Çeşmeler ýurduň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň bireýýäm diňe gurply adamlaryň çagalarynyň dynç alýan ýerine öwrülendigini, ýöne bu ýere gelýän çagalaryň hem aç-hor saklanyp, ýaşlykdan ‘meýletin tussaglygyň’ we parahorlugyň ‘tagamyny datmaly bolýandygyny’ habar berýärler.
Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerindäki kabul edişligiň 3-nji tapgyry 2-nji we 3-nji awgust günleri geçirildi, bu çagalar 23 gün dynç almaly diýip, ýurduň gurply maşgalalarynyň çagalarynyň ýüzbe-ýüz bolan açlyk meselesini öwrenen habarçymyz ýazýar.
Aýry-ýarylykda gürleşen ene-atalaryň tassyklamagyna görä, Gökdere bireýýäm diňe gurply gatlagyň çagalarynyň dynç alýan ýerine öwrüldi. Emma muňa garamazdan, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň oňat dynç almaklary üçin döredilen şertler ýyl-ýyldan ýaramazlaşyp ‘şu günki agyr ýagdaýyna’ geldi.
Ýokary gatlak saýylýanlaryň çagalary şikaýat edýär
Anonimlik şertinde gürleşen balkanabatly eneler şu ýyl çagalaryny Gökderä ugratmagy başaran, il içinde gurply, ýokary gatlak saýylýan hojalyklara degişli. Olar çagalarynyň Çülüde diňe açlykdan däl, tagta bitinden, gyzlaryň ýatakhanasyndaky saç bitinden şikaýat edýändiklerini gürrüň berdiler.
“6-njy synp oglum Gökderede, “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýar. Oglum her gün bu ýeriň berýän naharynyň tagamsyz we azdygyny, aç ýatmaly bolýandygyndan aýdyp, şikaýat edýär. Men iýmit üçin her gün goşmaça 200 manat pul ugradýaryn. Çagamyz kurorta däl-de, türmä gidene meňzeýär. 10 günde tanalmaz ýaly horlanypdyr” diýip, balkanabatly ene aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şu günler Gökderede, tomsuň soňky tapgyrynda dynç almaga baran çagalaryň tas 70 göterimi, şertleriň ýaramazdygy sebäpli, öýlerine gaýdypdyrlar.
Söhbetdeşimiz dynç alyşlaryny wagtyndan öň bes eden çagalaryň pullarynyň 25-nji awgusta çenli tölenendigini aýtdy.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, garaşsyz žurnalistleriň berk ýanalýandygy sebäpli, Azatlyk bu maglumaty resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Habarçymyz bilen aýratynlykda gürleşen ýene bir ene şertleriň gyzlar üçin has-da ýaramazlaşandygyny öňe sürdi.
“Meniň 5-nji synp gyzym Gökderäniň “Bagtyýar Nesil” atly dynç alyş merkezinde dynç alýar. Gyzym ol ýerde tagta bitiniň we saç bitiniň kändigini, naharlarynyň ýaramazdygyny aýdýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ene aýtdy.
Gökderäniň 'ýylan aladasy'
Onuň sözlerine görä, Gökderede dürli ýylanlar hem köpelipdir we, ýylan çakmagyndan gorkup, çagalary binanyň daşyna çykarman saklaýarlar. 30 ýaşly enäniň ady redaksiýada bar we howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.
Ol gyzyny Gökderä dynç almaga ugradanyna puşman edýändigini, 3-nji tapgyrda dynç alýan çagalaryň ne gezelenje, ne-de konserte, teatrlara alnyp gidilýändigini, ýylan bahanasy bilen, türmede saklan ýaly, otaglaryndan çykarylman saklanýandygyny gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen gürleşen ene-atalaryň tassyklamagyna görä, dynç alýan çagalaryň naharlarynda ‘et ýok, gawun-garpyz hem bermeýärler.
“Diňe badamjan, kartoşka we kelem atylan çorba berýärler. Bu nahar bilen çagalaryň garynlary doýmaýar. Onsoň olar özlerine seredýän talyplara pul berip, şäherden nahar sargap, garynlaryny doýurmaga mejbur bolýarlar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Türkmen metbugaty ýurtda çagalaryň dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin uly işleriň edilýändigini yzygiderli habar berýär, emma ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini agzamaýar.
Çagalar dynç alyş merkezleri barada berlen soňky habarlaryň birinde şu ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminiň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünliklere beslenýändigi aýdylyp, wagtlaryny hoş geçirýän çagalaryň suratlary çap edilipdir.
Giň ýaýran 'para derdi'
Emma habarçymyz bilen gürleşen ene-atalar çagalaryň sagaldyş merkezlerindäki hünärmenleriň tas ählisiniň parahorlukdan gazanç edýändigini, ýaş talyplardan başlap, aşpezlere, arassaçylyga seredýän jogapkär işgärlere çenli, diňe ‘ele seredýändiklerini’ öňe sürdüler.
“Gökderedäki dynç alyş merkezleri tagta biti, saç biti we tarakan merkezine öwrülipdir. Bu ýerlerde dynç alan çagalar, dynç almagyň deregine, öýlerine psihologiki trawma alyp dolanýarlar” diýip, bir ene aýtdy.
Ady redaksiýada saklanýan enäniň tassyklamagyna görä, dynç almaga baran gowşak çagalaryň kemsidilmegi, özünden güýçli çagalaryň olary urup-ýençmegi adaty ýagdaýa öwrülip, jogapkär işgärler esasan ‘gyrp-çyrp, ogurlyk hasabyna gazanç edýärler’.
Azatlyk Gökderedäki dynç alyş merkezleri we b u ýerdäki şertler, hususan-da giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Türkmenistan dünýäde iň bir korrumpirlenen ýurtlaryň biri bolup, ýurduň öňki iki prezidenti wagtal-wagtal parahorlugy ýazgaryp, gözden düşendigi aýdylan resmilere çäre gören bolsa, häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu meselede hatda garaşsyz metbugata syzan anyk maglumatlar boýunça hem sessiz galýandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum