Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dartgynlylygyň ýokarlanmagy bilen, “Lufthansa” Tähran uçuşlarynyň arakesmesini uzaldýar


Eýranyň "Mehrabad" uçar menzili
Eýranyň "Mehrabad" uçar menzili

Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna edilen howa hüjümi sebäpli güman edýän ýurdundan, Ysraýyldan ar almak ähtimallygy baradaky galagoplugyň arasynda, Germaniýanyň “Lufthansasy” 11-nji aprelde Tährana we Ýakyn Gündogara guraýan uçar gatnawlaryny togtatdy.

“Lufthansa” we onuň gapdalyndaky “Awstriýa howa ýollary” kompaniýasy Tährana uçar gatnawyny guraýan ýeke-täk günbatar gatnawçysy bolup, esasan türk we Ýakyn Gündogar howa ýollarynyň hyzmatyndan peýdalanýar.

1-nji aprelden bäri, Eýranyň Siriýadaky ilçihana binasyna urlan zarbanyň Ysraýylyň söweş uçarlaryndan görülmegi netijesinde, sebit we ABŞ Eýranyň hüjüm etmek ähtimallygyna hüşgärlik bilen garaýar.

XS
SM
MD
LG