Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Daşkendi garagaplak žurnalisti Tajimuratowyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar


Dauletmurat Tajimuratow
Dauletmurat Tajimuratow

Adam hukuklarynyň bozulmazlygyna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy geçen ýyl Özbegistanyň Garagalpak awtonom respublikasynda hökümete garşy guralan köpçülikleýin protestlere gatnaşandygy üçin 16 ýyl azatlykdan mahrum edilen garagalpak aktiwisti we žurnalisti Dauletmurat Tajimuratowyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrdy.

HRW 26-njy sentýabr güni giçlik Tajimuratowyň aklawçysy Sergeý Maýorowa salgylanyp, onuň müşderisiniň hukuklarynyň "türme tussaglygynda saklanýan wagtynda" bozulýandygyny aýtdy.

Maýorowyň maglumatyna görä, onuň müşderisi ýeterlik derejede saglyk gözegçiligi we azyk bilen üpjün edilmedi.

Ol Tajimuratowyň türme kitaphanasyna ýa-da metbugat serişdelerine elýeterliliginiň ýokdugyny, bir adamlyk kamerada saklanylýandygyny, türme resmileriniň oňa iş bermekden ýüz öwürýändigini we bu ýagdaýyň ony beýleki tussaglardan has-da çetleşdirýändigini aýtdy.

"Tajimuratow ep-esli derejede horlandy, tussaglyk şertleri onuň fiziki we ruhy saglygyna agyr täsir etdi" diýip, HRW Maýorowyň sözlerine salgylanyp çap eden beýanatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG