Eýrandaky uruş adaty energiýa üpjünçilik ugurlaryny bozup, Günbatar bolsa Russiýanyň tranzit torlaryna garaşlylygyny azaltmaga çalyşýan bir döwürde, Hazarüsti geçelgeler halkara diplomatiýasynyň we maýa goýumlarynyň üns merkezine ýene-de öwrüldi.
Şu aýyň başynda Bakuwda geçirilen Energetika hepdeliginde birnäçe sebit taslamalary dünýä oýunçylarynyň has uly ünsüni çekdi. Olaryň arasynda deňziň astyndan geçýän “ýaşyl” elektrik geçirijisi hem-de Orta Koridor ady bilen tanalýan Hazarüsti Halkara Ulag Ugry bar.
Emma başga bir möhüm taslamanyň – uzak ýyllardan bäri gijikdirilen Trans-Hazar gaz geçirijisiniň (THG) geljegi henizem näbelli bolup galýar. Bu taslama 1999-njy ýyldan bäri geosyýasy çykalgasyz ýagdaýda saklanyp gelýär. Şeýle-de bolsa, onuň tarapdarlary Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigy gazyny täze ugur arkaly dünýä bazarlaryna çykarmak arzuwyndan ýüz öwrenoklar.
Hazar deňziniň üstünden Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen baglanyşmagy arkaly THG türkmen gazyny we beýleki ýurtlaryň gazyny göni Günorta Gaz Koridoryna geçirerdi. Bu iri geçiriji ulgamy Türkiýäniň üstünden geçip, Gresiýa, Italiýa we Ýewropa Bileleşiginiň giň bazarlary bilen baglanyşýar.
Russiýa we Eýran çetde galýar, Hytaý bolsa öz oýnuny oýnaýar
THG taslamasy Russiýanyň we Eýranyň garşylygyna sezewar boldy, sebäbi bu ýurtlar taslama amala aşsa, tranzitden daşda galýarlar. Hytaýyň geosyýasy we energetika ugurlaryndaky hereketleri bolsa ýagdaýy has hem çylşyrymlaşdyrýar.
Ýöne meseläniň esasy ýetmeýän bölegi – geçirijiden akyp geçmeli gazyň esasy üpjün edijisi bolan Türkmenistanyň özüdür.
Bilermenleriň pikiriçe, Aşgabat taslama gatnaşmakdan ýüz öwürmeýär, emma berk strategik bitaraplyk syýasatyny alyp barýar.
Türkmenistan teklip edilýän THG arkaly eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek isleýär, ýöne munuň üçin ilki bilen Günbatardan berk ykdysady kepillikler gerek. Sebäbi ol Moskwadaky we Tährandaky güýçli goňşularynyň mümkin bolan garşylygyna duçar bolmak islemeýär.
THG ilkinji gezek 1999-njy ýylda ABŞ-nyň goldawy bilen, “Bechtel” we “General Electric” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Bahasy 5 milliard dollardan ýokary bolan taslama ýylda 32 milliard kub metr gaz daşamaga niýetlenipdi.
Türkmenistan bu taslama şeýle çynlakaý garady welin, 2015-nji ýylda Gündogar–Günbatar gaz geçirijisini tamamlamak üçin 2 milliard dollar sarp etdi. Bu geçiriji ägirt uly Galkynyş käninden ýylda 30 milliard kub metr gazy Hazar kenaryna ýetirmäge niýetlenipdi. Emma deňziň astyndaky baglanyşyk hiç haçan gurulmady. Munuň sebäpleri Russiýa bilen Eýranyň geosyýasy garşylygy, Ýewropanyň maliýeleşdirmek boýunça ikirjiňlenmesi we Aşgabadyň Hytaýa tarap öwrülmegi boldy.
Russiýa bilen Eýranyň berk hukuk garşylygy, aşa ýokary çykdajylar we ÝB-niň “ýaşyl” energetika syýasaty ahyrsoňy asyl taslamany puja çykardy. Ony halas etmek üçin tarapdarlar bahasy bary-ýogy 500–800 million dollar bolan, ýylda 10–12 milliard kub metr geçirip biljek has kiçi “interkonektor” görnüşini teklip etdiler.
Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Atlantik Geňeşiniň Global Energetika Merkeziniň uly ylmy işgäri Jon Roberts Günbataryň türkmen gazy üçin göz öňünde tutýan bu kiçeldilen möçberiniň şeýle uly geosyýasy töwekgelçiligi aklamaýandygyny aýtdy.
“Türkmenler üçin sorag öňküsi ýaly galýar: ýylda 10 milliard kub metr gaz geçirjek ulgam üçin Russiýany gaharlamaga degermi?”
“Emma ýylda 30 milliard kub metr gaz geçirjek ulgam üçin bu töwekgelçilik elbetde gymmatly bolardy” diýip, ol aýtdy.
Ol sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Meseläniň düýp manysy şunda: eger 30 milliard kub metr maliýe we tehniki çylşyrymlylyk sebäpli mümkin däl bolsa, onda 10 milliard kub metrlik taslama Azerbaýjan, kompaniýalar, ABŞ we beýleki taraplar tarapyndan türkmenlere hakykatdanam kabul edip boljak mümkinçilik hökmünde hödürlenýärmi?”
29-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marco Rubio bilen duşuşdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi beýanatynda günbatara tarap eksport ugrunyň aç-açan goldanylýandygy nygtaldy.
Beýanatda: “Sekretar Rubio Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny Hazarüsti ugurlar arkaly diwersifikasiýa etmek baradaky tagallalara ABŞ-nyň berk goldawyny bildirdi” diýildi.
9-njy iýunda Türkmenistana sapar eden ABŞ-nyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers hem şol garaýşy gaýtalap, dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistan barada: “Biz Türkmenistanyň bu baýlyklaryny ösdürmekde we eksport etmekde iň gowy mümkinçiliklere eýe bolmagyny isleýäris” diýdi.
Emma munuň tersine, Türkmenistanyň ilçihanasynyň beýanatynda “Hazarüsti gaz geçirijisi” diýen söz düýbünden agzalmady.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny şöhlelendirýän bu beýanatda diňe söwda, ykdysadyýet, energetika, ulag we baglanyşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns berlendigi, şeýle hem energiýa howpsuzlygy we üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýa etmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Hytaýyň strategik täsiri
Günbatardan anyk öňegidişlige garaşmakdan ýadan Türkmenistan indi nazaryny Gündogara hem gönükdirýär.
2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabat Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “China National Petroleum Corporation” (CNPC) kompaniýasy bilen Galkynyş gaz känini giňeltmek boýunça 5,1 milliard dollarlyk dört ýyllyk şertnama baglaşdy. Taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr kuwwat döretmegi we geljekde guruljak “Line D” geçirijisi arkaly Hytaýa eksporty artdyrmagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň uzak möhletli maksady Hytaýa ýylda 65 milliard kub metr gaz satmakdan ybarat.
27-nji maýda Meredow Nýu-Ýorkda Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Hytaý bilen göni gaz taslamalaryny ilerletmäge taýýardygyny aýratyn nygtady.
Hytaý Türkmenistanyň iň uly alyjysy bolmagynda galýar, emma eksport soňky ýyllarda ýylda 30 milliard kub metr töwereginde saklanyp gelýär.
Jon Robertsyň pikiriçe, bu ýagdaý Pekiniň bilkastlaýyn alyp barýan strategiýasynyň bir bölegi bolup biler.
“Pekin Türkmenistana islän wagty ulanyp we ösdürip boljak strategik aktiw hökmünde seredip biler. Bu bolsa Russiýadan gaz satyn almak boýunça gepleşiklerde Hytaýa örän güýçli söwda kartasyny berýär”.
Günbataryň sanksiýalary sebäpli Russiýa täze eksport bazarlaryny gözleýän wagty, Hytaý Merkezi Aziýadaky ulanylmadyk mümkinçiliklerini ulanyp, Moskwadan has amatly bahalary gazanmaga çalyşýar.
Robertsiň pikirine görä, şol köp milliard dollarlyk gepleşikler tamamlanýança, Hytaý Türkmenistanyň mümkinçiliklerini “ätiýaçdaky kart” hökmünde saklap gelýär.
“Olar Türkmenistany ätiýaçda saklaýarlar – zerur bolan wagty ulanyp boljak kart hökmünde.”
Çenden aşa uly güýçler
Geçirijiniň geljegini çylşyrymlaşdyrýan ýeke-täk güýç Hytaý däl.
Russiýa bilen birlikde, Pekiniň sebitdäki çuňňur täsiri hem uly döwletleriň bäsleşýän çylşyrymly geosyýasy giňişligini emele getirýär. Özbegistanyň öňki nebit-gaz ministri we “Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary bolan Anwar Husainowyň aýtmagyna görä, hut şu ýagdaý THG taslamasynyň köp ýyllardan bäri näbellilik ýagdaýynda galmagyna sebäp bolýar.
Ol THGni: “Meniň arzuwlarymyň biri” we “örän geljegi uly taslama” diýip häsiýetlendirýär, emma onuň häzirki wagtda geosyýasy näbellilikde galýandygyny belleýär.
"Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň bähbitleri gönüden-göni ortada durýar. Sebäbi bu işe gatnaşýan iri we täsirli taraplar örän köp — Hytaý, Russiýa, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Türkiýe we Azerbaýjan. Şonuň üçin hem taslamanyň özeninde çuňňur näbellilik we düşnüksizlik bar."
Şeýle-de bolsa, Husainow uzak möhletde umydyny ýitirenok. “Bu taslama hökman amala aşyrylar we sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly megataslamasyna öwrüler”
Robertsiň pikirine görä, Aşgabatyň taslama işjeň gatnaşmagy üçin iň bolmanda iki esasy şert zerurdyr.
"Birinjiden, Türkmenistan üçin ýeterlik derejede bähbitli täjirçilik girdejisi bolmaly. Ikinjiden bolsa, ABŞ tarapyndan belli bir derejede howpsuzlyk kepilligi üpjün edilmeli" diýip, Roberts aýtdy. Şeýle-de ol Aşgabadyň nähili görnüşdäki gorag ýa-da kepillik talap edip biljekdigini anyklaşdyrmady.
Waşingtondaky häzirki ýolbaşçylygyň sebite bolan gyzyklanmasy täzeden güýçlenen ýaly görünse-de, Roberts bu gyzyklanmanyň näderejede çynlakaýdygyna şübhe bilen garaýar.
"Elbetde, Tramp administrasiýasy Merkezi Aziýanyň energetika baglanyşyklaryny ösdürmek meselesini soňky ýyllardaky köp sanly ABŞ administrasiýalaryndan has işjeň öňe sürdi".
"Ýöne olaryň, aýratyn-da Türkmenistanyň isleýän derejesindäki howpsuzlyk kepilliklerini bermäge taýýardyklary ýa-da däldigi başga mesele. Eger Aşgabat şeýle kepillikleriň bardygyna ynanan bolsa, meniň pikirimçe, biz eýýäm Hazarüsti gaz geçirijisiniň amala aşyrylandygyny görerdik".
Muňa garamazdan, taslamadan doly ýüz öwrenler ýok. Esasanam Türkiýe özüni Ýewropanyň aýrylmaz energetika merkezine öwürmäge çalyşýar.
Bakuwdaky energetika forumyna iberen ýüzlenmesinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan şeýle diýdi: “Türkmen gazynyň Azerbaýjan we Türkiýe arkaly eksporty boýunça hyzmatdaşlygymyzy has-da ösdürmek üçin öňümizde möhüm mümkinçilikler bar.”
Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar bolsa taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin syýasy şertleriň kem-kemden ýetişýändigini aýtdy. “Türkmen gazynyň Azerbaýjan arkaly Türkiýä we Ýewropa ýetmeginiň wagty geldi diýen beýanatlar boldy. Belki-de, biz indi hemmeleriň ‘hawa’ diýmäge taýýar bolan nokadyna gelip ýetendiris.”
Forum