Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýyr-sahawat fondunyň bäş ýyllygynda maýyp çagalara berlen sowgatlar yzyna alyndy

Türkmenistanlylar. Aşgabat (arhiw suraty).
Türkmenistanlylar. Aşgabat (arhiw suraty).

Balkan welaýatynda maýyp çagalar üçin internatlarda we ýetimler öýlerinde ýörite dabaralar geçirilip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat fondunyň bäş ýyllygy bellendi. Döwlet baştutanynyň kakasy öňki prezidentiň adyny göterýän fonduň adyndan mätäç çagalar üçin käbir sowgatlar berildi.

Haýyr-sahawat fonduň wekilleri Balkanyň häkimiýet resmileri bilen bilelikde şu hepdäniň başyndan bäri sebitiň käbir ýerlerindäki maýyp çagalar üçin internat mekdeplerine, eklenjini ýitiren we ene-atasyndan ir mahrum bolan we hossarlyga alynan çagalaryň maşgalalaryna baryp gördüler diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri 1-nji aprelde habar berdiler.

Häkimiýetleriň bu çäreleri fonduň merkezi edarasy üçin wideo düşürilipdir.

"Wideo alnan maglumatlarda mätäçlere gymmatbaha sowgatlaryň we azyk önümleriniň berlendikleri görkezilýär. Bu zatlary suratdyr-wideolara düşürdiler we özleri bilen getiren sowgatlaryny we azyk önümlerini ýene özleri bilen alyp gitdiler" diýip, çärä gatnaşan balkanly ýaşaýjy gürüň berdi.

Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýene bir ýaşaýjy özüniň maýyp çagasy üçin sowgat we azyk önümleriniň getirilendigini we olary özüne gol çekdirilip berlendigini, emma soň surata düşürilenden soň elinden alnyp, äkidilendigini gürrüň berdi.

"Dogabitdi maýyp ogluma Gaznanyň wekilleri gelip maýyplyk arabasyny, pampersi, 5 kilogram goýun etini, ýag, tüwi we makaron getirip, bu harytlary we sowgady kabul edip alandygym hakda resminama gol çekdirip, soň getiren zatlaryny özleri bilen alyp gitdiler" diýip, kemsidiji ýagdaýa sezewar edilen ene gürrüň berdi.

Ol sowgady getiren häkimlik wekilleriniň özlerine berlen tabşyryga görä şeýle edýändigini düşündirdiler diýdi.

"Häkimlik işgärleri 'sen dogry düşün, gaznadan bize bu zatlary sowgat bermek tabşyryldy, ýöne gaznadan bir köpük almazdan, häkimlik, aýallar we kärdeşler guramalarynyň işgärlerinden pul ýygnap sowgat gowşurmak talap edildi. Işgärler hem pul tabşyrmakdan ýadady. Şonuň üçin biz şu sahnalary etmäge mejbur bolýarys' diýdi. Şeýdip, maňa arabany we azyk önümlerini kabul etdim diýip, ýazdyrdylar we kameranyň öňünde Arkadaga beren sowgatlary üçin atalyk aladasyna minnetdarlyk aýtdyrdylar" diýip, zenan resmileriň haýyşyny berjaý edendigini gürrüň berdi.

Balkanda geçirilen bu çäreler Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň düýbüniň tutulmagynyň bäşinji ýyl dönümine bagyşlanýar. Resmi metbugatda onuň mätäç çagalary goldamak boýunça iş alyp barýandygy mahabat edilýärkä, iş ýüzünde ilata wagtal-wagtal berilýän kömegiň ýoýulýandygyny görkezýän ýagdaýlar ýüze çykýar.

Mundan öň, paýtagtda, Maryda we Lebapda gaznanyň adyndan paýlanan kömegiň resminamalarda görkezilen sanawdan tapawutlanyp berilmegi, raýatlaryň özlerine berilmedik zatlary aldym diýip, gol çekmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi köpçülige mälim bolupdy.

Şeýle-de, ýurduň býujet edaralarynda zähmet çekýän işgärlerden bu gazna üçin pul tabşyrmak yzygiderli talap edilýär.

Emma muňa garamazdan, käbir çeşmeler gaznanyň maddy mümkinçiliginiň örän çäklidigini aýdýarlar. Gaznanyň sebit bölümleriniň birinde işleýän çeşme gaznada pul ýok diýdi.

"Pul ýok. Eýrandaky çagalara ugradylan ynsanperwerlik kömegi döwlet pulundan alyndy. Aslynda gazna üçin býujetçilerden mejbury alynýan pullar hem gaznanyň işgärleriniň aýlyk haklaryna, sebitlerdäki ofisleriniň elektrik togunyň töleglerine-de ýetmeýär" diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan resmi görnüşde teswir alyp bolmady. Azatlyk Radiosynyň guramanyň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere eden jaňlaryna jogap berilmedi.

2021-nji ýylda döredilen gaznanyň esasy wezipeleri, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, ene-atalaryň howandarlygyndan mahrum bolan çagalara giň möçberde goldaw bermek, çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny we bejergini maliýeleşdirmek, saglygy dikeldiş we sagaldyş çärelerini geçirmek, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermek, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat.

Türkmen metbugaty bu gaznanyň Türkmenistanyň adyndan Ukrainadaky, Palestinadaky, Owganystandaky we Eýrandaky çagalara kömek ugradandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky haýyr-sahawat fonduny onuň uly gyzy Oguljahan Atabaýewa wise-prezident wezipesinde dolandyrýar.

Resmi metbugatyň berýän maglumatlaryndan tapawutlylykda, sosial ulgamlarda pikirini aýdýan ýaşaýjylar we Azatlygyň çeşmeleri soňky onýyllyklarda ýurtda kömege mätäç çagalaryň sanynyň görülmedik derejede köpelendigini, öňki prezidentiň adyny göterýän gaznanyň kömege mätäç çagalara deň gözde garamaýandygyny we bu guramanyň esasan propaganda üçin ulanylýandygyny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG