ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Serjio Gor 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň instagram sahypasynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň birinji orunbasary Tommi Pigot tarapyndan berlen maglumata salgylanyp habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşi berkitmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maglumatda döwlet sekretary Marko Rubionyň Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy bellenilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri bilen geçen hepdäniň aýagynda bolan telefon söhbetdeşlik barada maglumat bermeýär.
Forum