Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda çagalara enelik adyny ýa-da ata familiýasyny saýlamaga rugsat berildi, ýöne diňe kämillik ýaşyna ýetenler üçin


Graždan aktiwisti Altyn Kapalowa
Graždan aktiwisti Altyn Kapalowa

Gyrgyzystanyň Konstitusiýa kazyýeti çagalara familiýa bermek baradaky jedelli meseläniň soňuna çykdy. Iň ýokary kazyýetiň gelen kararyna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara ene familiýasyny bermek gadagan edilýär, ýöne raýat 18 ýaşyna ýetenden soň, ata tarapynyňmy ýa-da ene tarapynyň adyny saýlamagy özi çözüp bilýär. Bu meseläni ýokary kazyýetde ara alyp maslahatlaşmagy öňe süren aktiwist indi halkara derejesindäki hukuk guramalaryna arz etmek isleýär.

Döwlet hasaba alyş gullugy rugsat berýär, kazyýet ony yzyna alýar

Graždan aktiwisti Altyn Kapalowa çagalaryny ene atlary bilen bagly etmek meselesini iki ýyl gowrak wagt bäri öňe sürüp gelýär. Kapalowa 2021-nji ýylyň başynda, çagalarynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny üýtgetjekdigini, ýagny “çaganyň atasynyň ady” diýlen ýere öz adynyň ýazylmalydygyny mälim etdi. Ol öz garaýşy barada sosial ulgamlarda ýazdy goýdy, ol ulanyjylaryň arasynda köp jedeliň döremegine sebäp boldy. Soňra Döwlet hasaba alyş gullugy çaganyň atasynyň adyny üýtgetmegi talap edip, kazyýete ýüz tutdy, ýöne kanuna laýyklykda, ene ady bilen çagalara dokument berilmeýär.

Bu mesele boýunça kazyýet işi 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Şonda paýtagt Bişkegiň Oktýabr etrap kazyýeti aktiwistiň çagalarynyň hossarlyk atlarynyň çalşyrylmagy baradaky karary ýatyrdy. Soňra ýokary derejedäki häkimiýetler hem bu karary üýtgewsiz galdyrdylar.

Altyn Kapalowa Ýokary kazyýetiň kararyny adalatsyz hasaplap, Konstitusiýa kazyýetine ýüz tutmak kararyna geldi. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Konstitusiýa kazyýeti onuň arzasyny işe girizmegi karar etdi. Kapalowa kazyýetleriň Döwlet hasaba alyş gullugynyň tarapyny tutýan kararyna "Graždan statusy hakyndaky kanun" maddalarynyň eneleri atalar bilen deň derejede goýmaýandygyny öňe sürdi.

Emma alty aýa golaý wagtlap, Konstitusiýa kazyýeti Kapalowanyň haýyşyny kanagatlandyryp bilmedi. Kazylaryň pikirine görä, çaganyň atasyna derek, enesiniň ady berilse, däp bolan jemgyýetde, oňa garşy dürli masgaralaýjy we azar beriji (masgara etmek, kemsitmek) ýagdaýy ýüze çykyp biler. Şol bir wagtda kazyýet 18 ýaşyna ýetenden soň, raýatyň ene familiýasyny ýa-da atalygy saýlap almaga hukugynyň bolmalydygyny ykrar etdi.

Kapalowanyň ýeňşi

Altyn Kapalowa arzasynyň kanagatlandyrylmandygyna garamazdan, bu gelnen karary ýeňiş hasaplaýar. «Başga zatlara garamazdan, men muny ýeňiş hasaplaýaryn. Aýallar entegem dünýä inen çagalaryna öz adyny berip bilmeýär, ýöne kämillige ýeten çagalar ejesiniň adyny alyp bilýär. Men bu ýeňşi üçin, hemmeleri gutlaýaryn!» diýip, aktiwist Facebook sahypasynda ýazdy.

Kapalowa Konstitusiýa kazyýetiniň uly ýaşdakylaryň enelik adyny ýa-da ata adyny çözmek hukugy baradaky kararynyň bir bölegini beýan edip, muny "adalata we gender deňligine tarap uly ädim" diýip atlandyrdy.

Ol Konstitusiýa kazyýetiniň çykaran karary barada, entek resmi metbugat habarynda aýan edilmezinden öň ýazdy. Sosial ulgamlarda bu habar peýda bolandan soň, raýat hatda kämillik ýaşyna ýetende-de, milli däp-dessurlara laýyklykda, ene/eje adynyň ulanylmagy barada uly jedel turdy. Konstitusiýa kazyýeti bu mesele boýunça hem öz garaýşyny çap etdi.

Hususan-da, kazyýet öz kararynyň adam adynyň üýtgedilmegi bilen bagly gyrgyz jemgyýetiniň däp-dessurlarynyň we taryhy esaslarynyň hiç hili bozulmaýandygyny belläp geçdi.

«Bu däp-dessura garşy däl»

Prezidentiň maslahatçysy Çolponbek Abykeýew Gyrgyzystanyň Konstitusiýa kazyýetiniň çykaran karary babatda, Azatlyk Radiosyna kommentariýa berip, ol ýedi arkasyna çenli ata-babalarynyň atlaryny bilmek gyrgyzlaryň däbidigini mysal hökmünde agzap geçdi we munda ene tarapynyň adynyň gabat gelmeýändigi baradaky pikirini beýan etdi:

«Demokratiýanyň öz ýoly bar. Biziň ýaly kiçi halklar, ýagny gyrgyzlar üçin öz ata-babalarynyň ýedi arkasynyň atlaryny bilmek däbiniň bolmagy ýöne ýerden däldir. Ata-babalaryňy bilmek öz genetikaňy, gelip çykyşyňy unutmazlygy aňladýar. Eger ene ady bilen atlandyrylsaň, onda sen kimiň ogludygyňy unudýarsyň" diýip, Abykeýew hasap edýär.

Altyn Kapalowa 2021-nji ýylyň ýanwarynda, çagalarynyň dokumentindäki atasyna degişli ýazgyny ene ady bilen çalşyrmak isleýändigini yglan edende, bu gelen kararyny çagalaryň biologiki atasynyň beýle dokumente rugsat bermändigi we "kontroly saklamak üçin, her hili synanyşyk" edendigi, aslynda bolsa aliment hem tölemändigi bilen düşündirdi. Şol ýazgy hem çaglara täze dokumentleri bermezden ozal Döwlet hasaba alyş gullugynyň ünsüni çekdi. Bu entek täze dokumentleri ýatyrmak prosedurasynyň başlangyjy boldy.

Jemgyýetçilik pikirini öňe sürüji Olžobaý Şakir milli däp-dessurlara salgylanyp, ene familiýasyny ulanmakdan boýun gaçyrmak dogry däl diýip hasap edýär.

«Biz jemgyýetde ýowuz adamlaryň bardygyny görýäris, olar atalyk borçlaryny ýerine ýetirmeýärler we çagalaryny urup-horlaýarlar. Bu diňe zenanlaryň garşylygy däl. Bu çagalaryň hem ýüreginde bar. Şeýle erkekler bar, çagalary oňa ata diýip bilmeýär. Däp-dessura daýanmak bilen familiýanyň üýtgedilmegine garşy durmak dogry däl. Bu çakdan-aşa milletçilik bolýar. Öz burnuňdan aňryny görmän, hemme zady milli buýsanç bilen baglanyşdyrmak nädogry. Beýle zat tersine, milletiň zaýalanmagyna alyp barar» diýip, Şakir aýdýar.

Gyrgyzystanyň Konstitusiýa kazyýetiniň kararynda, kanunçylykda hukuk üpjünçiliginiň bolmalydygy görkezilýär, kämillik ýaşyndaky graždanlara atasynyň familiýasy bilen ejesiniň familiýasyny saýlap almaga mümkinçilik bermek we aýal-erkek arasyndaky deňlik düzgüniniň bozulmagyna ýol bermezlik hem-de jynsy gatnaşyklaryň esasyndaky kemsidilmäniň gadagan edilmegi üçin şert döretmeli. Bu diýildigi, parlament kazyýetiň görkezen meseleleriniň öwezini doldurmaly bolar diýip, kazyýet görkezýär.

Altyn Kapalowa hökümiň bu bölegini ýeňiş hasap etse-de, ol kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara ene familiýasynyň gadagan edilmegi baradaky karara garşy çykmak isleýär. Konstitusiýa kazyýetiniň kararyna arz-şikaýat edilmeýändigi üçin, Kapalowa halkara kazyýetlerine ýüz tutmagy planlaşdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG