Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dartgynlyklaryň güýçlenmegi bilen NATO, Orsýet harby türgenleşik geçirýär


Görnüş gözegçilikleri uçarlaryň sagatda 900 kilometr tizlikde uçmagynda amala aşyryldy. 

Britan, fransuz, italýan we german uçarlary Günbatar Ýewropanyň ýokarsynda, NATO manýowrlarynyň çäginde rus uçarlarynyň ýaranlygyň howa giňişligine girmeginiň öňüni alyş tälimlerini geçirdiler.

12-nji sentýabrdaky NATO türgenleşikleri Orsýetiň öz iň kämilleşdirilen howa-goranyş ulgamyny mazamlap, öz taryhyndaky iň uly harby manýowrlary gurnap, mysaly hüjüme garşy durmak praktikasyny geçiren wagtyna gabat geldi.

Bu tijenme Orsýet bilen Günbataryň arasynda Moskwanyň Ukrainadaky we Siriýadaky hereketleri we Birleşen Ştatlardaky we ýewropa ýurtlaryndaky saýlawlara gatyşmasy diýilýän bilen bagly dartgynlyklaryň erjellik bilen ýokarlanýan wagtynda bolýar.

Ýaranlygyň söweş uçarlarynyň NATO türgenleşiklerine gatnaşan pilotlary Belgiýanyň harby transport uçarynyň Ispaniýa barýan ýolda saklanylyşyny sahnalaşdyrdylar. Görnüş gözegçilikleri uçarlaryň sagatda 900 kilometr tizlikde uçmagynda amala aşyryldy.

NATO-nyň öz howa giňişligini goramak üçin yzygiderli hüşgärlikde saklanylýan 60 çemesi söweş uçary bar. 2016-njy ýylda Baltika regionynda rus uçarlarynyň 870-siniň howa çäklerini bozandygy hasaba alyndy.

"NATO aktual, iş ýüzünde, teoretiki däl” diýip, Ispaniýanyň Harby-howa güýçleriniň general leýtenanty Ruben Garcia Servert belgiýa uçarynyň bortunda aýtdy.

Onuň gürläp duran wagty italýan ýewrosöweşijileri uçaryň ekipažynyň kabinasynyň alkymyndan öwrüm edip, uçaryň togtadylyşyny sahnalaşdyrdylar we biraz soň olara britan “tupanlary” we fransuz “salgymlary” hem goşuldy.

NATO-nyň ýewropa agazlary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýaranlaygyň agzalaryny ýeterlik maliýe goşantlaryny etmezlikde tankytlaýan wagtynda özleriniň goranyş meselelerine ygrarly çemeleşýändiklerini görkezmäge çalyşýarlar.

Günbatar ýaranlygy häzir “bitewi asman” konsepsýasy astynda her bir agza ýurduň harby-howa güýçlerine beýleki ýurduň howa giňişligini goramaga ygtyýar berýän ylalaşyk barada gepleşik geçirýärler.

Häzir her döwlet öz howa giňişligini goraýar, şol bir wagtda baltika döwletleriniň howa giňişligini goramaga beýleki döwletler hem kömek edýär, sebäbi olaryň özleriniň ýeterlik söweş uçary ýok.

NATO oktýabr we noýabr aýlarynda Norwegiýada “Trident Juncture” türgenleşikleri ady bilen özüniň 16 ýyl içinde iň uly harby manýowrlaryny geçirmegi planlaşdyrýar.

Bu türgenleşiklere 40 müňden gowrak harby gatnaşyp, olaryň içinde NATO agzasy bolmadyk Finlandiýanyň, Şwesiýanyň hem käbir goşunlary bolar.

Şu aralykda Orsýet hem öz merkezi we gündogar regionlarynda uly harby türgenleşikleri, hepde uzaklygyndaky uruş oýunlaryny geçirýär.

Goranmak ministrligi bu türgenleşiklere Sowuk uruş döwründe geçirilen sowet manýowrlaryna gatnaşan esgerlerden iki esse kän harbynyň, 300 müň çemesi adamyň gatnaşjakdygyny aýdýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 13-nji sentýabrda gündogar Sibirde geçirilýän türgenleşikleri gözden geçirip, olaryň hiç bir ýurdy nyşana almaýandygyny nygtady.

"Orsýet parahatçylykly döwlet” diýip, Putin Çita regionyndaky atyşhanada aýtdy. “Biziň hiç bir agressiw planymyz ýok we bolup hem bilmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

12-nji sentýabrdaky uruş oýunlarynda Orsýetiň iň täze S-400 ýer-asman goranyş ulgamy hem ulanyldy, NATO ony öz howa gämilerine wehim hasaplaýar.

Moskwa geçen ýyl S-400 howa goragy ulgamlaryny Türkiýä satmak baradaky şertnama gol çekdi we bu ýagdaý NATO-nyň, hususan-da Ankara beriljek F-35 uçaryny bermezlik haýbatyny atan Birleşen Ştatlaryň gaharyny getirdi.

Bu türgenleşiklerde “ady aýdylmadyk duşman” tarapyndan edilen “uly raketa hüjümi” sahnalaşdyryldy diýip, harby resmi Sergeý Tihonow aýtdy.

Hytaýly, mongoliýaly esgerleriň hem goşulan türgenleşikleri 17-nji sentýabra çenli dowam eder.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG