Azatlygyň çeşmeleri ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýan köp çagaly eneleriň, ýeke başyna çaga ekleýän aýallaryň we pes girdejili maşgalalaryň durmuş şertleriniň barha agyrlaşýandygyny habar berýärler.
Bu habar ýurtda zenanlar bilen erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde halkara kanunçylyk kadalarynyň esaslary, olaryň ýerine ýetirilmeginde parlamentarileriň orny barada edilýän gürrüňleriň yz ýanyna gabat geldi.
Ilatyň durmuş goragy baradaky kanunçylykda göz öňünde tutulan döwlet kömeklerine garamazdan, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen raýatlaryň tassyklamagyna görä, berlýän kömekler düýpden ýeterlik däl we, mätäç maşgalalaryň ýagdaýy barha agyrlaşýana meňzeýär.
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýaşaýan bäş çagaly ene öz ýagdaýyny düşündirip, “Dogrusyny aýtsam, çagalarymyň öňünde utanýaryn” diýdi.
"Utanýaryn. Çagamyň gözlerine seredip bilemok."
“Eje hökmünde, çagalarymy hemişe öz wagtynda, doýagarna naharlap hem bilemok. Käwagt olaryň ýüzlerine, gözlerine seredip bilemok. Utanýaryn...”
Adynyň aýdylmazlygyny soran enäniň sözlerine görä, döwlet tarapyndan berilýän kömek pullary öňem öňem köp ýa ýeterlik däldi, ýöne häzir, durmuşyň gymmatlamagy, bahalaryň ýokarlanmagy bilen, berilýän kömek pullarynyň hümmeti has peselýär:
“Öňler bir hepdelik iýmit alýan pulumyza indi iki-üç günlük zat alyp bolýar.”
Bu ýagdaýy Türkmenabat şäherinde ýaşaýan, çagasyny ýekelikde ekleýän ene hem tassyklady we, ýagdaýynyň günsaýyn kynlaşýandygyny, geljek hakyndan pikir etmekden gorkýandygyny gürrüň berdi:
“Gijelerine gizlin, sessiz aglaýaryn. Çagam görmesin diýip. Ol bolsa menden ‘Eje, sen näme üçin aglaýaň?’ diýip soraýar. Men ýalandan ýylgyryp, çagamy ynjaltjak bolýaryn...”
Anonimlik şertinde gürleşen eneleriň biri bir gün öýde azyk önümlerinden çaý bilen çörekden başga hiç zadyň galmandygyny gürrüň berdi:
“Çagam gözlerini tegeläp, ýüzüme naýynjar seretdi-de, ‘Eje, başga zat ýokmy?’ diýip sorady. Men näme jogap berjegimi bilmedim.”
Ýerli ýaşaýjylar döwlet edaralarynda berilýän ortaça aýlygyň takmynan 1000–1200 manat töwereginde bolýandygyny, bu puluň köp maşgalanyň iň zerur harajatlaryna hem ýetmeýändigini gürrüň berýärler.
“Bazarlarda, dükanlarda satylýan azyk önümleriniň bahalary bir durkuna durmaýar, yzygiderli gymmatlaýar. Mysal üçin: etiň bahasy 107 manat (31-nji martda bahalar 120 manat bolanlygyndan 107 manda çenli arzanlady), ýumurtga, ýag, süýt önümleri yzygiderli gymmatlaýar, gök önümler möwsümden daşary döwürde köp adam üçin tasdan elýeterli bolmaýar” diýip, lebaply ene aýtdy.
Ortaça aýlyk 4-5 adamly maşgala 1-2 hepdä 'zordan ýetýär'
Aýry-aýrylykda gürleşilen eneleriň tassyklamagyna görä, dört-bäş adamly maşgalanyň diňe azyk harajatlary üçin hepdede azyndan 800–1200 manat möçberinde pul gerek. Bu ortaça aýlygyň köp maşgalanyň diňe bir ýa iki hepdelik azygyna zordan ýetýändigini yşarat edýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen satyjylar soňky döwürde dükanlardan karzyna haryt berilmegini soraýan adamlaryň sanynyň görnetin artýandygyny aýtdylar.
“Öň adamlar alan zadyny nagt alýardy. Indi bolsa ‘ýazyp goýuň, soň bererin’ diýýänler köpeldi. Käbirleri öňki karzyny ýapman, ýene täzeden, nesýe haryt berilmegini soraýar” diýip, dükan satyjysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar indi köplenç iň arzan hasaplan önümlerini satyn alýarlar, iň geçginli harytlar tiz bişýän makaron, ýumurtga, käwagt diňe çörek bolup galdy.
Bir ýaşaýjy mätäç maşgalalaryň güzeranynyň Eýranda çylşyrymlaşan ýagdaýlardan soň has üýtgändigini, öňem kyn şertleriň has kynlaşandygyny, oba ýerlerindäki ýagdaýyň hem agyrlaşýandygyny aýtdy.
“Obada käbir maşgalalar gününi diňe gury çörek bilen geçirýär. Et iýmek köp maşgala üçin baýram ýaly boldy” diýip, Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy öň iýjek azygynyň köpüsini özleri öndüren oba adamlarynyň hem horlanýandygyny öňe sürdi.
Başga bir oba ýaşaýjysy gyzyny mekdebe ugradyp bilmeýändigini, onuň köwşüniň ýyrtylandygyny, täzesini alyp bermäge pul tapman, her gün utanýandygyny gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçylary türkmen resmilerinden ilatyň durmuş goraglylygy, aýlyklar we kömek pullary barada döreýän soraglara jogap alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum