Duşenbäniň “dekommunizasiýasy”
Öňki we häzirki suratlar Täjigistanyň paýtagtynda uly depgin bilen alnyp barylýan ozaldan duran jaýlary ýykmak we täzelerini galdyrmak boýunça gurluşyk kampaniýasyny görkezýär. Bu üýtgeşmeler sebäpli käbir ýerli ýaşaýjylar öz şäherlerini tanap bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Öň
Häzir
5
Duşenbedäki Rohat çaýhanasy 2025-nji ýylyň martynda ýumruldy, häzirki wagtda onuň ýerinde köp gatly hökümet binasy dikeldi. Rohat Täjigistanyň paýtagtynyň iň söýgüli nyşanlarynyň biri bolup, dünýäniň iň gowy çaýhanalarynyň biri hökmünde atlandyrylypdy. 2025-nji ýylyň başynda ýumrulan ýeriň golaýynda ýerli bir ýaşaýjy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna: “Kä wagt Duşenbäniň ýaşaýjysy hökmünde öz şäherimi tanap bilemok” diýipdi.
Öň
Häzir
6
Duşenbedäki merkezi meýdança dürli döwürlerde Sowet döwletiniň düýbüni tutujy Wladimir Leniniň adyny göterdi, soň Azatlyk meýdany diýildi, häzirki wagtda bolsa Dostluk meýdany diýlip atlandyrylýar. Duşenbe şäher häkimiýetiniň bir wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna şäheri özgertmek boýunça gizlin “baş meýilnamanyň” bölekleýin köne binalaryň ýer titremesine durnuksyzlygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Ol: “Öňki sowet döwrüniň meýilnamalarynda-da şäheriň merkezindäki birnäçe binanyň ýumrulmagy göz öňünde tutulypdy. Häzir [şol meýilnamalar] durmuşa geçirilýär” diýdi.
Ol: “Öňki sowet döwrüniň meýilnamalarynda-da şäheriň merkezindäki birnäçe binanyň ýumrulmagy göz öňünde tutulypdy. Häzir [şol meýilnamalar] durmuşa geçirilýär” diýdi.
Öň
Häzir
7
Kohi Täjigistan teatry sowet döwrüniň mozaikasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda ýumruldy. Häzirki wagtda bu ýer gurluşyk meýdançasydyr.
Teswirçiler Duşenbedäki iri gurluşyk taslamalaryny Dubaý bilen deňeşdirýärler. Käbirleriniň pikirine görä, bu görnüş öň ýaşyl-gök öwüsýän, pes gatly sowet keşbi bolan şäher üçin birneme oňaýsyz gelýär.
2021-nji ýylda ýerli bir ýaşaýjy: “Bu gurluşyk joşguny maňa öz stilini gözläp, dürli eşikleri geýip görýän ýetginjegi ýatladýar” diýipdi.

8
1968-nji ýylda Duşenbäniň merkezindäki Lenin heýkeli. Onuň häzirki zaman ornuny tutan ýadygärlik 10-njy asyryň hökümdary Ismail Samanä bagyşlanyp, 1999-njy ýylda guruldy. [1968-nji ýylyň suraty Erhard K/Flickr-den alyndy].