Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Russiýany Merkezi Aziýadaky iň uly daşary ýurt maýa goýujy hökmünde yzda galdyrdy

2024-nji ýylyň ýanwarynda Pekinde geçirilen gepleşiklerden soň strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşan Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) bilen Hytaýyň prezidenti Si Szinpin gol çekişlik dabarasyna gatnaşýar.
2024-nji ýylyň ýanwarynda Pekinde geçirilen gepleşiklerden soň strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşan Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) bilen Hytaýyň prezidenti Si Szinpin gol çekişlik dabarasyna gatnaşýar.

Ýewraziýa Ösüş Bankynyň (EDB) maglumatlaryna görä, Hytaý Merkezi Aziýada göni daşary ýurt maýa goýumlary boýunça Russiýany öňe geçip, sebitiň iň uly maýa goýujysyna öwrüldi. Tebigy baýlyklara baý bolan bu sebit uzak wagtlap Moskwanyň täsir çäginde bolupdy, emma soňky ýyllarda Pekin tarapyndan barha köp üns berilýär.

EDB-niň 2025-nji ýylda çap edilen hasabatyna görä, soňky on ýylyň dowamynda Hytaýyň Merkezi Aziýa goýan jemlenen göni maýa goýumlary 35 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. 2006-njy ýylda Russiýa we Gazagystan tarapyndan döredilen bu bank öňki Sowet respublikalarynyň ýedisiniň arasynda söwda we ykdysady integrasiýany ösdürmegi maksat edinýär.

Sebit boýunça geçirilen sammitleriň birinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Merkezi Aziýa goýan jemlenen göni maýa goýumlarynyň takmynan 20 milliard dollar töweregindedigini aýtdy we bu görkezijiniň “ep-esli pesdigini” boýun aldy.

Russiýanyň Merkezi Aziýa goýýan maýa goýumlary 2022-nji ýyldan bäri azaldy. Munuň esasy sebäpleri Ukrainadaky giň gerimli urşuň ykdysady täsirleri we soňra girizilen Günbatar sanksiýalary boldy. Şol döwürde bolsa Hytaý sebitiň ykdysadyýetindäki ornuny has-da giňeltdi.

Energetika pudagyna aýratyn üns

Dünýäniň iň uly energiýa import edijisi bolan Hytaý Merkezi Aziýanyň nebit-gaz pudagyna uly möçberde maýa goýdy. Şol bir wagtyň özünde, ýurt sebitiň arassa energiýa, dag-magdan gaýtadan işlemek we ulag infrastrukturasyna goýýan maýa goýumlaryny hem artdyrýar.

Merkezi Aziýanyň iň uly iki ykdysadyýeti bolan Gazagystan we Özbegistan, şeýle hem energiýa baý Türkmenistan Hytaý maýasynyň esasy kabul edijileri boldy. EDB-niň maglumatlaryna görä, bu üç ýurt sebite goýlan ähli hytaý maýasynyň takmynan 90 göterimini özüne çekýär.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Hytaýyň wise-premýeri Ding Xuexiang Aşgabatdan 400 km gündogarda ýerleşýän Galkynyş gaz känindäki ösüş taslamasynyň meýilleşdirilen ýedi tapgyrynyň dördünjisiniň işe giriziliş dabarasynda el çarpýarlar. (arhiw)
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Hytaýyň wise-premýeri Ding Xuexiang Aşgabatdan 400 km gündogarda ýerleşýän Galkynyş gaz känindäki ösüş taslamasynyň meýilleşdirilen ýedi tapgyrynyň dördünjisiniň işe giriziliş dabarasynda el çarpýarlar. (arhiw)

Pekiniň iň uly taslamalarynyň arasynda Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “China National Petroleum Corporation” kompaniýasynyň Türkmenistanyň Bagtyýarlyk nebit-gaz känini ösdürmek üçin goýan 9,4 milliard dollarlyk maýa goýumy bar. Beýleki bir döwlet eýeçiligindäki hytaý kompaniýasy bolan “Sinopec” Gazagystanyň Aktöbe nebit känine 2,1 milliard dollar maýa goýdy. Döwlet eýeçiligindäki “China Energy” kompaniýasy bolsa Özbegistanda täze gün energiýa stansiýalarynyň gurluşygyna takmynan 2 milliard dollar maýa goýdy.

Soňky bäş ýylyň dowamynda Hytaýyň Özbegistana goýýan maýa goýumlary 2,1 milliard dollardan 10,7 milliard dollara çenli ýokarlandy. Bu ösüş Merkezi Aziýanyň beýleki ähli ýurtlaryndan has ýokary boldy.

Özbegistanyň ykdysadyýeti esasan altyn, strategik minerallar ýaly tebigy baýlyklaryň eksportyna, şeýle hem oba hojalygyna daýanýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Nargiza Murataliýewa Daşkendiň “çig mal esasly ykdysadyýetden” daşlaşmaga synanyşýan döwründe Hytaýdan energiýa we önümçilik pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegi başarandygyny aýtdy.

“Daşkent önümçilik we energetika pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn üns berýär. Şeýle hem howa üýtgemegi bilen bagly kynçylyklar täzelenýän energiýany we elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy strategik ileri tutulýan ugra öwürdi” diýip, Murataliýewa Azatlyk Radiosynyň Azattyk Aziýa gullugyna aýtdy.

Merkezi Aziýanyň iň kiçi ykdysadyýetleri bolan Gyrgyzystan we Täjigistan ýurtlarynda Hytaý maýa goýumlary esasan iri infrastruktura we energetika taslamalaryna gönükdirildi. Bularyň arasynda ulag geçelgeleri, logistika merkezleri we gidroenergetika desgalary bar.

Russiýa henizem möhüm oýunçy bolup galýar

Bilermenleriň pikiriçe, Hytaýyň sebitdäki maýa goýumlary güýçli depginde artsa-da, Russiýa Merkezi Aziýa üçin möhüm ykdysady we strategik hyzmatdaş bolmagynda galýar.

Olar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Russiýanyň üsti bilen geçýän üstaşyr ulag ýollaryna garaşlydygyny we millionlarça migrant işçiniň Russiýada işleýändigini belläp geçýärler.

Täjigistanyň demirgazygyndaky Khujand şäherindäki, adynyň aýdylmazlygyny haýyş eden uniwersitet mugallymy şeýle diýdi: “Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň oba ýerlerindäki tas her bir hojalyk, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna garanyňda has köp derejede, Russiýadan iberilýän pul geçirimlerine bagly.”

Ol sözüni dowam etdirip: “Maliýe maýa goýumlarynyň derejesine garamazdan, Moskwa henizem möhüm güýç bolup galýar” diýdi.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin (çepde) we onuň gyrgyz kärdeşi Sadyr Japarow 2025-nji ýylyň fewral aýynda Japarowyň Pekine eden sapary wagtynda geçirilen resmi garşylama dabarasynda hormat garawullarynyň öňünden geçýärler.
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin (çepde) we onuň gyrgyz kärdeşi Sadyr Japarow 2025-nji ýylyň fewral aýynda Japarowyň Pekine eden sapary wagtynda geçirilen resmi garşylama dabarasynda hormat garawullarynyň öňünden geçýärler.

Gazagystanly halkara gatnaşyklar boýunça bilermen Žanibek Arynow Merkezi Aziýada “Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky bäsdeşlik” baradaky düşünjäniň köplenç aşa ulaldylýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, hakykatda Merkezi Aziýa ýurtlary strategik pudaklaryna maýa goýumlaryny hem Russiýadan, hem-de Hytaýdan çekmäge çalyşýarlar.

Şeýle-de bolsa, Žanibek Arynow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin syýasy nukdaýnazardan seredilende, Hytaý bilen iş alyp barmagyň köplenç has aňsatdygyny belledi.

“Sebäbi Hytaýyň çemeleşmesi adatça ‘iş - işdir’ ýörelgesine esaslanýar” diýip, ol aýtdy. “Emma Russiýa barada aýdylanda, käwagt onuň diňe ykdysady girdejiler we peýda bilen çäklenmeýändigini görýäris. Mysal üçin, Russiýa sebitdäki rus diliniň derejesine, şeýle hem bu ýurtlaryň içerki syýasaty bilen baglanyşykly beýleki meselelere-de üns berýär.”

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG