Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Baýdeni MA liderleri bilen duşuşanda adam hukuklaryny baş mesele edip goýmaga çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeni 19-njy sentýabrda, sebite berilýän ünsüň Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde täzelenmegi bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň bäş lideri bilen duşuşanda "adam hukuklaryny merkezde goýmaga"çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän mejlisiniň çäginde geçiriljek ýygnak ABŞ-nyň prezidentiniň Merkezi Aziýanyň bäş prezidenti bilen geçirýän ilkinji duşuşygy bolar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa hökümetlerini, Ukraina garşy giň gerimli uruş alyp barýan Moskwa garşy girizilen sanksiýalary bozmakdan saklanmaga, Moskwanyň Merkezi Aziýanyň söwda ýollaryny ulanmak tagallalaryna garşy durmaga çagyrýarlar.

Emma “Human Rights Watch” 18-nji sentýabrda çap eden beýanatynda "Baýden munuň adam hukuklary baradaky derwaýys aladalaryň öňüni baglamagyna ýol bermeli däldir" diýdi.

"Baýden syýasy sebäpler esasynda açylýan kazyýet işleriniň, söz azatlygynyň bogulmagynyň, gynamalar we polisiýa wagşylygy üçin jeza berilmezliginiň soňuna çykylmagy üçin berk çäreleriň görülmegini soramaly" diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Iskra Kirowa aýtdy.

XS
SM
MD
LG