Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 17-nji iýulda 60 ýaşady. Angela Dorothea Kasner Gamburg şäherinde dogulyp, Gündogar Berliniň golaýyndaky kiçi şäherçede ulalýar. Ol ýerde Merkeliň kakasy lýuteran dini akymynyň pastory wezipesinde işleýärdi. Merkel öz doktoranturasyny fizika ylymlary boýunça edýär we Berliniň ylymlar akademiýasynda derňewçi wezipesinde işleýär. Onuň syýasy karýerasy 1989-njy ýylda Berlin Diwarynyň ýykylmagy bilen başlanýar.
A.Merkel 60 ýaşady
1
Angela Merkel-Kasneriň (birinji hatardaky tegelek çyzyk bilen bellik edilen) 1971-nji ýylda geçirilen Matematika olimpiýadasyndan soň düşürilen toparlaýyn suratdaky pursady. Bu olimpiýada Germaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Teterow şäherçesiniň Noýbrandenburg etrabynda geçirilipdi.
2
1989-njy ýylda Polşanyň Baçotek şäherinde Angela Merkel (sagda) adamysy Joachim Sauer we jorasy Malgorzata Jeziorska bilen tomusky okuwlara gatnaşýar.
3
1992-nji ýylyň awgust aýynda Germaniýanyň maşgala we ýaşlar ministri wezipesinde işleýän döwri Angela Merkel (çepde) Baýroýt şäherindäki halkara ýaşlar maslahatynda studentler bilen gürrüňdeş bolýar.
4
2000-nji ýylyň aprel aýynda Angela Merkeliň Germaniýanyň "Hristian demokratik bileleşiginiň" partiýa başlyklygyna saýlanan pursady.