Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran babatyndaky parahatçylyk planlarynyň töweregindäki nämälimligiň arasynda, howa zarbalary dowam edýär

25-nji martda Liwanyň günortasyndaky Zawtar El Çarkiýe obasynda ysraýyl artilleriýasy tarapyndan nyşana alnan ýerlerden duman ýokary galýar.
25-nji martda Liwanyň günortasyndaky Zawtar El Çarkiýe obasynda ysraýyl artilleriýasy tarapyndan nyşana alnan ýerlerden duman ýokary galýar.

Waşington bilen Tähranyň arasyndaky göni däl gepleşikler babatyndaky nämälimligiň artýan mahaly, Eýrana, Ysraýyla we töwerekdäki ýurtlara garşy howa zarbalary dowam edýär. Ysraýyl goşunynyň bir wekiliniň 25-nji martda aýdyşy ýaly, bu “adaty iş tertibi” bolup galýar.

Şol bir wagtyň özünde Pentagon, metbugatda peýda bolan ýetmezçilik baradaky habarlary tassyklamasa-da, ABŞ-nyň birnäçe goranmak kompaniýasy bilen ok-däri gorlaryny artdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşandygyny aýtdy. Bu serişdeleriň arasynda Ýakyn Gündogardaky uruşda giňden ulanylýan Terminal High Altitude Area Defense (THAAD) ulgamynyň raketalary üçin serişdeler hem bar.

Bu ýagdaý Ak tamyň prezident Donald Trampyň urşy bes etmek baradaky teklibini Eýran kabul etmese, onuň üstüne “dowzahy indirmäge” taýýardygyny aýdýan döwrüne gabat geldi. Tähran bolsa gepleşik geçirmek niýetiniň ýokdugyny bildirdi.

Tramp 25-nji martda giçlik respublikan kanun çykaryjylary bilen geçiren gepleşiklerinde, Eýranyň ret edýändigine garamazdan, Tähranyň parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşýandygyny öňe sürdi.

“Ýeri gelende aýtsam, olar gepleşik geçirýärler we ylalaşyk baglaşmagy diýseň isleýärler. Ýöne muny açyk aýtmakdan gorkýarlar, sebäbi öz halky tarapyndan öldüriljekdiklerini pikir edýärler” diýip, Tramp aýtdy.

Şeýle hem Trampyň Eýrana Ormuz bogazyny “doly açmak” barada beren ultimatumy hem güýjünde galýar. Eýranyň hereketleri nebit daşalýan möhüm suw ýolundaky geçelgäniň daralmagyna getirdi. Tramp 21-nji martda 48 sagat möhlet goýupdy, emma ertesi gün ony ýene bäş güne uzaltdy.

Soňky ABŞ parahatçylyk teklibiniň jikme-jiklikleri köpçülige mälim edilmedi. Bu teklip barada 24-nji martda birnäçe metbugat serişdesi ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp habar beripdi. Teklibiň Eýrana Pakistanyň üsti bilen ýetirilendigi aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, onuň şertleriniň 28-nji fewralda Ysraýyl bilen ABŞ-nyň howa zarbalaryndan öň hem öňe sürlen tekliplere köp babatda meňzeýändigi giňden çaklanylýar.

Ýadro ýaragyna ýol ýok

ABŞ-nyň iň esasy şerti Trampyň birnäçe gezek gaýtalan talaby bolup galýar. Ol Tähranyň munuň bilen ylalaşandygyny aýdýar.

“Olar ylalaşyk baglaşmak isleýärler” diýip, Tramp 24-nji martda žurnalistlere aýtdy. “Olar hiç wagt ýadro ýaragyna eýe bolmajakdyklary bilen ylalaşdylar.”

Eýranyň jogaby 25-nji martda döwlet telewideniýesi arkaly ýetirildi. Onda ABŞ-nyň şertleriniň çenden aşadygy, Tähranyň bolsa urşy diňe öz islegine görä we öz şertleri kabul edilse bes etjekdigi aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ýokary derejeli resmileriň ABŞ tekliplerini öwrenýändigini aýtdy. Bu, görnüşinden, häzirlikçe olaryň doly ret edilmeýändigine çalym edýär.

Aragçi Eýranyň ýeňlendigini inkär edip, ABŞ administrasiýasynyň uruşdaky maksatlaryna ýetip bilmändigini öňe sürdi.

Eýranyň şertleriniň arasynda ähli sebit ugurlary boýunça harby hereketleriň bes edilmegi we ähli “garşylyk toparlaryna” garşy hüjümleriň togtadylmagy hem bar. Bu Tähran tarapyndan goldanylýan liwanly “Hizbullah” toparyna-da degişlidigine yşarat etdi.

Tähran şeýle hem Ormuz bogazyndaky öz özygtyýarlyk hukuklarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini we kepillendirilmegini isleýär.

“Häzirki wagtda biziň syýasatymyz garşylygy dowam etdirmekdir” diýip, Aragçi aýtdy we: “Biz gepleşik geçirmek niýetinde däl” diýip, sözüne goşdy.

Ak tam resmi taýdan teklip edilýän parahatçylyk meýilnamasynyň anyk mazmuny baradaky media serişdelerinde çykan habarlar boýunça teswir bermedi.

Ak tamyň metbugat wekili Karoline Lewitt 15 maddalyk meýilnama baradaky maglumatlary görendigini aýtdy. “Ak tam şol meýilnamanyň doly görnüşini hiç haçan tassyklamady” diýip, ol belledi.

“Men bu otagdaky žurnalistlere, ady aýdylmadyk çeşmelere esaslanýan spekulýatiw maddalar ýa-da spekulýatiw planlar barada ýazanlarynda, hüşgär bolmagy maslahat berýärin” diýip, ol sözüne goşdy.

Şeýle-de bolsa, ol diplomatik gatnaşyklaryň dowam edýändigini aýtdy. “Prezidentiň 23-nji martda aýdyşy ýaly, bular netijeli we şeýle bolmagyny dowam etdirýär” diýip, Lewitt belledi.

Bu garşylykly çykyşlar ABŞ-nyň goşmaça güýçleriniň, şol sanda saýlama 82-nji howa-desant diwiziýasynyň hem, Ýakyn Gündogara ugrandygy barada peýda bolan habarlaryň döwrüne gabat geldi. Bu güýçler amerikan goşunlaryny berkitmäge we ABŞ-nyň syýasy hem harby ýolbaşçylaryna goşmaça mümkinçilik bermäge niýetlenendir.

Söweş meýdanynda bolsa gazaplylyk dowam etdi. Eýrandan we Ysraýyldan başga, Liwanda, Bahreýnde, Küweýtde, Iordaniýada we Saud Arabystanynda hem dürli nyşanalar zarba astyna düşdi.

Russiýa dronlar, derman we azyk iberýär – FT

Eýranyň harby we raýat pudaklarynda ýarag serişdeleriniň ýetmezçiligi baradaky habarlaryň fonunda, Financial Times Russiýanyň Eýrana dronlaryň, dermanlaryň we azyk önümleriniň tapgyrlaýyn iberilişini tamamlap barýandygyny ýazdy. Neşir Kremliň öz ýaranyny goldamak üçin edýän tagallalary barada Günbatar aňtaw maglumatlaryna salgylanýar.

Habara görä, taýýarlyk şu aýyň başynda başlanypdyr we olaryň ýakyn günlerde tamamlanmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň ýolbaşçysy admiral Bred Kuper Ýakyn Gündogardaky amerikan güýçleri üçin jogapkär bolan bu serkerdeligiň adyndan çykyş edip, ABŞ-nyň howa zarbalarynyň Eýranyň raketa we dron önümçilik desgalarynyň üçden iki bölegine, şeýle hem onuň harby-deňiz önümçiliginiň takmynan şonça paýyna zarba urandygyny aýtdy.

Ol X ulgamynda ýerleşdiren wideosynda Eýranyň harby-deňiz güýçleriniň iri gämileriniň 92 göteriminiň zaýalanandygyny ýa-da ýok edilendigini aýtdy.

Tähran zarba astynda

Ysraýyl öz güýçleriniň paýtagt Tähranyň merkezine zarba urandygyny, şeýle hem ýurduň merkezi Isfahan şäherindäki suwasty gämileri öndürýän desgany nyşana alandygyny aýtdy.

25-nji martda Liwanyň Nabatiýe şäherinde Ysraýylyň hüjüminde zeper ýeten ýeriň harabalyklarynyň ýanyndan bir adam motosikl dolandyryp barýar.
25-nji martda Liwanyň Nabatiýe şäherinde Ysraýylyň hüjüminde zeper ýeten ýeriň harabalyklarynyň ýanyndan bir adam motosikl dolandyryp barýar.

Ysraýylda premýer-ministr Binýamin Netanýahu ýurduň goşunlarynyň Liwanyň günortasynda “bufer zolagyny” giňeldýändigini aýtdy. Şol bir wagtda harbylar Eýran tarapyndan goldanylýan “Hizbullah” toparyna garşy operasiýasyny dowam etdirýär.

Bu aralykda, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş urşuň “gözegçilikden çykandygyny” aýtdy. Ol konflikti soňlamak ugrunda iş alyp barmak üçin fransuz diplomaty Žan Arno ýörite wekili belleýändigini hem mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Farda, Reuters, The Financial Times, we AFP maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Forum

XS
SM
MD
LG