Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyklaryň fonunda, Hormuz bogazyna çykalgalary durnuklaşdyrmak ugrunda edilýän diplomatik tagallalaryň ýol almazlygy netijesinde, Ýewraziýa söwdasy barha kän gury ýer alternatiwalaryna tarapgönükdirilýär we, Orta koridor diýlip atlandyrylýan Transhazar ulag ýoly Ýewraziýa logistikasynda esasy diwersifikasiýa ýoly hökmünde öňe çykýar.
Bütindünýä banky 2023-nji ýylda Orta koridory strategik taýdan möhüm, ýöne gurluş taýdan çäklendirilen ýol hökmünde häsiýetlendirdi. Belli bir derejede Russiýanyň Ukrainadaky urşy sebäpli dörän geosyýasy bölünişik alternatiw koridorlara bolan islegi artdyrsa-da, Bütindünýä banky bu koridoryň uzak möhletli işlemeginiň utgaşdyrylan maýa goýumlaryny, infrastruktura päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagyny we serhetüsti gümrük we ulag amallarynyň gowulandyrylmagyny talap edýändigini nygtady.
Bütindünýä banky we onuň hyzmatdaşlary 14-15-nji aprelde, bar bolan päsgelçilikleri azaltmak niýeti bilen, koridoryň ugrunda ýetmeýän esasy baglanyşyklary berkitmek üçin 3,3 milliard dollar, şol sanda Türkiýäniň Stambul Demirýol geçelgesi üçin 1,9 milliard dollar we Gazagystanyň Garagandy-Žezkazgan awtoýolunyň durkuny täzelemek üçin 1,4 milliard dollar maýa goýumyny bölüp berdi.
Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bu habaryň yglan edilen güni Astanada geçirilen duşuşykda şeýle maýa goýumlarynyň möhümdigini nygtady.
"Demirgazyk koridor [Orsýetiň üsti bilen] geosyýasy dartgynlyklar sebäpli näme boljagyny bilip bolmaýan ýagdaýa düşdi. Günorta ýol öz mümkinçilikleriniň çäklerini giňeldýär" diýip, ol sözüni dowam etdirdi: "Bu ýagdaý Orta koridory alternatiw däl-de, hökmany seçgä öwürdi."
Almatydaky Töwekgelçilik Syny Toparynyň - sebitdäki syýasy töwekgelçilikleri, korrupsiýany we daşary syýasat proseslerini seljerýän garaşsyz pikir merkeziniň direktory Dosym Satpaýew Orsýetiň Ukrainadaky urşunyň we onuň netijesinde girizilen sanksiýalaryň dünýäde Hormuz bogazy ýaly deňiz boguş nokatlaryna garaşlylygy has-da çuňlaşdyrandygyny, ýöne häzirki krizisiň global söwda üçin uzak möhletli netijeleriniň bolup biljekdigini aýdýar.
"Hormuz bogazy hatda gaýtadan açylsa-da, onuň durnukly ulag we logistika ýoly hökmündäki at-abraýyna köp ýyllyk, belki-de hemişelik zyýan ýetdi diýip pikir edýärin" diýip, Satpaýew aýtdy. "Şol bir ýagdaý Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň Hormuz bogazy arkaly energiýa serişdeleriniň we beýleki harytlaryň durnukly üpjünçiligini kepillendirip biljekdigi baradaky stereotipe hem degişli".
Ol nebitiň we azot dökünleriniň bahalarynda "töwekgelçilik artykmaçlygynyň" bolmagynyň ähtimaldygyny belläp, kesgitsizligiň global bahalary we söwda hereketlerini eýýäm täzeden şekillendirýändigini hem sözüne goşdy.
"Dünýä dökün üpjünçiliginiň takmynan 25–35 göterimi Hormuz bogazyndan geçýär we bu ýagdaý gutulgysyz ahyrky bahalara öz täsirini ýetirer. Şu sebäpden köp ýurt, ýagdaýyň nähili üýtgeýändigine garamazdan, ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmaga çalşar. Esasy ähtimallyk, durnuksyzlyk uzak wagtlap dowam etjege meňzeýär we bu töwekgelçilikleriň ýokary bolmagynda galjakdygyny aňladýar. Bu ýagdaý biznes üçin zyýanly, sebäbi biznesiň öňünden göz öňüne getirilmek, kesgitlenmek mätäçligi bar" diýip, Satpaýew aýtdy.
Geosyýasy bulam-bujarlyk bilen gurşalan sebit
Orta koridoryň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy sebäbi onuň geçýän sebitleriniň degişlilikde durnukly bolmagydyr diýip, Satpaýew aýdýar. Golaýynda möwjeýän çaknyşyklara garamazdan, Merkezi Aziýa we Kawkaz "geosyýasy bulam-bujarlyk şertlerinde durnuklylyk görkezdi".
"Ulag we logistika taslamalary üçin platforma hökmünde, bu ýagdaý oňa bolan gyzyklanmany artdyrdy" diýip, ol aýtdy. "Netijede, sebitiň global derejedäki durumy ýokarlandy."
Orta koridor Orsýetden başga hemmelere ýaraýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Biz esasy geosyýasy oýunçylaryň bu sebitde, hususan-da ykdysady we transport-logistika ulgamlarynda öz pozisiýalaryny berkitmäge çalyşýandygyny görýäris. Hytaý we Ýewropa Bileleşigi has-da işjeň" diýip, Satpaýew aýtdy.
"Geçen ýyl geçirilen Samarkant sammiti ÝB-niň Orta koridory ösdürmäge, şol sanda Hazar deňziniň töweregindäki merkezlere maýa goýulmagyna bildirýän gyzyklanmasyny görkezdi. Birleşen Ştatlar hem, Orta Aziýadaky zerur materiallara we seýrek duşýan ýerasty magdanlara elýeterlilik agtarýandygy üçin, Orta koridora gyzyklanma bildirýär."
Emma muňa garamazdan, analitikleriň käbiri Orta koridoryň häzir bar bolan we ulanylýan söwda ýollarynyň, hususan-da Orsýetiň üsti bilen geçýän demirgazyk gury ýer ýolunyň ornuny doly tutup bilmejekdigini duýdurýarlar.
Karnegi Halkara parahatçylyk gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Temur Umarow geosyýasy gürrüňleriň diwersifikasiýany barha kän ileri tutýandygyna garamazdan, söwdanyň fiziki we logistika hakykatlarynyň şindem görnetin çäklendirmeleri döredýändigini öňe sürýär.
"Orta koridor, nähili gyzykly we mümkinçilik taýdan giň gerimli görünse-de, heniz Orsýetiň içinden geçýän demirgazyk akymlarynyň ornuny tutup biljek derejä çenli ösdürilmedi" diýip, Umarow aýtdy. "Mesele Orta koridora bolan gyzyklanmanyň azlygynda däl, onuň häzirki wagtda bar bolan demirgazyk ýollarynyň ýerine, harytlaryň we energiýa serişdeleriniň tutuş akymyny öz üstünden täzeden gönükdirmeginiň tehniki taýdan mümkin däldigi baradaky ýönekeý hakykatda."
Ol bu hili gurluş çäklendirmesiniň diňe infrastruktura boşluklary bilen däl, eýsem wagt we möçber bilen hem baglanyşyklydygyny belledi.
"Amaly nukdaýnazardan, Orta koridoryň häzirlikçe söwdanyň doly möçberlerini özleşdirmegine garaşmak gaty ir. Ol gurnalan demirgazyk ýollarynyň möçberinde işläp başlamazyndan öň, dowamly maýa goýumlaryny, köp ýurtlaryň arasyndaky utgaşyklygy we ençeme ýyula çekjek ösüşi talap eder."
Orta koridor Gazagystan üçin näme aňladýar?
Bütindünýä banky tarapyndan goldanylýan awtomagistral taslamasynyň ähmiýeti Gazagystan üçin infrastruktura maliýeleşdirilmesiniň çäginden has aňryk çykýar. Bu ýurduň diňe geografiýasy bilen däl, eýsem geosyýasat, töwekgelçilikleriň diwersifikasiýasy we durnukly söwda ýollaryny gözlemek bilen, Ýewraziýa logistika giňişliginde barha kesgitlenýän, çalt ösýän esasy ulag merkezi hökmünde ýokarlanýan roluny görkezýär.
Eger Merkezi Aziýa hökümetleri bu prosesi netijeli dolandyrsa, Orta koridora ýatyrylýan maýa goýumlary sebitdäki ýönekeý adamlar üçin hem esli peýda getirip biler diýip, Satpaýew pikir edýär.
"Demirýollar we awtoulag ýollary ýaly infrastruktura, hususan-da Gazagystanyň çäk ululygy göz öňünde tutulanda, ykdysady taýdan pese düşen sebitleriň käbirini dikeltmäge mümkinçilik berýär" diýip, ol sözüni dowam etdirdi: "Myhmanhanalary, ýangyç guýujy stansiýalary, hyzmatlary we tehniki hyzmat infrastrukturasyny gurmak nukdaýnazaryndan seredilende, bu şeýle sebitlere ikinji ömür berýän köpeldiş täsirini döredip biler".
Ol bu mümkinçiligiň awtomatiki, ýagny öz-özünden boljak zat däldigini, eýsem dolandyryşa we durmuşa geçirmegiň hiline baglydygyny hem sözüne goşdy.
"Eger-de bu işler maýadarlaryň we bu taslamalary maliýeleşdirýän halkara guramalarynyň gözegçiligi astynda amala aşyrylsa, bu biziň ýurtlarymyzda raýatlaryň hal-ýagdaýyny belli bir derejede gowulandyryp biler diýen umyt bar."
Orta koridor, resmi taýdan Transhazar halkara ulag ýoly, 2014-nji ýylda Gazagystan, Azerbaýjan we Gürjüstan tarapyndan Hytaýy we Ýewropany Merkezi Aziýa, Hazar deňzi we Günorta Kawkaz arkaly baglanyşdyrmak hem-de soňra Türkiýäniň üsti bilen baglanyşyk gurmak üçin döredildi. Ol ençeme ýyllap, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky demirgazyk ýoluň garşysynda, ikinji derejeli ugur bolup galdy.
Bu geçelge Bütindünýä banky, ÝDÖB we AÖB ýaly köptaraply karz berijileriň goşulyşmagy, şeýle-de ÝB-niň maliýeleşdirme başlangyçlary we Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Türkiýäniň döwlet tarapyndan dolandyrylýan iri maýa goýumlary tarapyndan goldanylýar, Hytaý bolsa onuň “Bir guşak, bir ýol” baglanyşygy arkaly esasy söwda hereketlendirijisi bolup çykyş edýär.
Forum