Türkmenistanda geçirilmegine garaşylýan Halk Maslahatynyň öňüsyrasynda pensiýa üpjünçiligine "täze çäklendirmeleriň girizilmegi mümkin" diýen gürrüňler barha ýaýraýar. Sentýabryň ikinji ýarymynda geçirilýän Halk Maslahatlarynda adatça ilatyň durmuşyna göni täsir ýetirýän kararlar yglan edilýär. Soňky ýyllarda, ilat üçin gaz, suw, tok ýeňillikleri ýatyrmak, aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek ýaly teklipler öňe sürlüpdi.
Häzir bir wagtyň özünde hem döwlet edarasynda işleýän, hem-de pensiýa alýan raýatlara geljekde bu girdeji çeşmeleriň diňe birini saýlatmak barada kararyň eýýäm taýýarlanylandygy hakynda gürrüň edilýär diýip, çeşmeler aýdýarlar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan paýtagtly býujet işgärleriniň sözlerine görä, ilat arasynda edilýän gürrüňlere görä, degişli üýtgeşikligiň Halk Maslahatynda “halkdan gelip gowşan teklip” hökmünde orta atylmagyna garaşylýar.
“Bir wagtyň özünde hem aýlyk, hem-de pensiýa alýan adamlara mundan beýläk diňe olaryň birini almak hukugynyň beriljekdigi barada giňden gürrüň edilýär. Kararyň ýokarda eýýäm kabul edilendigi, emma onuň Halk Maslahatynyň adyndan teklip hökmünde halka ýetiriljekdigi aýdylýar” diýip, paýtagtdaky çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Geçen ýylky Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklibi öňe sürlüpdi. Şol teklibiň edilmegi we onuň ýaşy uly gatnaşyjynyň üsti bilen öňe sürülmegi köpleri geň galdyrypdy. Halk Maslahatyna we ýurda baştutanlyk edýän ýolbaşçylar şol teklibi şonda ne makullapdy, ne-de ret edipdi.
Emma sentýabrda edilen şol teklip, täze ýyldan durmuşa geçirilip, ilatyň girdejileri adatdaky 10% ýokarlandyrylmady. Hökümet bu çäresini resmi taýdan ne yglan etdi, ne-de düşündirdi.
Şondan bäri "pensiýalaryň ýatyryljagy" barada gürrüňler köpeldi.
Häzirki wagtda bilim we saglygy goraýyş pudaklarynda işlemegini dowam etdirýän pensionerler aýlyk haklaryny we pensiýalaryny bir wagtda alýarlar. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan bu pudaklaryň wekilleri ähtimal çäklendirmäniň özleriniň aýlyk girdejisini ep-esli azaldyp biljekdigini aýdýarlar.
“Men şäher saglyk öýünde lukman bolup işleýärin. Aýda 2500 manat aýlyk we 1400 manat pensiýa alýaryn. Eger bularyň diňe birini saýlamaly bolsa, girdejimiň ep-esli bölegini ýitirerin” diýip, aşgabatly lukmanlaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenabadyň orta mekdepleriň birinde işleýän pensioner mugallym hem alada edýändigini aýtdy:
“Ýokary hünär derejesine eýe bolanym we hepdede 30 sagat sapak berýändigim üçin aýda 2800 manat aýlyk alýaryn. Mundan başga-da, 1400 manat pensiýam bar. Pensiýa töleginiň bes edilmegi maşgalamyzyň umumy girdejisine uly täsir eder.”
Bu ýagdaýda lukmanyň aýlyk girdejisi 3900 manatdan 2500 manada, mugallymyňky bolsa 4200 manatdan 2800 manada çenli azalar. Başgaça aýdylanda, olaryň her biri häzirki umumy girdejisiniň üçden birinden gowragyny ýitirip biler.
Şeýle-de, türkmenistanlylaryň häzir köp diskussiýa edýän meselesi çäklendirmeleriň diňe işleýän pensionerlere degişli bolman, ýaşuly raýatlaryň pensiýa üpjünçiliginiň has düýpli görnüşde üýtgedilmegi mümkin diýen howatyrlar hem bar.
Käbir çeşmeler munuň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe pensiýalaryň köpçülikleýin ýatyrylan ýa-da kesilen döwrüni ýatladýandygyny aýdýarlar.
“Režimiň oýnatgy Halk Maslahaty diňe özlerine aýdylyp goýlan zady aýdýar. Öň hem şeýdip, aýlyklary we pensiýalary her ýyl 10 göterim ýokarlandyrmak düzgünini ýatyrdylar. Indi bu ýyl hem başga bir çäklendirmäni olaryň adyndan hödürlemekleri mümkin” diýip, çeşme öz pikirini aýtdy.
Ýaşaýjylar häzirki gürrüňleriň Nyýazow döwründe pensiýalaryň köpçülikleýin kesilen wagty jemgyýetde dörän agyr ruhy ýagdaýy gaýtadan ýatladýandygyny aýdýarlar. Türkmenistanlylar şol döwürde pensiýasynyň ýatyrylandygy baradaky habary agyr kabul eden käbir ýaşulularyň ýürek tutmasyndan ýa-da insultdan aradan çykandygyny, käbirleriniň bolsa öz janyna kast edendigini ýatlaýarlar.
2006-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistandaky pensionerleriň ençemesiniň pensiýasy doly ýatyrylypdy. Şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow maýyplara, öňki kolhozçylara we beýleki gartaşan adamlara pensiýa töleglerini doly togtatmak barada kanuna gol çekipdi.
Häzirki wagtda pensionerleriň sany barada resmi maglumat ýok. Resmi maglumatlarda minimal pensiýanyň 500 manatdan sähel gowrakdygy aýdylýar, bu 142 dollara, gara bazar nyrhy bilen 25 dollara barabar. Emma türkmen pensionerleriniň sözlerine görä, pensiýasy 300 manada ýetmeýän ýaşulular hem bar.
Türkmenistanlylar her ýyl Halk Maslahatynyň öňýany mejlisde gozgaljak meseler barada öňünden alada edýärkä, galýar. Türkmen häkimiýetleri bu barada ne media serişdelerine teswir berýär, ne-de mejlisiň gün tertibini öňünden mälim edýär.
"Döwlet adam üçindir" şygar astynda ýurtda iň ýokary konstitusion ygtyýarlygy amala aşyrýan garaşsyz wekilçilik edarasy hökmünde döredilen Halk Maslahatyna öňki prezident we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum