Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gün tertibini rus howpy we Ýakyn Gündogardaky uruş kesgitleýän mahaly, Rubio NATO-daky ýaranlaryna sapar edýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Islandiýa, Gresiýa we Portugaliýa sapar eder. (Arhiw suraty)
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Islandiýa, Gresiýa we Portugaliýa sapar eder. (Arhiw suraty)

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio NATO-nyň ýaranlarynyň arasynda Russiýanyň harby işjeňligi we Ýakyn Gündogardaky dowam edýän durnuksyzlyk barada barha artýan aladalaryň fonunda, howpsuzlyk, goranmak, energiýa, ykdysady hyzmatdaşlyk we tehnologiýa meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin 5-8-nji oktýabr aralygynda Islandiýa, Gresiýa we Portugaliýa sapar edýär.

Rubio öz saparyna Reýkýawikde başlar. Onuň bu ýerde Islandiýanyň resmileri bilen Arktikanyň howpsuzlygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Soňra ol gün tertibi goranmak hyzmatdaşlygyny, energiýany, sebitleýin howpsuzlygy, şeýle-de Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary öz içine alýan ABŞ-Gresiýa strategik dialogynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmak üçin Afiny şäherine sapar eder.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, onuň Lissabondaky gepleşikleri goranmak, ykdysady ösüş we tehnologiýa hyzmatdaşlygy meselelerine gönükdiriler.

Üç ýurdy öz içine alýan bu sapar ABŞ-nyň NATO ýaranlary bilen hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Olar Islandiýanyň Demirgazyk Atlantika we Arktika howpsuzlygyndaky rolundan başlap, Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňzindäki pozisiýasyna we Portugaliýanyň ABŞ-nyň Atlantik ummanyndaky harby operasiýalary üçin uzak wagtlap eýeleýän ähmiýetine çenli ugurlardyr.

Islandiýa: Howpsuzlyk we Arktika

Islandiýanyň hemişelik goşuny ýok, ýöne Demirgazyk Atlantikadaky ýerleşişi sebäpli howpsuzlyk meselelerinde ABŞ we NATO bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär.

ABŞ-nyň Islandiýadaky öňki iki ilçisi - anonimlik şertinde - Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Rubionyň Reýkýawikiň howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyna garaşmalydygyny, şol bir wagtyň özünde garaşsyzlygyna ýokary baha berýän ýurduň aladalaryny hem göz öňünde tutmalydygyny aýtdy.

“Islandiýalylar örän garaşsyz halk” diýip, bir ilçi aýtdy we ABŞ-Islandiýa howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň Russiýa 2014-nji ýylda Krymy basyp alany bäri dowam edýändigini sözüne goşdy.

ABŞ-nyň Islandiýadaky ilçihanasynda işlän öňki amerikan diplomaty Robert Gerber aýratynlykda beren maglumatynda Rubionyň saparynyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Arktika ýurtlarynyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça tagallalaryň dowamy bolup biljekdigini aýtdy.

Şol gepleşikler Arktika boýunça hyzmatdaşlaryň öz howpsuzlygy we möhüm infrastrukturalaryň goragy babatda has uly jogapkärçiligi öz üstüne almak baradaky borçnamalaryny öz içine aldy.

Şeýle-de, Gerber ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan howpsuzlyk meselelerini görkezmek üçin özüniň Islandiýada işlän döwründäki tejribesine salgylandy.

“Men Islandiýada bolanymda, rus uçarlary ýa-da bomba hüjümlerini amal edýän uçarlar ýa-da başgalar Islandiýa tarap uçup, adanyň töwereginde aýlanyp, soňra yzyna uçýardylar. Bu, diňe NATO uçarlarynyň nähili tizlikde uçup bilýändigini görmek üçin edilýärdi” diýip, Gerber Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Ol ýerdäki howp hakyky we ol uzak wagtdan bäri bar” diýip, Gerber sebitde suwasty gämileriň gatnaşmagyndaky söweş hereketleri howpunyň hem dowamly alada döredýändigini sözüne goşdy.

Gerberiň aýtmagyna görä, Islandiýanyň NATO-a goşýan goşandy uly ýaranlaryň goşandyndan tapawutlanýar. Ýurt öz çäginde “Keflawik” howa bazasyny ýerleşdirýär, şeýle-de Ukraina goşant goşdy we Kenarýaka gorag gullugy arkaly deňiz mümkinçiliklerini we gözleg-halas ediş işlerini üpjün edýär.

Gerber Demirgazyk Amerika bilen Ýewropany birleşdirýän suwasty aragatnaşyk kabellerini goramagyň hem has giňişleýin hyzmatdaşlyk üçin bir ugur bolup biljekdigini aýtdy.

Arktikadaky ruslar

“Olar, elbetde, berkidilmeli we goralmaly, sebäbi ruslar Arktikada dürli işleri alyp barýarlar” diýip, ol aýtdy. Islandiýanyň kenarýaka goragçylary, şol sanda gämileri we dikuçarlary hem Arktika krizisi ýagdaýy bolanda möhüm rol oýnap biler diýip, Gerber sözüniň üstüne goşdy.

Gerber Rubionyň Islandiýanyň goranmak çykdajylaryny düýpli üýtgetmäge ynandyryp biljekdigine garaşmaýandygyny aýtdy. “Islandiýanyň ykdysadyýeti ep-esli kiçi” diýip, ol ýurduň howpsuzlyk meselelerine çemeleşmesiniň hem onuň garaşsyz syýasy pozisiýasy bilen kesgitlenýändigini sözüne goşdy.

Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki işgäri, şol bir wagtyň özünde Islandiýadaky missiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Erik Grin (Eric Green), Islandiýanyň resmileriniň hem Waşingtondan ynam gözlejekdigini aýtdy.

“Sekretar Rubionyň NATO ýurtlaryna sapar etmegi oňyn waka” diýip, Grin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy we Islandiýa resmileriniň Waşingtonyň, onuň aýtmagyna görä, “esassyz aýyplamalara” esaslanyp, Grenlandiýa garşy talap bildirmek niýetinde däldigine kepillik almak isleýändiklerini hem sözüne goşdy.

Arktika bäsdeşlik meýdanyna hem öwrüldi, sebäbi buzlaryň eremegi täze gämi-deňiz ýollaryny açýar we sebitiň baýlyklaryna bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Öňki ilçi Russiýanyň Arktika kenarýakasynda harby güýjüni güýçlendirendigini, Hytaýyň bolsa Islandiýadaky güýjüni portlar, ylmy-barlag işleri we beýleki başlangyçlar arkaly giňeltmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Gresiýa: Goranmak, energetika, sebit howpsuzlygy

Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde Rubio 6-7-nji oktýabrda geçiriljek ABŞ-Gresiýa Strategik dialogunyň altynjy duşuşygynda ABŞ-nyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.

2018-nji ýylda başlanan bu dialog goranmak, goranmak, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Gepleşikleriň dowamynda Gresiýanyň Özara goranmak hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäginde berýän mümkinçilikleri we goldaw çäreleri, şeýle-de Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky wakalar barada gürrüň edilmegine garaşylýar.

Energetika serişdeleri boýunça öňki döwlet sekretarynyň kömekçisi we ABŞ-nyň Gresiýadaky we Ukrainadaky öňki ilçisi Jeffri Pýatt (Arhiw suraty)
Energetika serişdeleri boýunça öňki döwlet sekretarynyň kömekçisi we ABŞ-nyň Gresiýadaky we Ukrainadaky öňki ilçisi Jeffri Pýatt (Arhiw suraty)

Energetika serişdeleri boýunça öňki döwlet sekretarynyň kömekçisi we ABŞ-nyň Gresiýadaky we Ukrainadaky öňki ilçisi Jeffri Pýatt (Geoffrey Pyat) bu dialogyň beýleki sebitleýin gatnaşyklardan garaşsyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bir usuly hökmünde döredilendigini aýtdy.

“Men ilçi bolup işlän döwrümde Strategik dialogy döredenimizde, esasy pikir, beýleki sebitleýin gatnaşyklardan garaşsyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk temalarynyň güýçli gün tertibini öňe sürmek üçin forum döretmekdi” diýip, Pýatt Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ol harby hyzmatdaşlygyň, energiýa mümkinçilikleriniň, bilim we maýa goýumlaryny öz içine alýan adamlar bilen gatnaşyklaryň Respublikan we Demokratik administrasiýalaryň döwründe üýtgewsiz galandygyny belledi.

Şeýle-de, Pýatt Gresiýanyň Ýewropa we transatlantik gatnaşyklaryna ygrarlylygyna ünsi çekdi. “Gresiýa transatlantik gatnaşyklaryna bolan berk ygrarlylygy bilen birlikde Ýewropa kimligine berk ygrarly bolmagynda galýar” diýip, ol belledi.

Rubionyň saparynyň soňky duralgasy Lissabon bolar. Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, ol bu ýurduň ýolbaşçylary bilen goranmak, ykdysady ösüş we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşar.

Portugaliýanyň ABŞ bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyndaky roly Azor adalaryny hem öz içine alýar. Bu ýerdäki “Lajes” howa bazasy ABŞ-nyň Atlantik ummanyndaky harby operasiýalary üçin möhüm logistika we ýangyç guýujy nokady bolup hyzmat edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir
​
XS
SM
MD
LG