Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistiniň aýaly atyjynyň “professional” bolandygyny aýdýar


Natalýa Sadykowa
Natalýa Sadykowa

Bosgunlykda ýaşaýan gazak žurnalisti Natalýa Sadykowa ukrain paýtagty Kiýewde tüpeňlenen adamsyny atan adamyň “professional” bolup görünýändigini, bu hüjümiň prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de onuň "rusparaz" syýasatyny tankytlaýan wideony çap edenlerinden birnäçe sagat soň edilendigini aýdýar.

18-nji iýunda Kiýewiň Şewçenko etrabyndaky ýaşaýyş jaýynyň golaýynda ulag sürüp barýarka näbelli bir hüjümçi tarapyndan tüpeňlenen tanymal gazak oppozisiýa aktiwisti we žurnalisti Aýdos Sadykow häzir hassahananyň agyr hassalar bölüminde öz jany üçin göreşýär.

Hüjüm wagtynda adamsynyň ýanynda, ulagda bolan, ýöne şikes ýetmedik Sadykowa okuň adamsynyň kellesinden degendigini, onuň beýni operasiýasyndan soňky ýagdaýynyň agyr bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Sadykowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 19-njy iýunda beren interwýusynda atyjynyň ýüzüni görendigini aýtdy. Resmi derňewiň geçirilýän wagtynda ol başga jikme-jiklikleri aýtmady.

XS
SM
MD
LG