Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Tramp Mirziýoýewi “Parahatçylyk geňeşiniň” mejlisine, Maýamide geçiriljek G20 sammitine çagyrdy

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen. Arhiw suraty
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen. Arhiw suraty

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan “Parahatçylyk geňeşiniň” indiki duşuşygyna we 2026-njy ýylyň dekabrynda Maýamide geçiriljek G20 sammitine çakylyk aldy.

Mirziýoýewiň metbugat sekretary Şerzod Asadowyň beren habaryna görä, amerikan lideriniň iberen çakylyk hatynda "Özbegistanyň baştutanynyň “Parahatçylyk geňeşiniň” ilkinji mejlisine gatnaşmagyna ýokary baha berilýär we Özbegistana sapara gelmek baradaky çakylyk üçin minnetdarlyk bildirilýär".

Gazagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Aýbek Smadiýarow hem biraz öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Kasym-Žomart Tokaýewe hat iberendigini we onda Gazagystanyň prezidentini “Parahatçylyk geňeşiniň” indiki mejlisinde gaýtadan garşylamak mümkinçiligine sabyrsyz garaşýandygyny aýdandygyny mälim etdi.

“Akordanyň” habaryna görä, Tramp Tokaýewi şu ýylyň ahyrynda Maýamide geçiriljek G20 sammitine hem çagyrdy.

XS
SM
MD
LG