Kiýewi Russiýa bilen uruşda goldaýan "Islegliler koalisiýasy" diýlip atlandyrylýan 30-dan gowrak günbatar ýurdunyň resmileri Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşarlar, olar Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly we iň howply çaknyşygyny bes etmäge gönükdirilen parahatçylyk teklibini kämilleşdirýärler.
6-njy ýanwarda geçirilýän duşuşyga ABŞ-nyň resmileri hem gatnaşýar, prezident Donald Trampyň baş gepleşik geçirijileri Stiw Witkoff we Jared Kuşner Fransiýanyň paýtagtyna bardy, emma döwlet sekretary Marko Rubionyň hem Ýewropa paýtagtynda bolmagyna umyt edilýän hem bolsa, onuň gelmegi gümana.
Ýewropaly resmiler Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 5-nji ýanwarda milli howpsuzlyk geňeşçileriniň we harby planlaşdyryjylaryň duşuşygyndan soň "täzeden gyssaglylyk duýgusynyň" dörändigini aýtdylar.
Olar Pariždäki duşuşyklaryň Birleşen Ştatlaryň, Ukrainanyň we beýleki ýewropa ýurtlarynyň "bir pikirde bolmagyny" üpjün etjegine umyt bildirýärler.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron gepleşiklerden soň Ukrainanyň howpsuzlygyna degişli "anyk borçnamalary" hödürlemegi umyt edýändigini aýtdy. Bu pikir ok atyşyk bes edilen ýagdaýynda parahatçylygy goraýjy güýçleriň düzümi we ýerleşdirilişi boýunça aýdyňlyga eýe bolmakdan ybaratdyr.
Käbir resmiler dürli ýewropa ýurtlarynyň arasynda agzalýan güýjüň 15 000-20 000 esgerden ybarat boljakdygyny aýdýarlar, emma käbirleri bu derejäniň "howpsuz deňiz, asman we gury ýer" şygary astynda işleýän 30 000 esgere golaý boljakdygyna umyt edýärler.
Hiç hili harby meýilnamalar mälim edilmedi, ýöne harbylaryň esasy bölegi Fransiýadan we Beýik Britaniýadan geler, olar gury ýer we howa bölegine ýolbaşçylyk ederler, Türkiýe bolsa Gara deňzinde ulag ýollarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jogapkär boljakdygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, "Islegliler koalisiýasynyň" potensial güýçleriniň aragatnaşyk nokadyna näderejede ýakyn boljagy barada heniz aýdyňlyk ýok. Azatlyk Radiosynyň habarlaşan ýewropaly resmileriniň köpüsi ukrain goşunlaryna goldaw bermek we tälim bermek üçin günbatar güýçleriniň Ukrainada ýerleşdirilmeginiň mümkindigine ynanýarlar.
Çözülmedik soraglar
Günbataryň Ukrainada bolmagynyň çäkleri kesgitlenýän mahaly, henizem birnäçe sorag alamatlary bar, şol sanda söweş düzgünleri we ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri.
Bir ýewropaly diplomat henizem çözülmedik meseläniň biri Russiýanyň mümkin bolan hüjümine nähili jogap bermeli diýen sowala degişlidigini boýun aldy. "Biz henizem oda jogap berjegimizi ýa-da yza çekiljegimizi ara alyp maslahatlaşýarys" - diýip, ol aýtdy.
ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri barada aýdylanda, Brýussel we Kiýew Waşingtonyň "berk gorag" berjekdigine barha optimistik garaýarlar, emma munuň nähili görnüşde ýa-da möçberde boljakdygy henizem belli däl.
Ýewropaly resmiler ABŞ-nyň atyşygy bes etmek şertnamasyna gözegçilik edýän söweşli däl rolda bolmagynyň mümkindigini anonimlik şerti bilen Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
Emma koalisiýa Waşingtonyň logistika we aňtaw gullugy ýaly "goşmaça goldawy" üpjün etjegine hem umyt bildirýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynda Tramp Zelenskiýden 28 maddadan ybarat parahatçylyk teklibini kabul etmegi talap etdi, köpçülik ol Orsýet üçin bähbitli diýip, hasap etdiler.
Ukraina we onuň ýewropaly ýaranlary Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýolbaşçylygynda goşmaça teklibi işläp düzmäge howlukdylar we ahyrsoňy Kiýewiň bähbitlerini, esasanam howpsuzlyk kepilliklerini we territorial bitewüligini göz öňünde tutýan 20 maddadan ybarat meýilnamany öňe sürdüler.
Ýewropalylar bilen duşuşyklarynda Zelenskiniň howpsuzlyk kepillikleriniň zerurlygyny - Ýewropadan, şeýle hem ABŞ-dan islenýän ygtybarly kepillikleriň bolmagyny nygtamagy mümkin.
Çynlakaý meseleler
Ukrainanyň baş gepleşik geçirijisi Rustem Umerow ýakynda "pozisiýalaryň köpüsiniň - parahatçylyk meýilnamasynyň 90 göteriminiň - eýýäm ylalaşylandygyny, jikme-jiklikler boýunça işiň dowam edýändigini" tassyklady.
Parižde ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýan bu jikme-jiklikler, Ukrainanyň kontakt liniýasynyň doňdurylmagyny ýa-da tutuş Donbas sebitiniň demilitarizasiýa edilen zona öwrülmegini öňe sürýän territorial ylalaşyklar baradaky çylşyrymly meseläni öz içine alýar.
Başga bir mesele, Zaporižžýa atom elektrik stansiýasynyň eýeçiligi bilen baglanyşyklydyr, Kiýew Ukrainanyň we Russiýanyň ony bilelikde dolandyrmagy baradaky pikirini ret edýär we ABŞ-nyň ondan energiýany Moskwa satmak üçin goşulmagyny isleýär.
Şeýle-de bolsa, Brýusselde Russiýanyň bu meseleleriň haýsydyr biri bilen ylalaşjakdygyny pikir edýänler az, Kreml söweş meýdanynda ýeňiş gazanýandygyny duýmak isleýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin soňky hepdelerde Moskwanyň "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýan maksatlaryna ylalaşyk ýa-da güýç arkaly ýetjekdigini birnäçe gezek aýtdy.
Şuny göz öňünde tutup, ÝB aýratynlykda täze sanksiýalar tapgyryny taýýarlaýar, bu dört ýyla golaý wagt mundan ozal başlanan doly möçberli çozuşdan bäri 20-nji sanksiýadyr we onuň ýanwar aýynyň ahyrynda agza döwletlerine tassyklatmak üçin hödürlenmegi mümkin.