WAŞINGTON – Eýran Hormuz bogazynyň näbelli möhlete çenli ýapylandygyny yglan edip, eýran güýçleri Kipriň baýdagy astynda ýüzýän konteýner gämisine zarba urandan soň, ABŞ 12-nji iýulyň irki sagatlarynda Eýrana garşy harby zarbalaryň täze tapgyryny amala aşyrdy. Bu dünýäniň strategik taýdan iň möhüm deňiz ýollarynyň birinde dartgynlylygy düýpli güýçlendirdi.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň (YRGK) Hormuz bogazyndan geçýän mahaly M/V GFS Galaxy atly gämä hüjüm etmeginden soň, şu hepdedäki üçünji zarbalar tapgyrynyň başlanandygyny aýtdy.
“Parahat ilatdan bolan ekipaž agzalarynyň biri dereksiz ýitdi. Gäminiň bortunda dörän ýangyn we hereketlendiriji bölüminiň düýpli zeper ýetmegi sebäpli ol saparyny dowam etdirip bilmeýär” diýip, CENTCOM beýanatynda aýtdy.
“Birleşen Ştatlar Eýranyň bogazdan erkin geçýän parahat gämiçileri we täjirçilik gämilerini nyşana almak ukybyny yzygiderli gowşatmak arkaly oňa agyr baha töledýär” diýip, beýanatda aýdylýar. Şeýle hem zarbalaryň prezident Donald Trampyň buýrugy bilen amala aşyrylýandygy bellenildi.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset sosial ulgamlarda Waşingtonyň garaýşyny şeýle beýan etdi: “Eýran ýalňyş saýlaw etdi. Indi onuň bahasyny töleýär”
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi žurnalistlere amerikan güýçleriniň Tähranyň harby mümkinçiliklerini gowşatmak maksady bilen Eýranyň howa gözegçilik radarlaryny, deňiz gözegçilik ulgamlaryny, raketa we dron ammarlaryny, raketa hem-de pilotsyz uçuş enjamlarynyň uçuryş meýdançalaryny, şeýle hem ýerden howa atyrylýan raketa ulgamlaryny nyşana alandygyny aýtdy.
Eýranyň döwlet mediasy zarbalardan soň ýurduň günortasynda birnäçe partlamanyň bolandygyny habar berdi. Döwlet telewideniýesi IRIB Bender-Abbasda üç, Sirikde iki partlamanyň eşidilendigini aýtdy. Şeýle hem Hormuz bogazyna seredýän Keşm adasynda goşmaça partlamalaryň bolandygy habar berildi.
Howa zarbalary başlanandan birnäçe sagat soň ABŞ güýçleri ýaýradan beýanatynda Eýranyň takmynan 140 harby nyşanasyna zarba urandygyny aýtdy. Şeýlelikde, şu hepde urlan nyşanalaryň umumy sany 300-e ýetdi. Waşington munuň maksadynyň “Eýranyň bogazdan erkin geçýän parahat gämiçileri we täjirçilik gämilerine hüjüm etmek ukybyny gowşatmakdygyny” aýtdy.
Eýran bogazy ýapdy, jogap çäreleri barada duýdurdy
ABŞ-nyň soňky operasiýasy Eýranyň Waşington bilen garşydaşlykda eden iň möhüm ädimleriniň birinden — Hormuz bogazyny näbelli möhlete çenli ýapmak kararyndan soň amala aşyryldy.
IRIB tarapyndan ýaýradylan beýanatda YRGK-niň deňiz güýçleri birnäçe gäminiň gaýtalanyp edilen duýduryşlara garamazdan, olaryň aýtmagyna görä, “rugsat berilmedik” ýa-da “tassyklanmadyk” ugur boýunça bogazdan geçmäge synanyşandygyny aýtdy.
“Ulgamlaryny öçürmek arkaly deňiz howpsuzlygyna howp salan gämi nyşana alyndy we saklandy” diýip, YRGK haýsy gämi barada gürrüň edilýändigini aýtmazdan beýan etdi.
YRGK bir gäminiň ilki “duýduryş oky” bilen urlandygyny, soňra bolsa saklanandygyny aýtdy.
“Hormuz bogazy indiki görkezme çykýança we ABŞ-nyň bu sebitdäki goşulyşmagy tamamlanýança ýapyk bolar. Hiç bir gämä geçmäge rugsat berilmez” diýlip, beýanatda aýdylýar.
YRGK Eýrana garşy islendik täze harby hereketiň “agyr jogaba” getirjekdigini we sebitdäki goşmaça harby bazalaryň hem nyşana alnyp bilinjekdigini duýdurdy.
Britaniýanyň Deňiz söwda amallary gullugy (UKMTO) hem Omanyň kenaryndan dokuz deňiz mili uzaklykda bolan waka barada maglumat alandygyny aýtdy.
“Harby häkimiýetler konteýner gämisiniň yzky bölegine zeper ýetendigini we munuň bortda ýangyna sebäp bolandygyny habar berdiler” diýip, UKMTO aýtdy.
Bu maglumat CENTCOM-yň Kipriň baýdagy astynda ýüzýän gäminiň agyr zeper çekendigi we saparyny dowam etdirip bilmejekdigi baradaky beýany bilen gabat gelýär.
Harby dartgynlyk diplomatik tagallalary gowşatdy
Harby dartgynlygyň güýçlenmegi Omanyň araçylygyndaky diplomatik tagallalaryň netijesiz galýan mahalyna gabat geldi.
Tähranyň maglumatyna görä, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Omanyň daşary işler ministri Saýýid Badr Albusaýdi bilen Hormuz bogazy arkaly howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmegiň mehanizmlerini maslahatlaşdy.
Mundan öň Oman bogaz arkaly deňiz gatnawyna degişli halkara hukugyna laýyk gelýän ylalaşyklary gazanmak maksady bilen Eýran bilen gepleşikleriň hem tehniki, hem syýasy derejede dowam etdiriljekdigini aýdypdy.
Bu gepleşiklere ABŞ-nyň hiç bir resmisi gatnaşmady.
Forum