Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň prezidenti Russiýanyň Ýewropa abandyryp biljek howpy barada duýdurdy


Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabaşwili
Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabaşwili

Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabaşwili eger-de Ukraina uruşda ýeňilse, onda Russiýanyň agressiýasynyň Ýewropa ýurtlaryna gönükdirilip bilinjekdigini duýdurdy.

“Bu Russiýanyň tebigaty, ol duzdurylmasa, ol saklanmaýar” diýip, 71 ýaşly prezident Mýunhen Howpsuzlyk Konferensiýasynyň çäginde, dpa neşirine beren interwýusynda belledi.

“Ýewropalylar alada galmaly” diýip, Zurabaşwili aýtdy, we “Bu günki gün Ukraina hakykatdanam Ýewropanyň howpsuzlygy üçin söweşýär, şeýle-de ukrainalylar beýleki ýewropalylar üçin jan berýärler” diýip, sözüne goşdy.

“Russiýanyň ýaraglarynyň älemdäki satellitlere garşy ulanyp bilinjekdigi baradaky gürrüňler, geografiýanyň indi rol oýnamandygyny görkezdi” diýip, hem Gürjüstanyň prezidenti belledi.

XS
SM
MD
LG