Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda pajygaly ýol heläkçiligi boldy. Iki ulagyň çaknyşmagy zerarly onlarça adam heläk bolupdyr. Azatlygyň habarçylary bu pajygaly ýagdaýyň jikme-jikliklerini anykladylar.
18-nji iýunda ir sagat bäş töwereginde Kaka etrabyndan geçýän uly trassa ýolunda 26 sany kärendeçini alyp barýan "Gaz-52" kysymly ýük ulagy we 7 adamy alyp barýan "Toyota Sienna" kysymly uly göwrümli ýeňil ulagy çaknyşypdyr.
"Aşgabat tarapdan gelýän içi adamdan doly "Toyota Sienna" awtoulagy ýokary tizligini saklap bilmän, duýdansyz ýola çykan 26 potratçy daýhany alyp barýan ýük ulagynyň böwründen urýar" diýip, bu ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, "Gaz-52" kysymly ýük ulagynyň ýangyç baky ýarylyp, ýanypdyr.
"Kiçi 'Toyota Sienna' awtoulagyny hem ot alyp içindäki adamlar wepat bolýar. Olaryň içinde 4 adam durşuna süňki bilen ýandy, olaryň şahsyýetini anyklap bolmady" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Ýene bir çeşme bu ulagda diri galanyň bolmandygyny aýtdy: " Bu 7 adamlyk awtoulagyň içinden diri çykany ýok, ýarysy ýanyp tanalmajak derejä gelipdir. Galan ýarysy teni ýanyp hassahana baryp, ölenler bar, hassahana ýetmän ýolda ölenler hem bar".
Bu ýagdaýdan habarly birnäçe çeşme ýeňil awtoulagynyň ýolagçylary Lebap welaýatyna öýlerine barýan adamlardy diýip, gürrüň berdiler.
Habarçymyz ýük ulagynyň ýerli geňeşliklerinde ýaşaýan daýhanlary ekin meýdanlaryna işe alyp barandygyny anyklady. Ol "Gaz-52" kysymly ýük ulagynda aman galan iki adamyň kabinada oturan sürüji we ýanynda oturan ýolagçy bolandygyny, galan ýolagçylaryň oturan yzky bortuny ýangynyň örän çalt gurşap alandygyny aýtdy.
"Çalt gurşap alan ýangyndan sypany ýok, olaryň içinde 6-7 ýaşly çagada bardy" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi.
Hojalyklar ýas tutýar
Kakaly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häzir ýerli geňeşliklerde bir wagtda birnäçe adamy jaýlaýan maşgalalar bar.
"Häzir bir hojalykdan 2-3 adam jaýlanyp, pata tutulýar" diýip ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Ýene biri "Häzir biziň obamyzyň her köçesinde 1-2 hojalyk pata tutup otyr" diýip, gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, wepat bolanlaryň arasynda potrat meýdanyna günlükçi bolup işlemäge giden zenanlar, şol sanda gelin-gyzlar we çagalar hem bolupdyr.
"Olaryň arasynda, ýaş çagasyny gaýynlaryna goýup barýan ýaş gelinler, gyzlar we ýaşy 40-dan geçen aýal maşgalalar bardy. Käbirleriň ýanynda ýene kiçi orta mekdep ýaşyndaky çagalar hem bardy" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy. Ol heläkçilige uçran ýük ulagynda gazanç üçin ekin meýdanyna baranlaryň arasynda bir maşgaladan ejesiniň we iki çagasynyň bolandygyny gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan çeşmeler howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşdi. Kaka welaýatynyň häkimiýetlerinden resmi görnüşde teswir alyp bolmady. Häkimlige, polisiýa we hassahana edilen jaňlara jogap berilmedi.
'Diri galanlar bar'
Lukmanlaryň sözlerine görä, ýük ulagyndaky ýolagçylaryň arasynda diri galanlar bolupdyr.
"Yzky çeleginde oturan daýhanlaryň arasynda diri galanlar bar, emma olar häzirlikçe özlerine gelmän, agyr ýagdaýda" diýip, Kaka etrabynyň hassahanasynyň işgäri 21-nji iýunda aýtdy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda penşenbe güni bolan bu pajygaly ýol heläkçiligi barada döwlet mediasynda hem habar berilmedi. Türkmenistanda bolýan köçe-ýol hadysalary, şol sanda adam pidaly ýagdaýlar ne resmiler tarapyndan agzalýar, ne-de media serişdelerinde habar berilýär. Bu ýagdaý onlarça ýyl bäri dowam edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum