Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deýtondan Riýada: Gelim-gidim diplomatiýasy Ukraina urşuny soňlap bilermi?

Deýton parahatçylyk ylalaşygynyň arhitektory Riçard Holbruk (çepde) ÝHHG-niň Bosniýa-Gersegowina missiýasynyň başlygy Karl Bildt bilen Saraýewoda söhbet edýär. Sentýabr, 1996 ý.
Deýton parahatçylyk ylalaşygynyň arhitektory Riçard Holbruk (çepde) ÝHHG-niň Bosniýa-Gersegowina missiýasynyň başlygy Karl Bildt bilen Saraýewoda söhbet edýär. Sentýabr, 1996 ý.

Rus we ukrain delegasiýalarynyň martyň ahyrynda Riýadda bolmagy bilen, Ukrainadaky çaknyşygy soňlamak boýunça diplomatik tagallalar täze tapgyra girdi.

Ýöne iki tarap ýüzbe-ýüz görüşmeýär. Muňa derek, Birleşen Ştatlardan bolan gepleşikçiler, ýaraşyga araçylyk etmek hem-de uzak möhletli parahatçylygy gazanmak tagallalarynyň çäklerinde, gidim-gelim diplomatiýasy diýilýän bilen meşgul bolup, Russiýa we Ukraina bilen aýrybaşga duşuşyklary geçirýär.

Diplomatlar şeýle strategiýanyň 30 ýyl ozal Bosniýa urşuny soňlandyran gepleşikler bilen birmeňzeş bolandygyny aýdýarlar.

Deýton parahatçylyk ylalaşygy Ohaýo ştatynyň Deýton şäherindäki “Wright-Patterson” harby howa güýçleri bazasynda 1995-nji ýylyň noýabr aýynda netijelendi. Bu gepleşikler hem Birleşen Ştatlaryň bosniýaly, serbiýaly hem-de horwatiýaly liderler bilen arada intensiw görnüşde alyp baran gelim-gidim diplomatiýasynyň netijesi boldy.

Gelim-gidim diplomatiýasy nähili işleýärdi

Saud paýtagtynda 23-25-nji martda dördünji ýylyna giren urşy soňlamak boýunça geçirilen ýygnaklar, belli bir derejede, Deýtonyň töwereginde bolup geçen wakalara meňzeýär diýip, Birleşen Ştatlaryň Serbiýadaky we Demirgazyk Makedoniýadaky öňki ilçisi Kristofer Hill aýdýar.

Hill Deýton ylalaşygynyň ‘arhitektory’ bolan ABŞ-nyň baş gepleşikçisi Riçard Holbrukyň (Richard Holbrooke) orunbasary hökmünde bu parahatçylyk prosesine ýakyndan gatnaşdy.

“Biz bir zada düşündik, ýagny haçan-da biz duşuşanymyzda olar diňe özleriniň ylalaşmaýan zatlary barada hem-de näme sebäpden özleriniň mamla, beýleki tarapyň bolsa mamla däldigi barada gürrüň bererdiler. Şonuň üçin, biz gelim-gidim diplomatiýasynyň has täsirli gural bolandygyny anykladyk” diýip, Hill düşündirýär.

Serb prezidenti Slobodan Miloşewiç (çepde), bosniýa prezidenti Aliýa Izetbegowiç (ortada) we horwat prezidenti Franýo Tudman (sagda) Ohaýo ştatynyň Deýton şäherinde 21 gün dowam eden gepleşiklerden soňra deslapky parahatçylyk ylalaşyga gol çekýär. 21-nji noýabr, 1995

ABŞ diplomatlary şonda parahatçylygy gazanmak tagallalarynyň çäklerinde Belgradda, Zagrebde hem-de Saraýewoda, şeýle-de Ženewada duşuşyklary geçirdiler. Munuň maksady her bir tarapyň näme isleýändigini anyklap, soňra bolsa, bu islegleri sadalaşdyrmaga çalyşmakdan ybaratdy diýip, Hill aýdýar.

“Soňra bolsa, ahyrsoňy, Deýton prosesi tamamlanyberende, biz olary bir otagda jem etmäge başladyk” diýip, ol ýatlaýar.

Bu metod, Hille görä, prezident Riçard Niksonyň hökümetinde ABŞ-nyň döwlet sekretary bolan Henry Kissinjer tarapyndan hem-de Ýakyn gündogar boýunça gepleşikçiler tarapyndan birnäçe gezek ulanyldy. “Ýöne, meniň pikirimçe, bu Bosniýa babatynda örän üstünlikli boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Kristofer Hill (arhiw suraty)
Kristofer Hill (arhiw suraty)

Deýton ylalaşygy, ahyrsoňy, 1995-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Parižde tamamlandy, şeýlelikde, 100 müň adamyň janyny alyp, iki million adamy ýaşaýan ýerinden göçmäge mejbur eden, hem-de ýaş ýurt bolan Bosniýany harabaçylykda galdyran çaknyşyk tamam boldy.

Deýton ylalaşygyna gol çekilen döwürlerde horwat prezidenti Franýo Tudmanyň (Franjo Tudjman) baş gepleşikçisiniň orunbasary bolan Mate Graniç, haçan-da, taraplaryň pozisiýalary bir-biregiňkiden örän daşda bolanda gelim-gidim diplomatiýasynyň işe ýaraýandygyny aýdýar.

“Ukraina adalatly parahatçylyk isleýär, Russiýa bolsa, basylyp alnan ýerler barada hatda gürrüň etmek hem islemeýändigini açyk-aýdyň mälim etdi. Şeýle-de, Moskwa NATO-nyň parahatçylyk güýçlerine rugsat bermegi ýa-da Ukraina mundan beýläk harby ýardamlaryň berilmegini ret edýär” diýip, Graniç aýdýar. “Şeýle bolanda, gelim-gidim diplomatiýasy başlangyç üçin, mantykly bolýar” diýip, ol belleýär.

Deýton prosesiniň gatnaşyjysy, serb lideri Slobodan Miloşewiçiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň agzasy Nebojsa Wuýowiç, Riçard Holbrukyň 1990-njy ýyllarda baş alyp çykyşy ýaly, häzirki ABŞ taktikalarynyň hem Russiýany we Ukrainany bir-birege golaýladyp biljekdigini aýdýar.

“[ABŞ prezidenti Donald] Tramp we [rus prezidenti Wladimir] Putin telefonda gepleşýär, şeýle-de Tramp we Zelenski hem şeýle, ABŞ wekilleri bolsa, Kiýewe hem-de Moskwa sapar edip, Trampa hasabat berýär, munuň özi gelim-gidim diplomatiýasynyň ýagdaýlary ýaraşyk ylalaşygynyň başlap biljek ýerine tarap çekýändigini aňladýar” diýip, Wuýowiç aýdýar.

Geçen hepde Saud Arabystanynda geçirilen gepleşiklerden soňra, Birleşen Ştatlar iki ýurduň hem energetika desgalaryna zarba urulmagyny bes etmek tagallalary boýunça, hem-de Gara deňizde güýç ulanylmagyny gadagan etmek boýunça Russiýa we Ukraina bilen aýrybaşga ylalaşyklary yglan etdi.

Deýtondan çykarylmaly sapaklar

Holbruk, bir gezek, Deýtony ‘kämil däl parahatçylyk’ atlandyrdy. Bu ylalaşyk iki sany ülke – Srpska respublikasy we Bosniýa we Gersegowina federasiýasyny – üç halk, bir etrap, 10 sany administratiw çäk, hem-de üç agzaly prezidentlik döretdi. 2006-njy we 2009-njy ýyllarda Deýton ylalaşygyna üýtgetme girizmek boýunça edilen synanyşyklara garamazdan, möhüm üýtgeşmeler durmuşa geçirilmedi.

Hill 30 ýyl ozalky Deýton prosesi, hem-de ondan geljekki gepleşiklerde, şol sanda Ukraina we Russiýa arasynda dowam edýän gepleşiklerde, çykarylmaly sapaklar barada gürrüň berip, dowamly gatnaşygyň möhüm bolandygyny nygtaýar.

“Meniň pikirimçe ol zerur bolar. ‘Ol problema çözüldi, geliň indikisine geçeli’ diýip bolmaýar” diýip, Hill aýdýar.

Geljekde Putin bilen Zelenskiniň arasynda duşuşyk bolup bilermi? Hill munuň ähtimallyk derejesiniň örän pes bolandygyny aýdýar.

“Meniň pikirimçe Putin bizi Ukraina bilen Russiýanyň arasynda geljekde ençeme nesil duşmançylygyň boljakdygyna ynandyrdy” diýip, Hill aýdýar. “Şonuň üçin, men olar nähili hem bolsa bir-birlerini dogan duýar ýaly, olary bir ýerde ýygnamaga synanyşmazdym, sebäbi bu beýle bolmaz” diýip, ol aýtdy.

Bosniýa bölünişikler we näsazlyklar bilen başagaý bolsa-da, ol ýerde 30 ýyl parahatçylyk höküm sürdi. Bu bolsa, Deýton ylalaşygyny häzirki zaman taryhyň iň üstünlikli amal edilen parahatçylyk ylalaşyklarynyň hataryna goşdy.

Horwatiýaly gepleşikçi Graniçe görä, Deýtonyň üstünligi onuň berk binýatly ylalaşyk bolmagydyr. “Ýöne, elbetde, mundan beýläk-de edilmeli işler, gepleşikler zerur bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Saraýewonyň gabawy

1992-nji ýyl, 5-nji aprel. Bosniýaly esger, serb ýaraglysy parahat demonstrasiýaçylary oka tutanyndan soň, oňa gaýtargy bermek üçin nyşana alýar. Ýarafly adamlar tarapyndan üçek üstünden atylan oklar mähellede iki aýaly öldüridi.
1/15 1992-nji ýyl, 5-nji aprel. Bosniýaly esger, serb ýaraglysy parahat demonstrasiýaçylary oka tutanyndan soň, oňa gaýtargy bermek üçin nyşana alýar. Ýarafly adamlar tarapyndan üçek üstünden atylan oklar mähellede iki aýaly öldüridi.
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
1992-nji ýyl, 8-nji iýun, şäheri gurşaýan baýyrlardan gabawdaky şähere top we minomýot atylýar, Saraýewonyň merkezinde bina ýanýar.
2/15 1992-nji ýyl, 8-nji iýun, şäheri gurşaýan baýyrlardan gabawdaky şähere top we minomýot atylýar, Saraýewonyň merkezinde bina ýanýar.
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Saraýewo topa tutulanda agyr ýaralanan aýala kömek edýän adam. 27-nji iýun, 1992. 
3/15 Saraýewo topa tutulanda agyr ýaralanan aýala kömek edýän adam. 27-nji iýun, 1992. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Saraýewo hassahanasyndaky ýaraly gyz. 3-nji awgust, 1992. BMG gabawyň iň gazaply günlerinde şähere her gün 3 müňden gowrak top okunyň atylandygyny aýtdy.
4/15 Saraýewo hassahanasyndaky ýaraly gyz. 3-nji awgust, 1992. BMG gabawyň iň gazaply günlerinde şähere her gün 3 müňden gowrak top okunyň atylandygyny aýtdy.
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Gabaw bir ýyla golaýlanda şäheriň daşyndaky baýyrdan odunlyk agaç çapýan maşgala.
5/15 Gabaw bir ýyla golaýlanda şäheriň daşyndaky baýyrdan odunlyk agaç çapýan maşgala.
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Bosnia serb esgerleri bosniýa goşunlarynyň dag ýolundan saraýewo tarap böwüsmezligi üçin gözegçilik edýärler.  1-nji aprel, 1994.
6/15 Bosnia serb esgerleri bosniýa goşunlarynyň dag ýolundan saraýewo tarap böwüsmezligi üçin gözegçilik edýärler.  1-nji aprel, 1994.
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Ýaraly üçin kömekçi çagyrýan adam. 
7/15 Ýaraly üçin kömekçi çagyrýan adam. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Saraýewonyň görülmedik derejede giňelen gonamçylyklarynyň birinde aýalynyň ýasyny tutýan adam. 1993. 
8/15 Saraýewonyň görülmedik derejede giňelen gonamçylyklarynyň birinde aýalynyň ýasyny tutýan adam. 1993. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Saraýewo aeroportynynyň ýanynda oturan bosnia esgerleri BMG-nyň geçip barýan maşynlaryna el galgadýarlar. 14-nji maý, 1993. 
9/15 Saraýewo aeroportynynyň ýanynda oturan bosnia esgerleri BMG-nyň geçip barýan maşynlaryna el galgadýarlar. 14-nji maý, 1993. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Minomýot oky göni gelip uran we ot alan jaý. 1994. 
10/15 Minomýot oky göni gelip uran we ot alan jaý. 1994. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Saraýewodaky iň gorkuly ýerden, mergen alleýasyndan ylgap barýan ýaş jübüt,1995. Töwerekdäki baýyrlarda ýerleşen mergenler, top we minomýot oklary bilen bir hatarda, 44 aýlyk gabawda her bir adamy nyşana öwürdiler. 
11/15 Saraýewodaky iň gorkuly ýerden, mergen alleýasyndan ylgap barýan ýaş jübüt,1995. Töwerekdäki baýyrlarda ýerleşen mergenler, top we minomýot oklary bilen bir hatarda, 44 aýlyk gabawda her bir adamy nyşana öwürdiler. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Fransuz kardinaly Roger Etchegaray (çepde) we bosnia kardinaly Winko Puljç  Saraýewoda, 15-nji awgust, 1995. Kardinal Etchegaray pop Jon Pol ikinjiden saraýewolylar bilen raýdaşlyk habaryny getirdi. 
12/15 Fransuz kardinaly Roger Etchegaray (çepde) we bosnia kardinaly Winko Puljç  Saraýewoda, 15-nji awgust, 1995. Kardinal Etchegaray pop Jon Pol ikinjiden saraýewolylar bilen raýdaşlyk habaryny getirdi. 
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Saraýewonyň merkezi bazarynda minomýot okundan ýaralanan asuda adamlar hassahana koridorynda bejerişe garaşýarlar. &nbsp;5-nji fewral, 1994. Çepdäki aýal doktorlar seredip ýetişmänkä öldi.<br />
<br />
&nbsp;
13/15 Saraýewonyň merkezi bazarynda minomýot okundan ýaralanan asuda adamlar hassahana koridorynda bejerişe garaşýarlar.  5-nji fewral, 1994. Çepdäki aýal doktorlar seredip ýetişmänkä öldi.

5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Merkezi Saraýewodaky mähelleli Markale bazaryny minomýot okuna tutanlaryndan soňky sahna, 28-nji awgust, 1995. Bu ýerde şonda 43 adam öldi, bu bazar ýerine bilkastdan urlan ikinji zarba bolup, &nbsp;Markale gyrgynçylygy diýip bilinýär.
14/15 Merkezi Saraýewodaky mähelleli Markale bazaryny minomýot okuna tutanlaryndan soňky sahna, 28-nji awgust, 1995. Bu ýerde şonda 43 adam öldi, bu bazar ýerine bilkastdan urlan ikinji zarba bolup,  Markale gyrgynçylygy diýip bilinýär.
5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Serb aýal bazarda zat satýar, onuň arkasynda Ilidziada, Saraýewonyň serbleriň elindäki eteginde ýanýan dükan görünýär. 9-njy mart, 1996.<br />
<br />
&nbsp;
15/15 Serb aýal bazarda zat satýar, onuň arkasynda Ilidziada, Saraýewonyň serbleriň elindäki eteginde ýanýan dükan görünýär. 9-njy mart, 1996.

5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar.
Previous slide
Next slide

Öňki serb diplomaty Wuýowiç munuň bilen ylalaşýar. “Ol 30 ýyl bäri dowam edýän parahatçylygy esaslandyrdy. Deýton ýykan-ýumranlygyň hem-de adam ýitgileriniň öňünde geçdi, şol bir wagtda durnukly saklanan iki ülke döretdi, bilelikde ýaşamagyň bir görnüşine ýol açdy” diýip, ol aýdýar.

1995-nji ýylda gazanylan ylalaşygyň kemçilikleri bolsa-da, Hill Birleşen Ştatlaryň hiç bir ýurda hiç bir zady ýokardan diremändigini aýdýar. “Biz araçy bolduk” diýip, ol aýdýar. “Biz iki tarapyň-da, aslynda, üç tarapyň-da ylalaşyp biljek zatlaryny gazanmaga çalyşýardyk. Muny etmek kyndy” diýip, Wuýowiç belleýär.

Soňy bilen, uruşlar tamamlanýar diýip, Hill belleýär, we haçan-da olaryň nähili netijelenýändigine üns berseň, köplenç bu ugurda diplomatiýa rol oýnaýar.

“Nä derejede uly rol oýnaýar, entek bu kesgitlenmedi. Meniň pikirimçe urşy soňlamakda mantyk bar. Bilýärsiňizmi, Ukraina elbetde ýykan-ýumran edildi, ýöne, meniň pikirimçe, köp tarapdan seredilende, Russiýa-da örän agyr zyýan çekdi, özi-de diňe bir dronlardan däl, eýsem, onuň dünýäde nähili kabul edilşi jähetden-de” diýip, ol aýdýar.

“Meniň pikirimçe hiç kim ruslara öňki göz bilen seretmez. Bu gutarmaly. Ýöne onuň nähili gutarjakdygyny aýtmak kyn”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG