Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi: Halas ediş çäreleri dowam edýär

Gürjüstanda onlarça binalaryň we ulaglaryň suwuň astynda galmagyna hem-de Tbilisi haýwanat bagynyň ýumrulmagyna sebäp bolan güýçli suw joşgunyndan bir gün geçensoň, 15-nji iýunda halas ediş operasiýalarynyň dowam edýändigi habar berilýär. Bu heläkçilikde azyndan 10 adamynyň ýitirim bolandygy, 12 sanysynyň hem ölendigi habar berilýär. ​Sil şäheriň haýwanat bagyndan gaplaňlaryň, ýolbarslaryň, möjekleriň we beýleki haýwanlaryň gaçyp çykmagyna sebäp boldy. ​Şol haýwanlaryň käbirleri sil suwy netijesinde öldi, käbirleri bolsa polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi. Şol bir wagtyň özünde haýwanlaryň käbirleri degişli häkimiýet gulluklary tarapyndan tutulyp, gaýtadan öz kapasalaryna salyndy.

XS
SM
MD
LG