Azatlygyň habarçylary ýurduň galla meýdanlarynda yssy howada gyzyp, ot alýan we heläkçilikli ýangyn howpuny döredýän kombaýnlar baradaky maglumatlaryň ‘gürelýändigini’ habar berýärler. Hünärmenler bu ýangynlaryň sebäbini diňe yssy howa, sürüjileriň geleňsizligi bilen baglanyşdyrmagyň dogry bolmajakdygyny, meseläniň işiň goralyşy bilen baglydygyny öňe sürýärler.
Galla oragy başlanaly bäri Ahal sebitiniň Bäherden etrabynda iki, Mary welaýatynyň Murgap, Baýramaly etraplarynda jemi üç sany kombaýn ýangyny döräp, olaryň biri doly ýanyp gutardy diýip, 23-nji iýunda gelen habarda aýdylýar.
Azatlyga ekin meýdanynda gyzyl ýalna, gara tüssä gaplanan kombaýnyň suraty hem gelip gowuşdy.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlar babatdaky çydamsyzlyk bu habarlary resmi ýagdaýda tassyklatmak, zyýan çeken hojalyklar barada anyk maglumat almak mümkinçiligini bermeýär.
Türkmenistanda galla oragyna, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek barada berilýän wadalar bilen baglylykda, möhüm syýasy çäre hökmünde garalýar diýip, ýerli synçy aýtdy.
Sürüjileriň seresap we dykgatly bolmagy talap edilýär
Galla oragy adatça howanyň iň gyzýan wagtlaryna gabat gelýär we, yssy howada, agyr şertlerde işlemeli bolýandyklary sebäpli, kombaýn sürüjilerinden örän seresap we dykgatly bolmak talap edilýär.
Anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň sözlerine görä, kombaýnlaryň çarhlarynyň güýçli aýlanmagy netijesinde, çarhlary herekete getirýän kemerlere uly agram düşýär, olar gaty gyzýar.
“Kemerleriň arasyna bugdaý samany, harpyk, sypal düşüp, dowamly sürtülme netijesinde dörän gyzgynlykda uçgun döreýär. Ol uçgunlar syçrap, kombaýnlara ot düşýän, ýangyn döreýän halatlary hem seýrek bolmaýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
“Bu hili ýagdaýda kombaýn dolandyryjylaryň örän dykgatly, hüşgär bolmagy zerur. Kemerleriň arasyna bugdaý samany, sypal düşüp, gyzgyna tüsseläp başlan badyna görüp, kombaýny durzup, derrew zerur çäreleri görmeli. Emma sürüjiler käte, işi bökdemejek bolup, bu pursady elden giderip, gijä galýarlar.”
Aýdylmagyna görä, şu ýyl hüşgärligi elden berýän, kombaýnlaryň meýdanda ot almagynda günäkär hasaplanyp biljek sürüjiler ‘has-da artdy’.
Häzir daşary ýurtlaryň birinde işleýän ozalky kombaýnçy bu ýagdaýy ýurtda tejribeli sürüjileriň barha köp işden çykmagy we azalmagy bilen baglanyşdyrdy.
Onuň sözlerine görä, tehnikanyň guratlygyna seredip, kemerleriň arasyna düşýän samany, beýleki çöp-çalamy ýygy-ýygydan aýryp, tehniki howpsuzlygy birkemsiz berjaý edýän sürüjiler kän däl we giden sürüjileriň ýerine ýaş, tejribesiz adamlar işe girýär.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Bir kombaýn doly ýanyp, kül boldy
Mary welaýatynyň Murgap, Baýramaly etraplarynda ot alan üç kombaýnyň biri doly ýanyp, kül boldy, beýleki iki kombaýnyň ýangynyny wagtynda, ot söndürijiler bilen söndürmek başartdy diýip, habarda aýdylýar.
Çeşmäniň sözlerine görä, beýleki iki kombaýna hem “tehniki zyýan ýetdi, ýöne olary, her niçik-de bolsa, wagtynda söndürmek başartdy”.
Aýry-aýrylykda gürleşilen kombaýnçylar howanyň hakykatdanam yssydygy, şertleriň gowy däldigi bilen ylalaşdylar. Ýöne olar bu ýerde “ýokardan berilýän görkezmeleriň”, galla orýan kombaýnlaryň gije-gündiz diýmän işledilmeginiň hem bir sebäpdigini aýtdylar.
Ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, Türkmenistanda daýhanlaryň işi köplenç ýokardan berilýän görkezmeler esasynda, ekiş, orak möwsümleri döwlet propagandasynyň bir bölegine öwrülýär.
Ýokardan berilýän görkezmeler, gyssanmaçlyk 'gymmat düşýär'
“Kombaýnlary gije-gündiz, arakesme bermezden, gyssagly ýagdaýda işletmäge mejbur edýärler. Diňe tehnika däl, sürüjä hem ‘arakesme gerek’. Ol köplenç ýadaw bolup, kombaýnlardan çykýan uçgunlary wagtynda görmeýär. Bu ýagdaý bugdaý meýdanyna ot düşüp, gektarlap gallanyň ýok bolmagyna hem getirip bilýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Döwlet eýeçiligindäki metbugat Daşoguz, Balkan welaýatlaryndaky daýhanlaryň oraga 9-njy iýunda başlandyklaryny habar berdi. Resmi maglumata görä, balkanlylar şu ýyl geçen güýzde 50 müň gektar meýdana ekilen bugdaýdan 80 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.
Türkmenistanda her ýyl bugdaýyň ýokary hasylynyň alynýandygy habar berilýär. Emma habarçylarymyz resmi hasabatlarda getirilýän sanlaryň nädereje hakykata gabat gelýändigini anyklap bilmeýärler.
Türkmenistanyň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaýyň saklanyp galýandygy, oba adamlarynyň gazanç mümkinçiliginiň gowulaşmaýandygy we mejbury zähmetiň döredýän nägilelikleriniň güýçlenýändigi habar berilýär.
Maglumat üçin aýdylsa, prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we welaýatlardaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylan hem bolsa, iş şertlerini gowulaşdyryp biljek anyk zat aýdylmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum