Yslamyň Eid al-Adha baýramçylygy 26-njy oktýabra düşýär, oňa Gurban baýramy hem diýilýär. Bu baýramçylygyň dowamynda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan musulmanlar Ybraýym pygamberiň Hudaýa ybadat hökmünde öz ilkinji ogluny gurban etmek meýline simwoliki hormat hökmünde özleriniň iň halal mallaryny kesýärler. Käbir çaklamalara görä, bu baýramçylygyň dowamynda musulman dünýäsi boýunça 100 milliona golaý malyň kesilmegine garaşylýar. Däp bolup gelşi ýaly, gurbanlyk mallaryň etiniň aglaba bölegi garyp we mätäçlik çekýän adamlara paýlanar.
Eid al-Adha - musulmanlaryň Gurban baýramy
5
Saud Arabystanynyň Riýad şäheriniň golaýynda Gurbanlyk üçin satyn alnan düýe ulaga ýüklenilýär.
6
Pakistanly adamlar düýe satmak üçin Faýzalabadyň etegindäki Gurbanlyk bazaryna tarap barýarlar.
7
Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, Kuettada pakistanly mal söwdagäri öz sygryna müşderi gözleýär.
8
Siriýanyň Halap şäheriniň etegindäki mal bazarynda bir adam goýnuň ýanynda dur.