Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekstremizmde aýyplanýan gazak žurnalistiniň sud diňlenişigi başlady


Duman Mukhammedkarim (arhiw suraty)
Duman Mukhammedkarim (arhiw suraty)

Gazagystanda garaşsyz žurnalist Duman Mukhammedkarimiň üstünden geçýän sud diňlenişigi, 100 günden gowrak arakesmeden soň, 22-nji maýda öz işine başlady. Mukhammedkarim ekstremistiki topary maliýeleşdirmekde we onuň gadagan edilen hereketlerine gatnaşmakda aýyplanýar.

Onuň aklawçysy Galym Nurpeisowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, derňewçiler onuň müşderisiniň türme sakçylary tarapyndan gynalandygy baradaky arzasynyň “esassyzdygy” barada netije çykaranyndan soň, sud diňlenişigi başlanypdyr.

Mukhammedkarimiň 20-ä golaý goldawçysy Konaýew şäherindäki suduň binasynyň daşynda toplandy. Emma diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçýändigi sebäpli, olar suduň zalyna goýberilmedi.

Mukhammedkarimiň “Ne deidi?” (“Olar näme diýdi?”) atly YouTube kanaly Gazagystanda örän meşhurdyr. Ol 2023-nji ýylyň iýunynda gazak hökümetiniň ýiti tankytçysy, häzir daşary ýurtda ýaşaýan bankir Mukhtar Ablýazow bilen onlaýn interwýu geçireninden soňra, deslapky tussaghana ýerleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG