Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde Alişer Usmanowyň maliýe goldawy bilen gurlan Yslam siwilizasiýasy merkezi açyldy

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we özbegistanly rus oligarhy Alişer Usmanow Yslam siwilizasiýasy merkeziniň açylyş dabarasynda, 2026-njy ýylyň 17-nji marty.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we özbegistanly rus oligarhy Alişer Usmanow Yslam siwilizasiýasy merkeziniň açylyş dabarasynda, 2026-njy ýylyň 17-nji marty.

Daşkentde gurlan Yslam siwilizasiýasy merkeziniň resmi açylyş dabarasy Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Yslam siwilizasiýasy merkezini döretmek pikirini 2017-nji ýylda, BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Merkeziň gurluşygy 2019-njy ýylda, prezidentiň ony döretmek baradaky permana gol çekmegi bilen başlandy.

Merkez 10 gektar meýdany eýeleýän Hazrati Ymam toplumynyň çäginde guruldy. Üç gatly binanyň uzynlygy 161 metr, ini bolsa 118 metr. Merkeziň gümmeziniň beýikligi 65 metre ýetýär we umumy peýdalanylýan meýdany 42 müň inedördül metrden geçýär.

Prezidentiň metbugat gullugy binanyň Şawkat Mirziýoýeiyň binagärlik pikirleri we teklipleri esasynda taslanandygyny belledi.

Biraz öň berlen habara görä, özbegistanly rus oligarhy Alişer Usmanow Yslam siwilizasiýasy merkeziniň gurluşygynyň esasy haýyr-sahawatçysy bolup durýar. Ol bu taslama takmynan 100 million dollar goşant goşdy we 8 million dollarlyk kitap kolleksiýasyny sowgat berdi.

XS
SM
MD
LG