Eýran tarapyndan goldanylýan “Huti” pitneçileri Saud Arabystanyna we Ýemeniň hökümet tarapyndan dolandyrylýan günorta bölegine täze hüjümleri başlan wagtynda, 7-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Riýaddaky King Halid halkara aeroportuny ballistik raketa bilen nyşana alandyklaryny aýtdylar.
“Biziň ýaragly güýçlerimiz bir salym öň Riýaddaky King Halid aeroportuny ballistik raketa bilen nyşana aldy. Hüjüm, Hudaýyň rehimi bilen, takyk boldy we aeroportdaky howa gatnawynyň bozulmagyna getirdi” diýip, “Hutileriň” harby metbugat wekili Ýahýa Sari X sosial ulgamynda paýlaşan beýanatynda aýtdy.
Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümetini goldaýan we Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa öz güýçleriniň “Huti” pitneçileri tarapyndan Riýadyň demirgazyk tarapyna atylan ballistik raketanyň öňüni alandygyny mälim etdi.
Bu hüjümler, Ýemeniň Tansport ministrliginiň “Hutileriň” bu pitneçi toparyň gözegçiliginden daşardaky sebitler üçin esasy halkara howa geçelgesi bolan Aden halkara aeroportuna hem dronlar we ballistik raketalar bilen hüjüm edendigini aýdan mahalyna gabat geldi.
Ministrlik Kairden gelýän uçaryň gonmaly wagtyndan birnäçe minut öň, bir raketanyň uçuş-gonuş zolagynyň golaýyna düşendigini we munuň bolsa, häkimiýetleriň bu uçaryň gonmagyny ýatyrmagyna we onuň Saud Arabystanynyň Jidda şäherine gönükdirilmegine getirendigini aýtdy.
“Hutiler” aýratynlykda ýaýaradan beýanatynda aeroportuň golaýyndaky lagerde harby üpjünçilik enjamlaryny nyşana alandyklaryny aýtdylar.
Bu hüjümler, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa güýçleri tarapyndan goldanylýan Ýemen hökümet güýçleriniň garşylykly hüjüminden soň söweş hereketleriniň güýçlenýän döwründe boldy.
Şu hepdäniň başynda Ýemeniň harbylary öz güýçleriniň Gyzyl deňizdäki möhüm deňiz geçelgesi bolan Bab al-Mandeb bogazynyň töweregindäki sebitlerden we Moça port şäherinden “Huti” söweşijilerini kowup çykarandygyny aýtdylar.
Sebitdäki ýagdaýlaryň çalt üýtgeýändigi we žurnalistler üçin elýeterliligiň çäkli bolany üçin iki tarapyň hem beýanatlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklamak kyn.
Ýemeniň demirgazyk-günbatarynyň köp bölegini gözegçilikde saklaýan “Hutiler” dört ýyllap ok atyşyk bes edilenden soň, geçen aý ýurtda soňky ýyllarda bolan iň gandöküşikli söweşde Ýemeniň Gyzyl deňiz kenarynyň tas ähli bölegini basyp aldylar.
Täzeden başlanan söweşler Ýemeniň uzak wagtlap dowam edýän raýat konfliktini gaýtadan janlandyrdy we Ýakyn Gündogarda eýýäm giňden ýaýran we global energiýa bazarlaryny we söwda ýollaryny böwetleýän urşuň giňemegine goşant goşdy.
Reuters agentliginiň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum