Halk maslahaty we onuň nobatdaky mejlisinde orta atylar öýdülýän teklipler barada pikirini aýdan aşgabatly, balkanly bilermenler, öňki harbylar we migrant işçiler bu syýasy çäräniň ilat üçin 'ýene bir kellagyry we tapmaça bolandygyny' aýtdylar. Olaryň käbiri bu guramanyň hakykatda ‘Halk maslahaty däldigini’ aýdyp, onuň adyny üýtgetmegi teklip etse, beýlekileri ol öz adyna halk meseleleriniň açyk maslahat edilen ýagdaýynda mynasyp bolup biler diýen pikiri öňe sürdi.
“Halk maslahaty atlandyrylýan syýasy guramanyň adyny üýtgetmeli, bu hiç hili Halk maslahaty däl” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, halk maslahaty bolmak üçin, birinjiden, onuň mejlisine açyk hereket edýän oppozisiýa fraksiýalary hökmany suratda gatnaşyp bilmeli, halkyň işsizlik, öýsüzlik, walýuta kynçylyklary, derman, azyk meseleleri, milli walýutadaky infilýasiýa, köprüleriň, ýollaryň ýagdaýy, raýatlaryň býujet meseleleri barada açyk maslahat edilmeli.
Halky 'bizar eden oýun'
Halk maslahatyny gysgaça ‘bizar eden oýun’ diýip atlandyrýan raýatlar hem bar. Olaryň pikirine görä, ýaşululary öňe tutup, hakykatda döwlet başyndaky adamlaryň pikirlerini geçirmek üçin ‘oýnalýan oýun’ hakykatda hiç kime gyzykly däl, ol ýurt ykdysadyýetine, umumy ösüşe uly zyýan berýär, halk durmuşynyň gowulaşmagyna, reformalaryň geçirilmegine ‘bökdençlik döredýär’.
“Halk maslahaty häzir diňe bir diktatoryň isleglerini kanunlaşdyrmak üçin taýýarlykly geçirilýän, halk bähbidine ters gelýän zatlary kanunlar bilen berkidýän, döwlete, prezidente we halka uly zyýan getirýän guramaçylykly teatrdan başga zat däl” diýip, özüni ‘ýönekeý raýat’ diýip atlandyran ýaşaýjy aýtdy.
Onuň pikirine görä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzir Eýranyň öňki dini lideri Homeneýiniň pajygaly ölüminden netije çykaryp, öz halkyny repressiýa astynda saklamagyny bes edip, syýasatdan gitse gowy bolar.
Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde käbir syýasy göçümleriň hem ediljekdigi çaklanylýar, ýöne Azatlyk, adatça bolşy ýaly, türkmen hökümetiniň geçirýän ýygnaklarynyň gün tertibi barada öňünden hiç bir anyk maglumat alyp bilmeýär.
Aýry-aýrylykda gürleşilen synçylaryň arasynda häzirki prezident bilen öňki prezidentiň, ataly-ogluň syýasy meýdandaky ‘ylalaşygyny’ sorag astyna alyp, olaryň ‘uzak oňşup bilmejekdigini’ öňe sürýänler hem bar.
'Syýasy göçümler' ähtimallygy çaklamasy
Anyk çeşmesi, kimler tarapyndan we näme üçin ýaýradylýandygy belli bolmadyk, tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, uly Berdimuhamedowyň prezident oglunyň syýasy ygtyýarlyklaryny azaldyp, gyzy Oguljahanyň syýasatdaky ornuny has güýçlendirmek ähtimallygy bar.
Ýöne bu diýilýän ‘ähtimallyk’ häzirlikçe, Oguljahan Atabaýewanyň köpçülige çykanda prezident doganyna garanda özüni has erkin duýýandygy barada aýdylýan sözlerden, öňki birinji hanymyň, häzir prezident ejesiniň güýçlenendigi aýdylýan täsirleri baradaky çaklamalardan başga tassyklaýyş tapmaýar.
Bilermenleriň käbiri uly Berdimuhamedowyň ‘ähli häkimiýeti gyzyna geçirmäge taýýarlyk görýändigi’ barada aýdylýanlar çyn bolsa, halkara adam hukuklary guramalarynyň Türkmenistana adam hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça pes bahalary berýän döwründe, ‘bu ädimiň uly ýalňyşlyk’ bolup biljekdigini öňe sürýär.
“Kakasynyň gyzy diýildigi hökümete, döwlete başlyk bolup başarar diýdigi däl” diýip, söhbetdeşimiz Oguljahan Atabaýewany nazarda tutup aýtdy we Halk maslahatynda ýa soňra edilmegi mümkin syýasy göçümleriň häzirki Ýakyn Gündogar wakalarynyň fonunda uly töwekgelçilik bolmagynyň mümkindigini aýtdy we, Türkmenistan sebitde goranmak ukyby Eýran ýa-da Azerbaýjan ýaly vurtlar bilen deňeşdirerden has pesdäki döwlet diýen pikiri öňe sürdi.
Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar tebigy baýlyklardan, nebit-gazdan gelýän girdejilere garamazdan, döwletiň halky pes aýlyk we pensiýalar bilen saklaýandygyny, walýutanyň döwlet kursy bilen gara bazar kursunyň arasyndaky uly tapawudyň ýönekeý adamlary tozdurýandygyny aýtdylar we Halk maslahatyny nazarda tutup, halkyň ‘indi bu spektakllara ynanmaýandygyny’ bellediler.
Pikiri soralan adamlaryň käbiri “Erkin pikirli oppozisiýa partiýasy ýok, Halk maslahatyndan hiç bir gowulyga garaşmaýarys, marionetkalaryň ykbal çözen wagty bolmandy”, “Pul tapsak türke, ýewropa gidip işlejek, ýurdy başyny iýsin” diýen lapykeç jogaplary berdi diýip, habarçymyz ýazdy.
Geljegini 'Türkmenistanda görmeýän adamlar köpelýär'
Ýerli synçylaryň we hünärmenleriň köpüsiniň pikirine görä, ýurtda geljegini Türkmenistanda görmeýän adamlar barha köpelýäne meňzeýär.
“Kakamyz, ejemiz, bizi adam etjek bolup, ömürlerini daşary ýurtlarda geçirdi, bizem indi çagalarymyz üçin daşary ýurtlara gidip işleýäris” diýip, 30 ýaşlaryndaky iki raýat aýtdy. Olar öz çagalaryna hem şeýle ykbalyň garaşýan bolmagynyň mümkindigini, geljek hakda nädip pikir etjeklerini bilmeýändiklerini hem sözlerine goşdular.
Türkmen metbugaty Halk maslahatyny demokratiýanyň milli nusgasy hökmünde häsiýetlendirýär, ýöne onuň nobatdaky mejlisinde anyk nähili meselelere garaljakdygyny anyklaşdyrmaýar.
Bu maslahat barada soňky çykan habarlaryň birinde onuň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň iň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilendigi bellenýär.
Synçylar Türkmenistanyň halkyny soňky ýyllarda ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň, ýylda milliardlarça dollar bahasy bolan energiýa serişdelerini satýan ýurtda maliýe, býujet aýdyňlygynyň bolmazlygynyň, prezidentiň mejlisde açyk hasabat bermezliginiň uly alada goýýandygyny aýdýarlar.
Bilermenleriň pikirine görä, açyk-aýdyňlyk ykdysady ösüşiň durnuklylygynyň esasy şertleriniň biri bolup, hökümetiň abraýyny artdyrýar.
Şu aralykda Türkmenistanda adam hukuklary we demokratiýa ýagdaýynyň çylşyrymly bolup galýandygy ýene bir gezek tassyk edildi.
Azatlyk Halk maslahaty we onda garaljak anyk meseleler barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum