň maşgalalaryna ýokary aýlyklary we bonuslary wada berdiler.
Geçen aýda Putin täze esgerleri 10 million rubla (137,000 amerikan dollaryna) çenli bergilerden boşatmak baradaky permana gol çekdi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda yglan eden giň möçberli mobilizasiýadan soň, ol köpçülikleýin mobilizasiýadan gaça durupdy, şonda ýüz müňlerçe rus raýaty ýurtdan gaçmaga mejbur bolupdy.
ABŞ-nyň araçylygynda geçirilen parahatçylyk gepleşikleri togtadylyp, urşuň soňunyň alamatlary görünmeýän mahaly, Orsýet Donetskde we beýleki front sebitlerinde örän haýal öňe barýar we käbir döwürlerde gazananlaryndan has köp ýitgi cekýär.
Putin doly möçberli çozuş yglan edende, Bato-Munko Tsybenow öz dogduk mekany Buryatiýa sebitinde gulluk edýärdi. Ol 2024-nji ýylyň martynda kömekçi topçy we granatomýotçy operatory bolup, mina partlamasynda ýaralandy.
Onuň öňki goňşusy Daşima Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: "Ilkinji gezek ol bir aýlap sagaldy we 2024-nji ýylyň aprelinde ony Ukraina alyp gitdiler" diýip gürrüň berdi. "Alty aýdan soň, ol täzeden ýaralanyp [Buryatiýa] ýene-de gaýdyp geldi" diýdi.
"Onuň sag aýagynyň ähli barmaklarynyň kesilendigini aýdýarlar. Ol obada taýak bilen zor bilen ýöräp bilýärdi" diýip, familiýasyny gizlin saklamak islän Daşima aýtdy. Emma "aprelde ony ýene alyp gitdiler. Ol şol aýda, sözüň doly manysynda birnäçe günden soň aradan çykdy".