Eýranyň baş gepleşikçisi Mohammad Bager Galibaf Birleşen Ştatlaryň urşy bes etmek boýunça Tähranyň soňky garşylyklaýyn teklibini kabul etmekden “başga alajynyň ýokdugyny” aýtdy.
Eýranyň mejlsiniň başlygy wezipesini hem eýeleýän Galibaf 12-nji maýda X sosial ulgamynda: “14 maddalyk teklipde beýan edilen Eýran halkynyň hukuklaryny kabul etmekden başga ýol ýok” diýip ýazdy. “Başga islendik çemeleşme doly netijesiz bolar; bu diňe bir şowsuzlygyň yzysüre beýleki şowsuzlygy getirer.”
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaeýi 11-nji maýda geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda Tähranyň 10-njy maýda Pakistan araçylygynda ýetirilen jogabynyň urşy bes etmegi, ABŞ-nyň Ormuz bogazyndaky blokadasyny ýatyrmagy, Eýranyň doňdurylan emläklerini boşatmagy, şeýle hem “sebitde we Liwanda howpsuzlygy üpjün etmegi” öz içine alýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň garşylyklaýyn teklibini “düýbünden kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy.
Forum