18-nji dekabrda Finlýandiýa Birleşen Ştatlar bilen harby hyzmatdaşlygy artdyrmak baradaky ylalaşyga gol çekdi. Bu goňşy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Finlýandiýanyň NATO girmegi boýunça eden duýduryşlaryndan soň boldy.
Täze ylalaşyk Finlýandiýanyň aprelde NATO-nyň düzümine girmegi bilen baglylykda, Waşington bilen has giň gatnaşyklary resmileşdirýär.
Finlýandiýanyň goranmak ministri Antti Hakkanen, Waşingtonda ylalaşyga gol goýandan soňra, munuň “ABŞ-nyň Finlýandiýany we tutuş Demirgazyk Ýewropany goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň berk yşaraty bolandygyny” aýtdy.