Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň garyndaşy Afrikada guýy gazdyrdy


Guýynyň gurluşygy 2 müň dollar bolupdyr.
Guýynyň gurluşygy 2 müň dollar bolupdyr.

Kamerunda Türkmenistanyň ozalky prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeniniň 20 ýaşly oglunyň ady bilen guýy açyldy. Bu Türkiýäniň haýyr-sahawat guramasy tarapyndan guramalaşdyryldy. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär.

Sosial torlarda ýerleşdirilen wideoda guýa Begenç Rejepowyň adynyň dakylandygyny görkezýän billlbordy synlasa bolýar. Guýynyň gurluşygy 2 müň dollar bolupdyr.

Begenç Rejepow – Hajymyrat Rejepowyň ogly we Annanazar Rejepowyň agtygy. Soňkusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Durdynabada öýlenen.

Mundan öň, prezidentiň ýakyn garyndaşlarynyň, şol sanda Rejepowlaryň ýurduň döwletiň eýeçiligindäki emläklerden girdeji gazanýandygy barada garaşsyz derňewler çykypdy. Türkmen häkimiýetleri bulara reaksiýa bildirmeýärler.

Forum

XS
SM
MD
LG