Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran urşy Merkezi Aziýa ykdysady tolkun atýar, esasy täsiri Türkmenistana düşýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ýaşaýjylary ýerli bazarlarda Eýrandan import edýän gündelik zerur harytlaryň we esasy azyk önümleriň ýetmezçiliginiň duýulýandygyny aýdýarlar. Aşgabat (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ýaşaýjylary ýerli bazarlarda Eýrandan import edýän gündelik zerur harytlaryň we esasy azyk önümleriň ýetmezçiliginiň duýulýandygyny aýdýarlar. Aşgabat (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň günbatarynda, Eýran serhediniň ugrunda ýerleşýän Balkan welaýaty, Eýran bilen söwdada dörän päsgelçilikleri ilkinji duýan sebitleriň biridir. Ol ýerdäki ýaşaýjylar golaýdaky geçelgelerden her gün gelýän import harytlaryna bil baglaýarlar, şonuň üçin ýerli bazarlarda Eýrandan ýük daşalmagynda hatda kiçijik gijikme dörese ýa-da bahalar üýtgese muny dessine duýýarlar.

"Biz azyk we öý hojalyk harytlary üçin Eýrana doly bil baglaýarys. Bu import bolmasa, bazarlarymyz tas boş bolardy" diýip, balkanly bir ýaşaýjy aýtdy.

Häzir bazarlardaky haryt ýetmezçiligi barada habar berýän başga bir ýaşaýjy, Eýrandan gelýän ýükleriň saklanmagy sebäpli eýýäm ýetmezçiligiň bardygyny aýtdy. "Eýranyň bäş litr ösümlik ýagy ozal 150 manat (29 dollar) bolýardy, häzirki wagtda bolsa 200. Arassalaýyş we himiki önümleriň bahalary umumylykda 5 manat ýokarlandy. Adatça Eýranyň azyk önümlerini lomaý satýan käbir dükanlar indi diňe az mukdarda satýarlar".

Eýran serhedinden bary-ýogy 25 kilometr demirgazykda we esasy Sarahs geçelgesinden takmynan 350 kilometr demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda üpjünçilikdäki üýtgeşiklikler we bahalaryň ýokarlanmagy serhet sebitlerinden biraz soň bolýar. Ýöne paýtagt ýaşaýjylary hem gündelik zerur harytlaryň ýetmezçiligini duýýarlar.

"Kartoşkanyň bahasy üç esse golaý ýokarlandy. Öň biz ony ululygyna baglylykda kilogramyna 7–9 manatdan satyn alyp bilýärdik, ýöne häzir onuň bahasy 17 manat. Pomidorlar hem iki esse gymmatlady, bahasy 10 manatdan 20 manada çenli ýokarlandy. Ýumurtga 65 manat, towuk eti bir kilogramy 40 manatdan 90 manada çenli gymmatlady. Hatda öň 30 manatdan satylan eýran çiliminiň bahasy hem indi 50–60 manat boldy" diýip, ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Uruşdan öňki döwür bilen deňeşdirilende bahalar iki esse golaý ýokarlandy. Ortaça aýlyk 2500 manat töwereginde bolup, resmi kurs boýunça 714 dollara, gara bazar nyrhy boýunça 125 dollara barabar. Ilatyň uly bölegi nyrhlaryň ýokarlanmagyndan uly zyýan çekýär.

Türkmenistan Eýrandan polat, gurluşyk materiallary we nebit-himiýa önümleri ýaly senagat harytlaryny hem import edýär, emma köp ýaşaýjylar üçin azyk we öý hojalyk harytlarynyň uly ähmiýeti bar.

Eýranyň harytlarynyň Türkmenistana getirilmegi üçin esasy ýol - Sarahs serhet geçelgesi çaknyşykdan öň harytlaryň artýan möçberini dolandyrýardy - bu bolsa bu ýoluň gündelik üpjünçilik üçin nähili möhümdigini görkezýär. Emma harby operasiýalar başlany bäri, Sarahs we beýleki geçelgeler arkaly söwda köp derejede togtady.

PlanetLabs-yň 27-nji fewralda düşüren sputnik suratlarynda türkmen gümrük gözegçilik nokadynda garaşýan ýük awtoulaglarynyň uzyn nobaty görkezildi, soňky suratlarda bolsa hiç hili hereketiň ýokdugy göze ilýär.

Eýran we Türkmenistan arasyndaky Sarahs serhet geçelgesinde 27-nji fewralda we 1-nji martda düşürlen sputnik suratlary.
Eýran we Türkmenistan arasyndaky Sarahs serhet geçelgesinde 27-nji fewralda we 1-nji martda düşürlen sputnik suratlary.

'Harytlar ýitip gider'

Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary hem täsirini duýýarlar. Eýran Özbegistanyň esasy 10 söwda hyzmatdaşynyň arasynda bolmasa-da, ol ýerdäki bazarlarda we supermarketlerde adatça Eýranyň süýt önümleriniň, ter we kakadylan miweleriniň, şeýle hem öý hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri elýeterli bahadan satylýar. Özbegistana gelýän Eýranyň süýt önümleriniň köpüsi Türkmenistanyň territoriýasyndan demirgazyga alnyp barylýar, ýöne bu harytlaryň geljegi belli däl.

Samarkantda Eýranyň süýt önümleriniň özbegistanly distribýutory Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "haryt saklanýan ýerleriň çalt boşaýandygyny" aýtdy.

"Öňler Eýranyň süýt önümleriniň 15 ýük ulagy Türkmenistan arkaly gelip, her gün Özbegistanyň içine paýlanýardy. Indi bu togtady" - diýip, ol - "Eger uruş dowam etse we serhetler ýapyk bolsa, bu önümler tekjelerden ýitip gider. Häzirlikçe, biz bar bolan önümlerimizi adaty bahadan satýarys, ýöne tiz wagtda bu bahalar ýokarlanmaly bolar."

Süýt önümleri Eýranyň nebitden başga Özbegistana edýän eksportynyň esasy bölegini emele getirip, Eýrany ýurduň esasy üpjün edijileriniň birine öwürdi. Bazardaky ýagdaýy görkezýän sanlara görä, Eýran Özbegistana süýt önümlerini iberýän ilkinji bäş ýurduň biri bolup, import bazarynyň takmynan 8–10 göterimini eýeleýär. Russiýadan we Belarusdan soň bolsa-da, Eýranyň süýt önümleriniň meşhurlygynyň esasy sebäbi onuň elýeterliligidir, ol köplenç bäsdeşlerinden 20–40 göterim arzan düşýär.

Ykdysady täsirler

Özbegistandaky we Türkmenistandaky alyjylar bazary Eýranyň azyk we azyk däl önümlerine gönüden-göni bagly bolsa, Gazagystan esasan Hytaý harytlary üçin merkez hökmünde işleýär, harytlar esasan Hytaý bilen serhetdäki Horgos gurak porty arkaly getirilýär.

Şeýle-de bolsa, bilermenler dowam edýän çaknyşyklaryň tiz wagtda gytaklaýyn täsirleri döredip biljekdigini, esasanam dünýä derejesinde nebit bahalarynyň ýokarlanmagy arkaly täsir etjekdigini duýdurýarlar.

Gazagystanly ykdysatçy Kajygeldi Şambyl nebitiň we tebigy gazyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň "Gazagystan üçin iki uçly" ýagdaýdygyny aýdýar.

"Býujet girdejileriniň artjakdygy ýaly bolup görünse-de, býujet çykdajylary has hem çalt depginde ösýär. Bu Gazagystanyň içinde inflýasiýanyň çalt ýokarlanjakdygyny aňladýar" diýip, Şambyl aýtdy. "Bu bolsa býujet defisitiniň san taýdan ösmegine uly ýaramaz täsir eder."

"Men şahsy taýdan Gazagystanyň Eýrandaky ýagdaýdan peýda görjekdigi baradaky hiç bir çaklama ynanmaýaryn" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Eýran üsti söwda bozuldy

Eýranda dowam edýän uruş sebitdäki esasy üstaşyr geçelgelerini bozdy. Birleşen Arap Emirlikleri we hususan-da Dubaýdaky Jebel Ali porty Merkezi Aziýa üçin esasy "reeksport" geçelgesi bolup hyzmat edýär. Ýewropadan, Pars aýlagyndan we Hindistandan gelen harytlar, adatça, Dubaýa baryp, kiçiräk gämilere ýüklenýär we Hormuz bogazyndan Eýranyň Bandar Abbas ýaly portlaryna geçýär. Şol ýerden olar demir ýol ýa-da ýük awtoulagy arkaly Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna alnyp barylýar.

Hormuz bogazy ýapylansoň, bu Günorta geçelgesi tutuş dargady.

Merkezi Aziýanyň söwda ulgamy bilen gönüden-göni tanyş syýasy analitik Kasym Bekmuhammad Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda Eýranyň "Merkezi Aziýa ýurtlary üçin erkin suwlara çykmakda" harytlar üçin "iň gysga we howpsuz" üstaşyr ýollarynyň biri hasaplanandygyny" aýtdy.

"Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary üçin erkin suwlara çykmagyň ulag ýoly, harytlaryň üstaşyr ýoludyr. Şol bir wagtyň özünde, ol iň gysga we howpsuz ýollaryň biri hasaplanýardy, bu bolsa Owganystandaky krizisiň arasynda Orsýetiň ýoly bilen bir hatarda Merkezi Aziýa üçin örän möhümdir."

Söwdagärler Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, eger bökdençlik dowam etse, Eýranyň importynyň ornuny tutjak alternatiw üpjün edijileri gözlemekden başga çäre galmajakdygyny aýtdylar. Merkezi Aziýanyň azykdan elektronika çenli sarp ediş bazarlaryna eýýäm agalyk edýän Hytaýyň bu boşlugy doldurmak işine goşulmagy mümkin. Şeýle üýtgeşiklik sebitleýin söwda modelini täzeden özgerdip biler.

Balkanly ýaşaýjy Eýran urşunyň dowamly täsirlerine alada bildirdi: "Eger çaknyşyk alty aý ýa-da ondan hem köp dowam etse, Türkmenistandaky ýönekeý adamlar esasy azyk önümleriniň we öý hojalyk zerurlyklarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler."

Azatlyk Radiosynyň täjik we gazak gulluklary bu habara goşant goşdy.

Forum

XS
SM
MD
LG