Seulyň merkezi etrap kazyýeti 19-njy fewralda Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýoly, pitne we konstitusion gurluşy bozmak synanyşygynda günäli tapyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
“Roýters” agentliginiň habaryna görä, kazyýet öňki prezidenti 2024-nji ýylyň dekabrynda ýurtda harby ýagdaý girizmek synanyşygy bilen baglanyşykly çäreleri gurnamakda günäli tapdy. Aýyplaw netijesine görä, Ýun Sok-ýol, parlamente we syýasy garşydaşlaryna basyş etmek üçin, harby hem-de howpsuzlyk güýçlerini ulandy. Kazyýet bu hereketleriň ýurduň demokratik düzgünine wehim salandygy baradaky karara geldi.
Prokuratura oňa ölüm jezasynyň berilmegini sorady. Ýöne kazyýet ömürlik türme tussaglygy hökümini çykardy.
Ýun ozal adalatyň ýerine ýetirilmegine päsgel bermekde günäli tapylypdy.
Ýun Sok-ýol 2022-nji ýylyň maý aýynda Günorta Koreýanyň prezidenti wezipesini eýeledi.
Parlament bilen aradaky ýiti syýasy gapma-garşylyklaryň arasynda, ol 2024-nji ýylyň dekabrynda harby ýagdaý yglan etdi. Deputatlar prezidentiň harby ýagdaý baradaky permanynyň derhal ýatyrylmagyna ses berdiler. Şondan soň ýurtda impiçment işi başlandy.