Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Balkanda un söwdasy bilen meşgullanýan hususy taraplara garşy reýd geçirýär


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, häkimiýetler Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde un söwdasy bilen meşgullanýan hususy taraplara, hususy un söwdagärlerine garşy reýd geçirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda sebitden maglumat berdi.

Ýerli çeşmeler Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde ýerleşýän hususy dükanlarda 1-nji martdan bäri unuň satylmaýandygyny aýdýarlar.

“Hususy un söwdagärlerine garşy reýdler başlandy. Geçen hepdäniň anna gününden bäri hususy dükanlarda Türkmenistanda öndürilen ýerli un satylmaýar. Un satýan käbir dükanlar hukuk goraýjy edaralar tarapyndan möhürlendi” diýip, bir ýerli söwdagär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Güýçlendirilýän gözegçilik çäreleri öňden bäri un söwdasy bilen meşgullanýan hususy telekeçileri söwda işlerini ýaşyryn ýöretmäge iterýär.

“Un satyn almak kynlaşdy, puluňa-da tapdyrmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan söwda pudagynyň bir işgäri un söwdasynyň döwlet baştutany tarapyndan diňe döwlet dükanlarynda ýola goýulmagynyň buýruk berlendigini aýdýar.

“Prezident döwlet dükanlarynyň hemişe un bilen üpjün edilmegini tabşyrypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli hünärmeniň sözlerini sitirleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, döwlet dükanlarynda ýerli unuň bahasy birden gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary fewralyň ortalarynda Balkan welaýatynyň döwlet dükanlarynda 50 kilogram ýerli unuň bahasynyň, hiline görä, 200-225 manat aralygynda bellenendigini habar berdiler. Bu baha welaýatlara görä tapawut etdi. Ýurduň gündogar Lebap welaýatynda ýerli unuň 50 kilogramynyň döwlet bahasy 320-370 manat aralygynda ýokarlandy.

Bu aralykda, günbatar welaýatda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýerli söwdagärler Ahal welaýatyndan Balkan welaýatyna ýerli unuň daşalmagynyň çäklendirilendigini, un daşaýan ýük ulaglarynyň polisiýa nokatlaryndan geçirilmeýändigini aýdýarlar.

“Büzmeýiniň galla kärhanasynda öndürilýän ýerli unuň welaýatyň çägine girizilmegi çäklendirilýär, ýük ulaglary polisiýanyň gözegçilik nokatlarynda saklanýar” diýip, ýerli söwdagärler aýdýar.

Olar güýçlendirilen gözegçilik çärelerini galla önümçiligine degişli kärhanalarda alnyp barylýan derňew işleri bilen ilteşdirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp, Balkan welaýatynyň galla kärhanasynda we alyjylar jemgyýetlerine degişli başga-da birnäçe kärhanada 10-a golaý jogapkär işgäriň häkimiýetler tarapyndan tussag edilendigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy derňew işleriniň jikme-jikliklerini anyklap bilmedi. Seljeriş işleri boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bolmaýar.

Bereket etrabynda hukuk goraýjy edaralaryň galla önümçiligine gözegçilik edýän käbir işgärleriniň hem saklanandygy barada maglumatlar bar diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu maglumatlary tassyklatmaga çalyşýar.

Döwlet telewideniýesi bir ýarym ýyl töweregi mundan ozal, ýurduň günbatar welaýatynyň sebit merkeziniň galla kärhanasynda geçirilen prokuratura derňewleriniň netijeleri barada habar beripdi. Şonda Balkanabat galla kärhanasynyň şol wagtky başlygy we bir jogapkär işgäri bikanun galla söwdasynda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edildi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynda un söwdasy bilen meşgullanýan hususy taraplara garşy geçirilýän reýdleriň arasynda, ilat arasynda un ýetmezçiliginiň ýitileşendigini habar berýär.

“Şu günler, gynansak-da, Balkanyň dükanlarynda un söwdasynyň togtamagy bilen, ilatyň un zerurlygy artýar, un gözläp ýören ýüzlerçe adama duş gelse bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG