Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside geý temaly film görkezilende protestçiler bilen polisiýa çaknyşdy


Tbiliside geý temaly film görkezilende protestçiler bilen polisiýa çaknyşdy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Gürjüstanyň paýtagtynda birnäçe ýüz aşa sagçy aktiwist we Prawoslaw ybadathanasynyň agzalary Oskar baýragyna hödürlenen şwed-gürji geý filminiň görkezilişiniň öňüni almaga çalyşdy. Protestçileri käbiri "Amirani" kinoteatryna dyzap girmäge synandy, emma binanyň daşyny gurşap alan polisiýa olary yzyna serpikdirdi. Kinony görmäge gelen ýaş aýallaryň biri daş bilen uruldy we “Tiz kömek” bilen hassahana alnyp gidildi. 12 adam tussag edildi. “Soňra biz tans etdik” filmi Oskar baýragyna iň gowy halkara çeper filmleri kategoriýasyndan hödürlendi we onda Gürjüstanyň milli balet ansamblynyň iki sany erkek tansçysynyň arasyndaky söýgi hakynda gürrüň berilýär. Gürjüstanyň Prawoslaw ybadathanasy ony “däp bolan gürji gymmatlyklaryna ters gelýär” diýlip ýazgardy.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG