4-nji iýulda gündogar Harkow sebitiniň Perwomaýski şäherine edilen rus hüjüminde 40-dan gowrak adam, şol sanda 12 çaga ýaralandy diýip, ukrain resmileri aýtdy.
Harkowyň sebit häkimi Oleh Synehubow telegramda hüjümiň ýerli wagt bilen sagat 1:35-de amala aşyrylandygyny, onuň birnäçe awtoulaga ot berip, ýaşaýyş jaýlarynyň penjirelerini döwendigini habar berdi.
Ejir çekenleriň arasynda 10 aýlyk bäbek we bir ýaşly çaga hem bar diýip, Synehubow telegram kanalynda ýazdy. Ol raketa hüjümi netijesinde 43 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Içeri işler ministrligi 41 adamyň ýaralanandygyny, olaryň arasynda 12 sany çaganyň hem bardygyny aýtdy.
Bu raketa häzir Donbas sebitinde barýan agyr söweşlerden degişlilikde has uzakda ýerleşýän Perwomaýski şäherine, ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalyndaky awtoulag duralgasyna gelip düşdi.
Raketa hüjümi netijesinde sekiz sany beýik gatly bina we sekiz awtoulaga zyýan ýetdi diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.