Habarçylarymyz ilat arasynda demirýol gatnawlary meselesiniň barha kän pikir alyşma, özara gürrüňçilige sebäp bolýandygyny, adamlaryň Türkmenistan ýaly giň territoriýaly ýurtda aglaba köpçülige, şol sanda ýurt ykdysadyýetine uly peýda getirjek pudagyň şeýle uzak gözden salynmagyna örän nägile bolýandyklaryny habar berýärler.
Özbegistanda yzygiderli ösdürilýän demirýol gatnawlarynyň fonunda, adamlar näme üçin türkmen-özbek araçägindäki demirýol geçelgeleri ulanylmaýar diýen soragy berýärler.
‘Gatnaw doňaklygynyň’ sebäbi näme?
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar, telekeçiler, syýahatçylyk hünärmenleri, demirýol işgärleri, bilermenler iki goňşynyň arasyndaky ‘gatnaw doňaklygynyň’ sebäbine düşünip bilmeýändiklerini aýtdylar.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda Merkezi Aziýa sebitinde iň köp, ýagny alty sany demirýol geçelgesi bar diýip, demirýol işgäri aýtdy.
"Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 6 sany demirýol geçelgesi bolup, onuň 4-si Lebapda: "Gazojak-Pitnäk", "Farap-Hojadöwlet", "Tallymerjen-Talimarjan", "Kelif-Boldyr" we 2-si Daşoguzda: "Tahýadaş-Tahýataş", "Daşoguz-Kaňly". Bulardan başga, 2000-nji ýyllara çenli "Gubadag-Mangit" demirýol liniýasy hem bardy” diýip, hünärmen aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda 6 sany demirýol geçelgesinden diňe biri - "Farap-Hojadöwlet" demirýol geçelgesi az sanly ýük gatnawlaryna hyzmat edýär.
"Özüňiz pikir edip görüň, eger iki goňşy we doganlyk döwletler ulag ulgamynda, metbugatda aýdylyşy ýaly, "ysnyşykly, ynanyşykly we dostlukly" gatnaşyklary saklaýan bolsalar, onda näme üçin Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýekeje-de ýolagçy otlusy ýok. 6 sany demirýol liniýasynyň hiç birinden aýda bir gezek bolsa-da, ýolagçy otlusy gatnanok?" diýip, daşoguzly ýaşuly Azatlyk bilen gürleşende aýtdy.
Wiza alyp, otla münmek haçan mümkin bolar?
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň biri, iki ýurduň arasynda saklanyp galýan berk wiza düzgüniniň fonunda, otly gatnawynyň näme üçin dikeldilmeýänine düşünip bilmeýändigini aýtdy.
"Bolýar, wiza düzgünini saklap galyň, ýöne iki ýurduň arasynda elinde wizasy bar raýatlara amatly we howpsuz otluda goňşy ýurda baryp gelmäge näme üçin şert döredip bolmaýar?" diýip, lebaply telekeçi öz nägileligini bildirdi.
Ýerli ykdysatçy, iki ýurduň arasynda otly gatnawy ýola goýlan şertinde, baha, nyrh meselesiniň hem türkmen häkimiýetleri üçin problema däldigini belledi.
"Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara uçýan uçarlaryň bahasyny dolulygyna dollaryň gara bazar nyrhyna görä goýýarlar. Daşoguz bilen Horezmiň arasynda açylan serhetýaka söwda merkezinde hem bahalar dollaryň gara bazar nyrhy bilen goýuldy. Bärde baha ýa walýuta meselesi ýok. Diňe syýasy erk gerek" diýip, ykdysatçy öz pikirini aýtdy.
Ýaşuly nesliň wekilleri öňler iki ýurduň arasynda otly gatnawynyň gowy bolandygyny ýatlaýarlar.
“Daşkent-Krasnowodsk, Daşkent-Aşgabat, Çärjew-Buhara ugurlary boýunça otlular bardy, indi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda däl, eýsem, Lebap bilen Daşoguz welaýatlarynyň arasynda hem ýolagçy otlularynyň gatnawy ýok" diýip, türkmenabatly söhbetdeşimiz, ozalky demirýol işgäri aýtdy.
Dildäki açyklyk iş ýüzündäki ýapyklykmy?
Ýerli synçylaryň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň ulag gatnaşyklary, üstaşyr ulag gatnawlary barada aýdýan sözleri olaryň hakykatda, iş ýüzünde ýöredýän ýapyklyk syýasatyna ters gelýär.
"Berk wiza düzgüniniň bardygyna garamazdan hem, iki ýurduň arasynda syýahatçylyk, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin, bolmanda hepdede bir gezek, Aşgabat-Daşkent, Daşoguz-Hywa ýa Türkmenabat-Buhara otlulary ýola goýulman gelinýär. Adamlar bu otly gatnawlarynyň açylmagyna ýene näçe garaşmalyka?" diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Azatlyk ýurtdaky demirýol gatnawlary meselesi, bu ugurdaky kynçylyklar, ýaşaýjylaryň we hünärmenleriň teklipleri barada yzygiderli habar berýär. Emma, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Demirýol ulaglary ministrliginden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum