Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 17-nji iýulda 60 ýaşady. Angela Dorothea Kasner Gamburg şäherinde dogulyp, Gündogar Berliniň golaýyndaky kiçi şäherçede ulalýar. Ol ýerde Merkeliň kakasy lýuteran dini akymynyň pastory wezipesinde işleýärdi. Merkel öz doktoranturasyny fizika ylymlary boýunça edýär we Berliniň ylymlar akademiýasynda derňewçi wezipesinde işleýär. Onuň syýasy karýerasy 1989-njy ýylda Berlin Diwarynyň ýykylmagy bilen başlanýar.
A.Merkel 60 ýaşady
9
2013-nji ýylyň iýun aýynda Berlinde geçirilen metbugat ýygnagy döwründe Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel çykyş edýär.
10
2013-nji ýylyň awgust aýynda Merkel Berliniň "Heinrich Schliemann Gymnasium" adyndaky orta mekdebinde Berlin Diwary barada leksiýa berýär.
11
2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Berlinde "Hristian demokratik bileleşigi" partiýasynyň ýygnagyndan öň, Merkel özüniň saýlaw kampaniýasy üçin niýetlenen awtobusynyň öňünde çykyş edýär.
12
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin FIFA-nyň, ýagny Futbol assosiasiýasynyň halkara federasiýasynyň prezidenti Sepp Blatter we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen söhbetdeş bolýar. Bu waka 2014-nji ýylyň 13-nji iýulynda Rio de Janeýro şäherindäki Marakana stadionynda Germaniýa bilen Argentinanyň komandalary futbol boýunça Dünýä çempionatynyň final oýnuny oýnaýan pursady bolup geçdi.