Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan rus wäşisi Galkiniň konsertlerini ýatyrdy


Galkin Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşuna açyk garşy çykyp gelýär.
Galkin Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşuna açyk garşy çykyp gelýär.

Russiýaly belli wäşi we telewideniýe alyp baryjysy Maksim Galkiniň geçen hepdäniň aýagynda Gazagystanda planlaşdyrylan iki uly konserti ýatyryldy. Galkin Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşuna açyk garşy çykyp gelýär.

Onuň konsertleriniň geçmeli zallarynda “abatlaýyş işleriniň” alnyp barylýandygy aýdylyp, planlaşdyrylan medeniýet çäreleri ýatyryldy.

Geçen ýyl Russiýadan çykan Galkin 8-nji oktýabrda Astanada we 9-njy oktýabrda Almatyda çykyş etmelidi.

Galkin Gazagystanda meýilleşdirilen konsertleriniň amala aşmagy üçin birneme tagalla etdi. Awgustyň aýagynda ol gazak resmilerini öz göz öňünde tutan çäreleriniň öňüni baglamakda we “galp bahanalar” bilen konsertlerini saklamakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG