Yslamyň Eid al-Adha baýramçylygy 26-njy oktýabra düşýär, oňa Gurban baýramy hem diýilýär. Bu baýramçylygyň dowamynda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan musulmanlar Ybraýym pygamberiň Hudaýa ybadat hökmünde öz ilkinji ogluny gurban etmek meýline simwoliki hormat hökmünde özleriniň iň halal mallaryny kesýärler. Käbir çaklamalara görä, bu baýramçylygyň dowamynda musulman dünýäsi boýunça 100 milliona golaý malyň kesilmegine garaşylýar. Däp bolup gelşi ýaly, gurbanlyk mallaryň etiniň aglaba bölegi garyp we mätäçlik çekýän adamlara paýlanar.
Eid al-Adha - musulmanlaryň Gurban baýramy

1
Gazagystanyň Astana şäheriniň golaýynda Gurban baýramynda kesiljek goýunlar bir ýere üýşürildi.

2
Gazaklar gurbanlyk kesmäge taýýarlanýarlar.

3
Owganystanyň Hyrat şäheriniň eteginde gurbanlyk üçin niýetlenen mal bazary.

4
Owgan söwdagäri Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Gazny welaýatyndaky mal bazarynda müşderä garaşýar.