Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dönüklikde aýyplanan ukrain kanun çykaryjysy 60 günlük tussag edildi

Oleksandr Dubinski
Oleksandr Dubinski

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (UHG) 14-nji noýabrda kanun çykaryjy Oleksandr Dubinskiniň dönüklikde güman edilýändigini we Kiýew kazyýetiniň oňa 60 gün tussaglykda saklanjakdygy barada resmi habar berendigini aýtdy.

UHG Dubinskiniň Russiýa bilen hyzmatdaşlykda we Ukraina garşy ýykgynçylykly hereketlere gatnaşmakda güman edilýändigini, emma onuň bu aýyplamalary ret edýändigini aýtdy.

"Peçersk etrap kazyýeti dönüklikde we jenaýatçylyk guramasyna gatnaşmakda güman edilýän halk deputatyny tussag etmek görnüşinde öňüni alyş çäresini gördi" diýip, UHG-niň beýannamasynda aýdylýar.

Kazyýet seljermesiniň karary ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen mejlisde kabul edildi.

Howpsuzlyk gullugy "deputat [Oleksandr Dubinskiniň] Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň işgärleriniň gözegçiligindäki jenaýat işlerine gatnaşandygynyň we Ukraina garşy ýykgynçylykly hereketleri edendiginiň üsti açyldy" diýdi.

Kazyýet "Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň şübheleriniň gowy esaslandyrylandygyny we subutnamalaryň ýeterlikdigini tassyk etdi" diýip, beýanatda Dubinskiniň girew goýmak esasynda boşadylmajakdygy hem habar berilýär.

Dubinski özüniň telegram kanalynda paýlaşan wideosynda 12-nji ýanwara çenli tussaglykda saklanmagynyň buýrulandygyny aýtdy.

“Muňa hökümeti tankytlannyň üçin Täze ýyly deslapky tussaghanada garşylamak diýilýär” diýip, ol aýtdy.

Dubinski 2021-nji ýylda, saýlawa gatyşmak diýilýän esasynda ABŞ sanksiýalarynyň sanawyna girizileninden soň, Ukrainanyň dolandyryjy "Halk hyzmatkäri" partiýasyndan çykaryldy. Ol bu aýyplamany ret edip, parlamentdäki işini garaşsyz kanun çykaryjy hökmünde dowam etdirdi.

UHG 10-njy noýabrda galplykda güman edilýän we daşary ýurda çykmak üçin häkimiýetlere ýalan maglumat berýän bir kanun çykaryjynyň hereketleri boýunça geçirilen derňewi tamamlandygyny habar berdi, ýöne onuň adyny aýtmady.

Ukrain metbugaty derňew astyndaky kanun çykaryjynyň Dubinskidigini habar berdi.

UHG 13-nji noýabrda işi derňelen kanun çykaryja garşy täze, ýene-de bir aýyplamanyň bildirilendigini yglan etdi.

UHG güman edilýäniň lakamynyň “Buratino” bolandygyny, onuň "Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň baş müdirligi tarapyndan döredilen jenaýat guramasynyň işine gatnaşandygyny, esasy wezipesiniň Ukrainadaky sosial we syýasy ýagdaýyň aşagyny köwmek we döwleti halkara arenasynda abraýdan düşürmekdigini" aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG