Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jenaýatçylar gözýaş dökýärmi? Gyrgyzystanyň yzyndan Özbegistan jenaýat toparlaryna hüjüm gurady


Özbek jenaýat toparynyň ketdesi Salim Abduwaliýew "Salimbaý" we "Salimboýwaçça" diýen atlar bilenem tanalýar.
Özbek jenaýat toparynyň ketdesi Salim Abduwaliýew "Salimbaý" we "Salimboýwaçça" diýen atlar bilenem tanalýar.

Şu ýyl Merkezi Aziýanyň halk köpçüligi Gyrgyzystanyň ýörite gulluklary tarapyndan, ýurduň esasy jenaýat ýolbaşçysynyň ýok edilmeginiň hem-de özbek mafiýasynyň "atasy" saýylýan kriminal awtoritetiň tussag edilmeginiň şaýady boldy. Emma bilermenleriň duýduryşyna görä, iki ýurtda-da guramaçylykly jenaýatçylyga garşy gurnalan kampaniýalaryň netijeleriniň aýdyňlaşmagyna birnäçe ýyl garaşmaly bolar.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň iň tanymal jenaýat liderini atyp öldüreninden birnäçe hepde geçensoň, goňşy Özbegistanda-da pes derejedäki mafiýalary tussag etmek we "pensiýa ugratmak" boýunça, açyk kampaniýa başlandy.

Özbek hökümetiniň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy başladan 40 günlük kampaniýasynyň iň göze görünýän pidalarynyň biri tanymal jenaýat başlygy boldy. Onuň ömründe ilkinji gezek türmede oturan bolmagy ahmal.

Salim Abduwaliýew, ol "Salimbaý", şeýle hem "Salimboýwaçça" atlary bilenem tanalýar, 2017-nji ýyldan bäri Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary boldy hem sportuň ösdürilmegine goşan goşandy üçin, köp sanly döwlet sylaglaryny aldy. Onuň häkimiýete ýetirýän täsiri barada aýdylanda, 2006-njy ýylda ABŞ-nyň diplomatiýa hatlaryndan syzyp çykan maglumata görä, "Daşkent mafiýasynyň ýolbaşçysy" diýlip atlandyryldy. Ol ýokary döwlet wezipelerini çinowniklere "satan" we telekeçilik kärhanalary üçin, girdejili döwlet şertnamalaryny amala aşyrýan eken. Şondan bäri-de Abduwaliýew prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygy wagtynda, has tanymal şahsyýete öwrüldi. Mirziýoýewden öň ýurda ýolbaşçylyk eden Yslam Kerimow 1990-njy ýyllaryň başlaryndan, tä 2016-njy ýylda aradan çykýança, wagtal-wagtal mafiýa toparlarynyň ýollaryny baglap geldi.

5-nji dekabrda bikanun ýarag saklaýandygy üçin, Abduwaliýewiň gözegçilik astyna alnandygy barada, Içeri işler gullugynyň ýaýradan maglumaty halk köpçüligini haýran galdyrdy.

Salim Abduwaliýew
Salim Abduwaliýew

Dessura bap gelýän gowy egin-eşige hem ýalpyldap duran aýakgaplara bolan söýgüsi bilen tanalýan, 73 ýaşly Abduwaliýew bu suratda, ýönekeý köýnekde, bir semiz adam sypatynda görünýär. Içeri işler gullugynyň habarynda, Abduwaliýewiň tussag astyna alnandygy barada, hiç zat aýdylmaýar, ýöne soňra çeşmeler Azatlygyň Özbek gullugyna onuň birnäçe gün bäri öýünde görünmeýändigini aýtdylar.

ZORLUK IMPERIÝASYMY?

Eger Abduwaliýew, dogrudan-da, gözenegiň aňrysynda bolsa, golaýynda gepleşmäge adam bar.

Özbegistanda "Zarply 40 gün" kampaniýasy başlandan bäri kanun goraýjy guramalar tarapyndan, ýurduň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşkentde we sebitlerde gurlan hüjümler döwründe, guramaçylykly jenaýatçylyk bilen bagly azyndan 200 sany şübheli tussag edildi.

Emma bilermenler hüjümleriň uzak möhletleýin täsiriniň boljagy barada, bir zat aýtmakdan ägä bolýarlar.

«Bize bu çäreleriň netijeliligini bilmek üçin, azyndan iki-üç ýyl gerek bolar» diýip, syýasy bilermen, Beýik Britaniýada ýerleşýän "Central Asia Due Diligence" barlag kompaniýasynyň başlygy Alişer Ilhamow aýdýar.

Kampaniýa bilen bagly haýran galdyran ýeke-täk tanymal Abduwaliýew däl.

Bahtiýor Kudratullaýew
Bahtiýor Kudratullaýew

Ondan öňinçä Daşkent polisiýasy Bahtiýor Kudratullaýewiň we onuň ýoldaşy hökmünde şübhelenýän iki adamy uly möçberdäki talaňçylykda aýyplap tussag edilendigini yglan etdi.

2018-nji ýylda Kudratullaýew Mirziýoýewiň arkasynda, ganatlaryny gerip, batyrgaý hereket etmegi maslahatlaşmak üçin, Orsýetden we Gazagystandan bolan jenaýat dünýäsindäki hyzmatdaşlaryny Daşkent şäherine çagyrandygyny Azatlygyň Özbek gullugynyň çeşmeleri, şol sanda onuň şahsy sürüjisi mälim edipdi.

Ilhamow soňky geçirilýän çärelerde, jenaýat ýolbaşçylarynyň talaňçylykda we zor bilen pul almakda aýyplanýandygyny belleýär. Ekspertiň pikirine görä, munuň bir sebäbi häkimiýetleriň inwestorlara kepillik bermek islegi bolup biler.

2021-nji ýylda Mirziýoýew ýurduň iň iri bazarlarynyň käbirinde, jenaýat ýolbaşçylaryna "salgyt" tölenýändigine nägilelik bildirip, bu ýagdaýyň soňuna çykmagy talap edipdi.

Guramaçylykly jenaýatçylyga garşy kampaniýa barada, ilkinji maglumatlar 21-nji noýabrda peýda boldy.

Ýerli habar serişdeleriniň köpüsi başga bir tanymal jenaýat ýolbaşçysy Gafur Rahimowy tussag astyna almak barada, order berlendigini tassyklaýarlar. Ýöne Rahimowa garşy haýsydyr bir hereket dogruda, Özbegistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tassyklanma ýok.

Abduwaliýew ýaly Rahimow hem guramaçylykly jenaýatçylyk bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny hemişe aýdyp gelýär. Olaryň ikisi-de köpçüligiň öňünde öňki içeri işler ministri Zokir Almatowyň öwgüsine mynasyp bolupdy, ministr 2019-njy ýylda beren interwýusynda, Abduwaliýewi we Rahimowy sporty söýýän "watançylar" diýip atlandyrdy.

On ýyl mundan ozal ABŞ-nyň Hazyna Departamenti Ýewraziýa neşe söwdasy ulgamy bolan " Doganlaryň aýlawy" diýilýänleriň beýleki agzalary bilen bilelikde, Rahimowy-da halkara jenaýatçylyk bilen gatnaşykda bolan adamlaryň sanawyna goşdy.

Bu karar Rahimowyň Lozannada Halkara höwesjeňler boks assosiasiýasynyň (AIBA) hemişelik başlygy bolup galmak synanyşygyny kynlaşdyrdy. Hususan-da, 2018-nji ýylda onuň saýlanmagyndan soň, AIBA bilen Halkara Olimpiýa komitetiniň (IOC) arasyndaky dartgynlyk güýçlendi. Bir ýyldan soň Rahimow resmi taýdan wezipesinden çekildi.

«HORMATLY BANDITLER»

Rahimow özüni Russiýanyň ynamdar goldawçysy hökmünde tanadýar. Ol 2014-nji ýylda Soçide Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin, ses berendigi bilen öwünýär.

Orsýetiň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki agzasy, soňky Kreml tankytçysy, Russiýadan gaçyp, Beýik Britaniýa gelenden soň, 2008-nji ýylda zäherlenen Aleksandr Litwinenkonyň sözüne görä, Rahimow Moskwadaky iň täsirli adamlara köp hyzmatlary edipdir. Litwinenko Orsýetiň beýleki resmileri bilen geçiren gürrüňlerine salgylanyp ýazan "Lýubýanka jenaýat topary" atly kitabynda, "Özbegistan toparyna" "Gafur" diýilýän adamyň ýolbaşçylyk edendigini ýazdy. Ol geljekki Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sankt-Peterburgyň häkiminiň orunbasary bolup işlän wagty bikanun pul serişdelerini geçirmekde, möhüm gural bolupdyr.

Özbegistanda Rahimow öz wagtynda ýurduň Milli olimpiýada komitetiniň wise-prezidenti bolupdy (soňra ol wezipäni Abduwaliýew eýeledi), şu wagt Professional Boks Federasiýasynyň wise-prezidentidir.

Hut şol wezipede bolany üçin, ol birnäçe hepde mundan öň, Daşkentde boks boýunça bäsdeşlik geçirilende, Mirziýoýewiň ogly Miralişer Mirziýoýewiň we prezidentiň giýewi Otabek Umarowyň ýanynda oturyp, surata düşdi.

Gafur Rahimow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň giýewi Otabek Umarow
Gafur Rahimow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň giýewi Otabek Umarow

Özbek hökümetiniň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy soňky kampaniýasyny Kerimowyň 1990-njy ýyllarda başladan kampaniýasy bilen deňeşdirse bolar. Munuň goňşy Gyrgyzystanda soňky wakalar bilen hem meňzeşlikleri bar.

Gyrgyzystanda 2020-nji ýylda ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew jenaýatçylara jezasyz galan günleriniň azalandygy barada duýduryş berende, "hormatly banditler" diýip ýüzlenmegi, ýaňsylaýjy gülkini döredipdi.

Şol wagtyň özünde, syýasy durnuksyzlyk wagtynda, jenaýat gurluşlarynyň Taşiýewiň we onuň ýaranynyň, Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti Sadyr Žaparowyň häkimiýet başyna gelmegine kömek edendigi baradaky gep-gürrüňler göz öňünde tutulanda, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş ideýasy şübheli bolup görünýär.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew we prezident Sadyr Žaparow
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew we prezident Sadyr Žaparow

Şol çykyşyndan üç ýyldan soň, Taşiýew sözünde tapylana meňzeýär.

Kamçybek Kolbaýew ýa-da Kolýa Gyrgiz 4-nji oktýabrda geçirilen ýörite operasiýanyň çäginde, Bişkegiň merkezinde howpsuzlyk gulluklary tarapyndan, atylyp öldürildi. Ol hem ABŞ-nyň sanksiýalary astynda bolan we Rahimow bilen deň "Doganlaryň aýlawy" ulgamy bilen gatnaşykly adamdy.

Soňky hepdelerde tussag edilenleriň sany artdy. Galyberse-de, howpsuzlyk gulluklary diňe bir mafiýany däl, eýsem jenaýatçylar bilen aragatnaşyk saklaýanlykda aýyplaýan telekeçileri hem jogapkärçilige çekdiler.

Şol wagtda habarlardan daşary birnäçe wideoşekiller peýda bolup, onda jenaýat toparyndan diýlip çaklanýanlar "ogrularyň ýoly we jenaýat düşünjeleri" diýilýänini köpçüligiň öňünde ret edýärler we özleriniň hökümete wepalylygyny bildirýärler.

Özbek eksperti Ilhamow ýaly, gyrgyz syýasy kommentatory we žurnalisti Borubek Kudaýarow hem şol pikirde, onuň sözüne görä, Gyrgyzystandaky tutuşlygyna para-peşgeşe batan syýasat we kazyýet-adalat ulgamy hereket edýärkä, guramaçylykly jenaýatçylygyň üstünden gazanylan ýeňşe begenmekden örän ir.

Aslynda, Kudaýarowyň aýtmagyna görä, munuň jenaýatçylykly toparlaryň syýasata edýän täsirini aradan aýyrmak üçin edilýän bolmagy ähtimal; Kolbaýewiň käte partiýalarda syýasatçylar bilen gürrüňdeş bolýanyny görse bolýardy. Bu bolsa Gyrgyzystanyň liderlerine iň uly nyşany aýyrmak bilen "ýagdaýy düzetmäge" itergi bolup biler.

«Žaparow bilen Taşiýew guramaçylykly jenaýatçylygy köki bilen ýok etmek maksadyny öňde goýýandyr diýip, men pikir etmeýärin. Belki-de, olar, mysal üçin, Gazagystanda bolşy ýaly, guramaçylykly jenaýatçylygyň bolup, ýöne onuň täsiri juda az, [onuň ýolbaşçylary] bolsa kölegede galýan şekilli bir modeli döretmek isleýändirler» diýip, Kudaýarow Azatlyga beren interwýusynda belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG