Türkmenistanda 27-nji maýdan başlap, üç günläp Gurban baýramy bellenilýän mahaly, Aşgabadyň bazarlarynda we beýleki söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bahalary 50-60 göterim we egin-eşikleriň nyrhlary azyndan 100 göterim gymmatlady.
Bazarlarda alyjylar ýeterlik bolsa-da, gymmatçylygyň arasynda, harytlary gramlap ýa-da däneläp satyn alýan alyjylar göz-görtele köpelýär. Munuň bilen bir wagtda, bazarlarda hökümete nägileligini aç-açan beýan edýänlere hem köp duş gelse bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji maýda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şäheriň bazarlarynda we uly söwda marketlerinde ozal 1 kg 12 manat bahalanan ýeralma 15-17 manada gymmatlady. Käşiriň bahasy 10 manatdan 14 manada ýokarlandy. Bir kilogram tüwi 20 manatdan 25 manada gymmatlady. Iň arzany 35 manatdan başlanýan ýokary hilli tüwi 43-60 manat aralygynda bahalanýar” diýip, aşgabatly alyjy anonimlik şertinde beren maglumatynda käbir harytlaryň ozalky we häzirki bahalaryny mysal getirdi.
Gymmatlama Gurban baýramyna iki gün galanda göze ilip başlady. Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 27-28-29-njy maýda bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hakyndaky permana 22-nji maýda geçirilen hökümet maslahatyndan gol çekdi.
"Ertir baý goňşym gurbanlyk soýup, paý getirmezmikä"
Has ýiti gymmatlama egin-eşikleriň bahalarynda göze ilýär. Hususan-da, meşhur brendleriň eşikleriniň hytaý nusgalary 100 göterime çenli gymmatlady.
“Mundan ozal 400 manat bolan futbolkalar, elbetde, olar galp brend logoly, 800manat boldy. 250 manatdan bahalanan köýnekler indi 600 manat boldy. Sport krasowkalar 300 manatdan 700 manada gymmatlady, 300 manat bolan kepkalar 800 manat boldy” diýip, ýagdaýlardan aşgabatly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Paýtagtly ýaşaýjylaryň ençemesi türkmenlerde Gurban baýramynda täze geýim satyn almagyň ýoň bolandygyny aýdyp, telekeçileriň mundan peýdalanyp, harytlaryny gymmatladandygyna ynanýar.
Bazarlarda alyjylar ýeterlik bolsa-da, gymmatçylygyň arasynda, harytlary gramlap ýa-da däneläp satyn alýan alyjylar göz-görtele köpelýär.
Munuň bilen bir wagtda, bazarlarda hökümete nägileligini aç-açan beýan edýänlere hem köp duş gelse bolýar.
“Alyjylar gerek zadyny ýeterlik mukdarda satyn alyp bilmeýärler. Bir kilogram etiň bahasy 185 manat. ‘Ertir plan goňşym baý, şol goýun gurbanlyk soýup, paý getirmezmikä’ diýip, tamakin umytlar bilen gürleşýän adamlar köp. Olar et satyn alman, öýlerine gidýärler. Taryhda et iýmekde öňüne başga adam düşürmeýän millet üçin indi et delikotes tagama öwrüldi. Nebit-gaza baý ýurduň halky üçin 2 kg etiň bahasy köp adamyň bir aýda alýan pensiýasyna deň” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Ymamlaryň Gurban baýramyny bellemek çagyryşlary"
Gymmatlama, prezident Serdar Berdimuhamedowyň bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini bellemeginden 20 gün soňa gabat geldi. Döwlet baştutany bu barada Ministrler Kabinetiniň 8-nji maýda geçirilen göçme mejlisinde belledi.
Türkmen prezidenti şeýle bellikleri ýurtdaky uly baýramçylyklaryň we şanly seneleriň öňüsyrasynda, ýylyň dowamynda birnäçe gezek edýär.
Muňa garamazdan, ýurtda uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, azyk harytlarynyň, şol sanda etiň bahasy gymmatlaýar. Baýramçylyk günlerinden soň, käte bahalar öňki derejesine peselse, käte-de şol gymmatlan möçberinde saklanýar.
Galyberse-de, bu gezekki gymmatlama, Ahal welaýatynyň metjitlerinde ymamlaryň ilaty bu baýramçylygy giňden bellemäge çagyryp, bu babatda wagyz-nesihat işlerini geçirmeginden bir hepde soňa gabat geldi.
Şonda ahally ýaşaýjylaryň ençemesi muny, ýurtda 10 ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetleriň ‘ilatyň güzeran eklenjiniň ýaramazlaşandygyny ýaşyrmaga çalyşmak tagallalary’ atlandyrdy.
Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum