Soňky habar

GDA parlamentleriniň Türkmenbaşyda geçirýän ýygnagy 'emeli bolçulyk sahnalary' bilen utgaşdy

Aşgabat. Alyjysyz bazar. Bezeg suraty
Aşgabat. Alyjysyz bazar. Bezeg suraty

Türkmenistandaky azyk, hususan-da et, ýag meseleleriniň fonundaky ‘emeli bolçulyk sahnalary, iki baha oýny ýurtda geçirilýän GDA çäresine gabat has görnetin häsiýete eýe bolýar’ diýip, ýerli çeşmeler habar berýär. Türkmenistanyň Mejlisi bu çärä synçy hökmünde goşulana meňzeýär.

Bu maglumat GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlar baradaky habarlar bilen utgaşdy.

Azatlygyň habarçysy emeli bolçulyk oýny bilen gyzyklanyp, Türkmenbaşy şäheriniň daýhan bazaryna aýlandy we, Awazada geçirilýän çäreler sebäpli, 19-21-nji noýabr aralygynda (Çerýamuşkada) emeli et we günebakar ýagy bolçulygynyň döredilendigini anyklady.

Bazarda ýazylyp goýlan nyrhlar 'işlemeýär'

“Bazardaky etleriň bahasy 70 manatdan diýlip ýazylan, ýöne alyjylar eti bu bahadan alyp bilmeýär” diýip, bir alyjy ýazylyp goýlan nyrhlaryň ‘işlemeýändigini’ öňe sürdi.

Anonimlik şertinde gürleşen satyjynyň tassyklamagyna görä, ýazgydaky bahalar adamlara et satmak üçin däl, myhmanlar bar wagty bazaryň et bölümlerinde döredilen et bolçulygyny görkezmek üçin ulanylýar.

Şeýle-de, döwlet dükanlary bazar girelgesinde göçme çadyr söwdalaryny gurap, Orsýçetiň “Oleýne” atly günebakar ýagyny 25 manatdan satýarlar, ýöne her ele 1 litr ýagdan artyk goýbermeýärler diýip, habarçymyz ýazýar.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar hökümetiň ‘ýokary derejeli myhmanlar ýa-da olaryň ýany bilen gelen kömekçiler Türkmenistanda bolçulyk eken diýsin’ diýen pikir ýa maksat bilen ‘oýnaýan gözboýagçylyk oýunlaryna’ geň galýarlar.

“Ýurdumyz bu oýny gaýtalamakdan ýadamadymyka? Eger isleseler, halk üçin şeýle bolçulygy hemişelik döredip bermäge döwletde maddy mümkinçilik bar” diýip, bir ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.

Bazarda we Awaza söwda merkezinde döredilen bolçulyk goly ýuka maşgalalaryň agzalarynyň ‘agzyny suwardýar’, ylaýta-da çagalar daşary ýurtlardan getirilen tropik miweleri görüp, ene-atalaryna şolardan iýip göresleriniň gelýändigini aýdýarlar.

Emeli hyrydar, alyjy bolçulygy hem 'göze ilýär'

Bazarda diňe emeli haryt bolçulygy däl, göz üçin döredilen alyjy, hyrydar bolçulygy hem göze ilýär diýip, habarçymyz ýazýar.

“Owadan geýnen erkek we aýal adamlar alyjy roluny oýnaýarlar, olar aslynda hökümet trollary” diýip, bu ýagdaýy ýerli çeşme hem tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, pukara görünýän, köne eşikli adamlaryň şäher merkezine gelmeginiň däl, golaýlamagynyň hem öňi alynýar.

“Polisiýa 15 güne golaý wagt bäri arakhorlary, dilegçileri hem-de içerki migrantlary ‘awlaýar’, ‘hapa, reňki talaba laýyk däl’ diýen bahana bilen awtoulaglaryň hereketini çäklendirdi. Howpsuzlyk we çäräniň kadaly geçmegi üçin, bu tagalla bir hepdä golaý wagt bäri Oguljahan Atabaýewa gözegçilik edýär” diýip, çeşme aýtdy.

Emma Azatlyk bu aýdylýany resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Şu aralykda, türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Halk maslahatynyň başlygy wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde gurnalmagy babatda ‘degişli tabşyryklary berdi’.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar bu hili çäreleriň şäher ýaşaýjylary, bazar işgärleri üçin goşmaça kynçylyklary döredip, ilatda ozalam az bolmadyk ‘nägilelikleriň üstüne urna bolýandygyny’ aýdýarlar.

'Prezidentler gelende hem kyn bolupdy'

“Oktýabr aýynyň başynda, prezidentler gelende hem şäher ilatyna kyn bolupdy” diýip, bir ýaşaýjy 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyna geçirilen sammiti nazarda tutup aýtdy.

“Indi hem GDA-nyň parlament ýolbaşçylarynyň “Awazada” 2 gün ýygnak geçirmek bahanasy bilen gelip, dynç alyp, hezil etmekleri üçin müňläp balkanly, arassaçylyk we beýleki işgärler..., gije-gündiz zähmet çekmäge mejbur edildiler” diýip, bir ýaşaýjy käýindi.

TDH-nyň habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp, GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň adyndan gürläp, uly Berdimuhamedowa bu duşuşyk, Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek baradaky çözgüdi goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Habarçymyz we çeşmeler uly Berdimuhamedowyň “Awaza” aýaly bilen gelip, Matwiýenkony öz rezidensiýasynda gurnalan agşamlyk naharyna çagyrandygyny habar berýär.

“Berdimuhammedow we Matwýenko maşgala dostlary diýlip tanalýar. Megerem, Metwýenkonyň postsowet ýurtlary içindäki iň ýakyn dosty Berdimuhammedowlar maşgalasy bolmaly” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bu maglumaty resmi ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.

Türkmenistandaky azyk, hususan-da et, ýag meseleleri uzak wagt bäri saklanyp galýar, emma häkimiýetler ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, önüm öndürijiler üçin emeli ýagdaýda döredilýändigi aýdylýan bökdençlikleri, şol sanda döwlet derejesindäki korrupsiýa barada aýdylýanlary boýun almaýar we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň amala aşyrylýandygyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG