Daşoguz welaýatynda şu günler ýurt ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlyk görülýär. Demirgazyk welaýatyň häkimiýetleri prezidentiň gelmegine we onuň bu sebitde indi guruljak iri desgalaryň düýbüni tutmagyna garaşýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy resmi taýdan yglan edilmedik bu sapara sebitde görülýän taýýarlyklar barada 1-nji noýabrda habar berdi.
Daşoguzda şu günler howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi göze ilýär, howpsuzlyk gulluklary gije-gündiz ençeme ýerde dron bilen ýörite toparlaryň gatnaşmagynda gözegçiligi amala aşyrýarlar, munuň bilen bir wagtda sebitiň medeniýet işgärleri dabaraly çykyşlar üçin taýýarlyk görüp, aýdymlaryny we tanslary, sahna görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin maşk edýärler.
Bu taýýarlyklaryň guramaçylygyndan habarly çeşmeleriň biri: "Daşoguz welaýatynda prezidentiň garaşylýan saparyna uly taýýarlyklar soňky tapgyrda alnyp barylýar", diýip, habarçymyza aýtdy. Onuň sözlerine görä, prezident sebitde birnäçe desganyň, şol sanda Daşoguz-Aşgabat awtoýolunyň gurluşygynyň, mineral dökünler kärhanasynyň we Gurbansoltan eje etrabynda pagtadan ýag öndürýän zawodyň düýbüni tutar diýlip garaşylýar.
"Şol desgalaryň düýbüni tutmaga, badalga bermäge geler" diýip, çeşme anyk senesiniň belli däldigini aýtdy. "Aýdylmagyna görä, öňümizdäki ýekşenbe hasyl toýuna gabat geler' diýip, daşoguzly çeşme sözüne goşdy.
Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenýän Hasyl toýy şu ýyl 8-nji noýabra gabat gelýär. Emma döwlet baştutanynyň bu senä gabat Daşoguz welaýatyna sapary we bu sebitde täze desgalaryň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy resmi habarlarda mälim edilmedi. Bu barada döwlet mediasynda-da we Daşoguz welaýatynyň websaýtynda-da habar çap edilmändir. Sebit häkimiýetlerinden resmi görnüşde teswir almak hem başartmady.
'Söküp bolýan dekorasiýalar gurnaldy'
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, sebitde prezidentiň saparyna görülýän esasy taýýarlyklar, onuň barjakdygy çak edilýän ýerlerinde alnyp barylýar.
"Daşoguz-Aşgabat ýolunyň ugrunda 30-njy kilometrinde häzirki ady Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde uly çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. Dekorasiýa üçin gadymy binalary ýadyňa salýan gümmezli öýler, bezeg üçin agaçdyr, kompozit panellerden ýasalan obýektler dikildi" diýip, ýerli çeşmeleriň biri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýerde dikilen 1000 orunlyk göçme ýygnak zaly hem kompozit panellerden dikilipdir. "Söküp bolýan çadyr görnüşinde ýasalyp, myhman üçin doly taýýar edildi" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Häkimiýetleriň bu taýýarlyklaryndan ýerli ýaşaýjylar hem çetde galmandyr. Sebitiň býujet edaralarynyň işgärleri arassaçylyk işlerine köpçülikleýin çekilýär.
"Býujetçiler ir sagat 7:00-den agşam 21:00-e çenli sebiti paýtagt bilen birleşdirýän ýoluň 35-nji kilometriniň töweregindäki sazak, garak, ýylgyn we ýandak çapmak we köçeleri arassalamak üçin mejbury işledilýär" diýip, ýerli býujet işgäri gürrüň berdi.
Bu aralykda jemagat gulluklary it pişikleri ýok etmek işlerini güýçlendirdiler. "Köçelerde it-pişikler tutmak işlerini rehimsizlik bilen alyp barýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Şeýle-de, MHM prezidentiň Daşoguzdaky rezidensiýasynyň köçesini ýapdy diýip, habarçymyz "ýekeje adamy geçirmän dur, bir hepde bäri" diýip, 1-nji noýabrda aýtdy.
'Adamlar prezidente arzyny eşitdirmek isleýärler'
Daşoguzly ýaşaýjylar bolsa döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere edýän saparlarynda halkyň ýagdaýyna üns bermegini isleýärler, olaryň ýerli ilat bilen duşuşmagyna we adamlaryň kynçylyklary bilen gyzyklanmagyna zerurlyk bar diýip, belleýärler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe daşoguzly prezidente eşitdirmek isleýän arzlarynyň arasynda daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul ugratmakdaky kynçylyklary, bank we polisiýa edaralaryndaky parahorluk, polisiýanyň eden-etdiligi we köpsanly sosial problemalary agzadylar.
"Polisiýa gynamalar bilen jenaýatlary günäsiz adamlaryň boýnuna ýükleýär, medisina gymmat, obalarda elektrik we gaz aşa kän kesilýär, edaralarda ýolbaşçylar öz goly astynda işgärlerden yzygiderli pul talap edýärler. Şeýle meseleleri çözüp bermegini sorasymyz gelýär" diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýdýar.
Howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi döwlet ýolbaşçylarynyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Halk Maslahatynyň başlygynyň ýurduň içinde edýän saparlaryna degişli adaty ýagdaý.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan kanun goraýjylar howpsuzlyk gözegçiliginiň çäginde, şol sanda ilatyň nägilelik bildirip bilmeginiň öňüni almak çäreleriniň hem göz öňünde tutulýandygyny aýtdylar. "Prezidentiň şähere barman, howa menziline baryp, şol ýerden yzyna gitmegi hem mümkin" diýip, daşoguzly kanun goraýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlary resmi taýdan tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň maglumatlarynda we hökümet agzalarynyň çykyşlarynda döwlet baştutanynyň Daşoguza sapar etmek planlary agzalmady. Döwlet baştutanynyň welaýatlara edýän saparlary ençeme ýyl bäri öňünden yglan edilmän geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum