Welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän harby bölümleriň esgerleriniň gündelik harby tälim okuwlaryndan aýrylyp, oba hojalyk işlerine, mejbury zähmete çekilmegi adaty zada öwrülýär, bu praktika ýurduň Goranmak ministrliginden berilýän görkezmä esaslanýar diýip, çeşmeler habar berýär. Synçylar türkmen goşunynda dörän häzirki ýagdaýyň bu ugurda öň, garaşsyzlygyň başynda bolan ‘agyr ýyllary’ ýatladýandygyny öňe sürýärler.
Azatlyk, maglumat ýapyklygy sebäpli, Oba hojalygynda çuň ornaşandygy aýdylýan mejbury zähmetiň 'öz meselesi ýetik bolan' Goranmak ministrligini, harby serkerdeleri we esgerleri hem öz işlerinden daşlaşdyryşy barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Esgerler gowaça meýdanlaryny otamaga mejbur edilýär
Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine ýakyn çeşmäniň tassyklamagyna görä, ministrlikden berlen görkezme esasynda, serkerdeler esgerleri gowaça meýdanlaryny otamak, ekin meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak işlerine alyp gidýärler.
“Ir säher harby bölümlerdäki ýük ulaglaryna münen esgerler giçlige, agşama çenli ekin meýdanlarynda bolýar. Olar öýlänlik naharyny baglaryň kölegesinde iýip, ýanlary bilen getiren demir gaplaryndaky krant suwuny içip, mydar edýärler” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gyzgyn howa şertlerinde, jokrama yssyda edilýän otag işleri bedenleriň tiz gyrmagyna, teşneligiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar, esgerler ýygy-ýygydan suw içmeli ýa bokurdaklaryny öllemeli bolýar we dowamly derläp, eginlerindäki eşikleri öl-myžžyk bolýar.
“Esgerleriň billerindäki kemere baglanan demir gapdaky suw tiz gutarýar, soň olar olar gowaça meýdanlarynda ara ýaplardan akýan bulanyk suwdan içmeli bolýarlar. Bu ýagdaý esgerleriň näsaglamagyna, içgeçmeden ejir çekýän oglanlaryň köpelmegine getirýär.”
Türkmen goşunyndaky kynçylyklary gowy bilýän ene-atalar ogullaryny mümkin boldugyndan gerekli dermanlar bilen üpjün etmäge çalyşýar, ýanynda dizenteriýa garşy dermany bolan oglanlar kanalyň bulanyk suwuny içenlerinden soň, tejribä görä, hökman ýanlaryndaky dermanlaryndan atýarlar diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen harby aýtdy.
“Emma ýanynda dermany bolmadyk esgerleriň arasynda, içagyry keseli bilen keselläp, harby gospitala düşýänleri hem az däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Esgerleriň esasy kynçylygy 'pagta ýygymy döwründe başlanýar'
Onuň tassyklamagyna görä, ‘esasy kynçylyk awgust aýynyň ahyrynda başlanjak pagta ýygymy wagtynda bolýar’.
“Serkerdeleriň berk gözegçiligi astynda işledilýän esgerleriň her biri günde ýigrimi kilogram pagta ýygyp tabşyrmaly bolýar” diýip, çeşme öňki ýyllaryň tejribesine salgylanyp aýtdy.
Azatlygyň habarçylary türkmen goşunyndaky azyk, nahar ýagdaýy hakynda hem yzygiderli habar berýärler.
Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, esgerlere meýdan ýerlerinde, yssy howa şertlerinde berilýän naharyň ‘hili pes’ bolýar.
“Yssy howada berilýän çorba dessine turşaýar we esgerler köpçülikleýin nahar iýmekden saklanyp, harby bölüme aç dolanyp, aç ýatyp, aç turmaly bolýarlar” diýip, çeşme aýtdy.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen esger enesi oglunyň gowaça otagy, pagta ýygymy ýaly işlere çekilmegi bilen ylalaşmaýandygyny, esgerlige çagyrylan oglanlaryň watan goragy üçin zerur hünärleri öwrenmelidigini, başga zada wagt ýitirmän, gowy tälim ahmaldygyny aýtdy.
“Harby gulluga çagyrylan oglanlar gowaça meýdanyndaky işleriň watan goragyna nähili dahylynyň barlygyna düşünmeýärler” diýip, esger enesi aýtdy.
Türkmen goşunynyň esgerleri 1990-njy ýyllaryň başynda, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň buýrugy esasynda, özlerini eklemäge, oba hojalyk işleri bilen meşgullanmaga borçly edildi.
Goşundaky gowulaşma 'uzaga çekmedi'
2007-nji ýylda, ýurtda hökümet başlygy täzelenenden soň geçirilen harby özgertmeler netijesinde, synçylaryň bellemegine görä, türkmen goşunyndaky ýagdaý biraz gowulandy.
Ýöne bu gowulaşma uzaga çekmedi, Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyryşy, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa netijesinde çuňlaşan ykdysady çökgünligiň boýun alynmazlygy, Serdar Berdimuhamedowyň 'halkyň ýagdaýy bilen tas düýpden gyzyklanmazlygy' bilen, türkmen goşunyndaky ýagdaý hem, oba hojalygyndaky ýagdaý hem ýyl-ýyldan agyrlaşýar diýip, synçylar aýdýar.
Sosial mediada pikirini aýdýan türkmenistanlylar hökümetiň ykdysady çökgünligi, oba hojalygyndaky agyr ýagdaýy, işsizligi we, aýlyklaryň azlygy sebäpli zähmet migrasiýasyna gidýänleriň, beýni göçüniň ýurt ykdysadyýetine salýan wehimini boýun almalydygyny aýdýarlar.
Ýöne bu hili boýun alyş, hökümet tankytçylarynyň aýtmaklaryna görä, döwlet propagandasynyň boşdugyny, metbugatda ýalan sözlenip gelnendigini, ýolbaşçylaryň bilkastdan nädogry, galp hasabat berendigini boýun almak bolar.
Azatlygyň žurnalistleri, ýurtdaky maglumat ýapyklygy, garaşsyz žurnalistlere garşy ulanylýan repressiw çäreler sebäpli, mejbury zähmete çekilýän býujet işgärleriniň, harby gullukçylaryň anyk sanyny anyklamak üçin açyk derňew geçirip, degişli emeldarlardan we ejir çekenlerden gönümel düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum